Türkmenistanda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” nyrhy ýene ýokarlandy we 16 manatdan aşdy. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçylarynyň sözlerine görä, 25-nji aprelde irden bir amerikan dollary elden 16.4 - 16.6 manatdan satylyp, 16.1 - 16.2 manatdan satyn alnypdyr.
Читайте также на русском
Türkmenistanyň Merkezi Banky tarapyndan kesgitlenen 3.5 manat derejesindäki resmi kurs bolsa ozalkylygyna galýar.
Munuň bilen bir wagtda şu günki gün azyk önümleriniň, şol sanda unuň we agyz suwuň bahasy ýokarlandy.
“Gazagystandan getirilýän unuň bahasy ýene ýokarlandy. Şu gün gazagystan ununyň bir kilogramy Aşgabadyň bazarlarynda 5.5 manada satylýar, ýaňy-ýakynda ony 5 manada alyp bolýardy. Munuň bilen bir wagtda-da, bu unuň satuwdaky bahasy martyň başynda kesgitlenen derejesinde, ýagny 4.5 manat diýlip görkezilýär, emma iş ýüzünde ol bahadan satyn alyp bolmaýar” diýip, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçysy aýdýar.
Onuň sözlerine görä, daşary ýurtlardan getirilýän harytlardan başga-da, ýurduň içinde öndürlen ýerli önümler, ilkinji nobatda-da agyz suwy gymmatlapdyr: “Arçalyk atly agyz suwy birnäçe günde esli gymmatlady. Ýarym litrlik çüýşäniň bahasy indi 1.5 manada satylýar. 0.3 litrlik gaba gaplanan “Haýýat” atly suw 1.5 manada çenli gymmatlady”.
Bahalaryň ýokarlanmagy paýtagtdaky dürli hyzmatlarda hem duýulýar. Dokumentleriň nusgasyny çap etdirmek boýunça hyzmatlaryň bahasy soňky hepdelerde iki esse ýokarlandy.
Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň resmi bolmadyk çalyşyk kursunyň ýokarlanmagy soňky aýlarda ýurtda dürli harytlaryň we hyzmatlaryň, şol sanda çörek we un ýaly esasy azyk önümleriniň esli ýokarlanmagyna sebäp boldy.
Ýatlatsak, amerikan dollarynyň gymmatlamagynyň ozalky “rekordy” fewral aýynda bolupdy. Şonda bir amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy 15 manada ýetip, döwlet derejesinde kesgitlenen resmi kursdan dört esseden gowrak artypdy.
Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň çürt-kesik gymmatlamagy geçen ýylyň dekabr aýynda başlandy. Täze ýylyň öňüsyrasynda walýuta söwdegärleri amerikan dollaryny elden 9.8 manata satyn alyp, 10.2-10.4 manada satypdylar.
Türkmenistanda nagt walýutanyň söwdasy bikanun hasaplanýar. Merkezi Bank nagt walýuta söwdasyna gadagançylygy 2016-njy ýylyň ýanwar aýynda girizipdi.
Bu ýagdaýda Türkmenistanda raýatlaryň walýutany çalyşmagy üçin göz öňünde tutulan ýeke-täk resmi mümkinçilik bank üsti bilen nagt bolmadyk konwertasiýa usuly bolup durýar. Oňa laýyklykda, Türkmenistanyň banklary raýatlaryň öz hasaplaryna türkmen manadynda ýatyran pullarynyň resmi taýdan kesgitlenen belli bir möçberini resmi kursdan daşary ýurt walýutalaryna öwrüp berýär, soň hasap eýeleri plastik kartlaryndaky bu puldan ýurduň daşynda nagt bolmadyk tölegler, şeýle-de bankomatlarda nagtlaşdyrmak üçin ulanyp bilýärler. Emma 2017-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň Daşary ykdysady banky öz müşderileriniň ýurduň daşynda daşary ýurt walýutasynda puly nagtlaşdyrmagyna birnäçe çäklendirmäni girizdi.
Türkmenistanda daşary ýurt walýutalarynyň resmi kursy soňky gezek 2015-nji ýylyň başynda üýtgedilipdi, bir amerikan dollarynyň 3.5 manat derejesinde kesgitlenen şol kursy üç ýyldan gowrak wagt bäri üýtgewsiz saklanyp gelýär.
Fewral aýynda Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky çeşmesi ýurduň maliýe häkimiýetleriniň milli puluň resmi kursuny ýokarlandyrmagyň we ony hakyky bazar kursuna has ýakynlatmagyň mümkinçiliklerini öwrenýändigini habar beripdi.