Türkmenistanyň dürli künjeklerindäki “gara bazarlarda” dollaryň bahasy ýene-de gymmatlady. Bu günki günde Aşgabadyň walýuta dellallary 1 dollary 14 manatdan satyn alyp 14 manat 40 teňňeden, ýa-da 14 manat 60 teňňeden satýarlar. Welaýatlarda 7-nji aprelde 1 dollar 15 manatdan satylyp, 15 manat 20 teňňeden satyn alyndy.
Читайте также на русском
Düýn 9-njy aprelde Azatlyk Radiosynyň habarçylarynyň ýurduň içinden maglumat bermeklerine görä, Türkmenistanda dollaryň manada bolan näresmi gatnaşygy ýene-de üýtgäp, onuň nyrhy galdy.
Paýtagt Aşgabatda we ýurduň welaýatlarynda peýda bolýan meýilleri ýakyndan yzarlaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew dollaryň “gara bazardaky” bahasynyň galandygyny tassyklady:
“Edil şu günki gün Türkmenistanyň dollar söwdalary edilýän gara bazarlarynda dollary 14 manatdan bazar dellallary satyn alýarlar, hem-de şol alan dollarlaryny gelýän müşderilere 14 manat 40 teňňeden, 14 manat 60 teňňeden satýarlar. Ýöne, şeýle-de bir ýagdaý bar, ýagny welaýatlarda bu görkeziji paýtagtdakydan birneme üýtgeşik. Welaýatlarda geçen bazar güni, ýagny düýn däl-de öňňin, dollaryň 15 manatdan satylandygyny we ony 15 manat 20 teňňeden satyn alan adamlaryň bolandygyny ýerli ýaşaýjylar [welaýatlaryň ýaşaýjylary] gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew habar berdi.
Türkmenistanda walýutanyň resmi bolmadyk nyrhy 2.5 ýyldanam gowrak wagt bäri yzygiderli gymmatlap gelýär.
Mundan ozal, fewral aýynyň ilkinji on günlüginiň aýagynda dollaryň bahasy 13 manada ýetipdi.
Synçy Bugaýew adamlaryň gyssaga düşen halatynda Aşgabatda dollary has gymmat bahadan, ýagny 15 manatdan satyn almaly bolýandygyny hem belledi.
Ol söhbetdeşligiň dowamynda ýurtda “para-peşgeşiň” geleşikleriniň-de dollardan edilýändigine ünsi çekdi.
“Ol bir gizlin zadam däl, [Türkmenistanda] para-peşgeş juda ösen. “Berim gökden ýol ýasar diýleni”. Islendik bir işi düzetjek bolsaň, para alýanlar, [ýagny} işi düzedýänler parany amerikan dollaryndan alýarlar. Düýn öňňin Aşgabadyň özünde-de şular ýaly gyssaga düşenleriň 1 dollary 15 manatdan satyn alan gezekleri boldy” diýip, Bugaýew aýtdy.
“Gara bazardaky” gymmatçylyga garamazdan, ýurduň merkezi banky dollaryň manada bolan resmi gatnaşygyny 3 manat 50 teňňede saklap gelýär. Ilat resmi kursdan tas 4.5 esse gymmat dollar bilen iş salyşýar.
Söhbetdeşligiň dowamynda gürrüňdeşimiz daşary ýurtlarda zähmet çekýän, ýa-da hemişelik ýaşaýan türkmenistanlylaryň yzda galan dogan-garyndaşlaryna pul goýbermekde dollaryň bahasy bilen bagly kynçylyklara duş gelýändigine-de degip geçdi:
“Iki ýyl bäri Türkmenistanda hereket edýän çökder bir ýagdaý bar, ýurduň daşyna işlemäge giden, ýa-da ýurduň daşynda hemişelik ýaşaýanlar özüniň bärde galan Türkmenistandaky ata-enesine, dogan-garyndaşyna, ýa-da mätäçlik çekýän dost-ýaryna amerikan dollaryny ugradan wagtynda Türkmenistanyň hiç bir ýerinde-de şol [alyja] amerikan dollary hökmünde berilenok, eýsem, merkezi bank tarapyndan kesgitlenen 3 manat 50 teňňeden türkmen manadynda berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.
Düýn 9-njy aprelde Hronika Türkmenistan neşiri hem dollaryň gymmatlamagy barada habar berdi. Onda 7-nji aprel güni Aşgabadyň “gara bazarlarynda” dollaryň bahasynyň 15 manat 60 teňňä çykyp, rekord derejä baryp ýetendigi mälim edilýär. Neşiriň maglumatynda dollaryň bahasynyň paýtagtda şondan soň ýene-de aşaklandygy agzalýar.
Türkmenistanyň syýasy durmuşyny ýakyndan yzarlaýan halkara synçylar ýurduň häzirki günde garaşsyzlygyny alany bäri iň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigini aýdýarlar.
Mart aýynyň başynda Azatlygyň türkmen hökümetine ýakyn ynamdar çeşmesi Türkmenistanyň Halkara walýuta fondundan kredit soraýandygyny habar beripdi.
Çeşmäniň sözlerine görä, Halkara pul gaznasy Türkmenistana kredit bermek üçin ýurta käbir reformalaryň durmuşa geçirilmegini soraýar. Çeşmäniň aýtmagyna görä, halkara maliýe edarasy beýleki çäreler bilen bir hatarda Türkmenistana dollaryň manada bolan gatnaşygyny resmi derejede täzeden kesgitlemegi we manadyň hümmetsizlendirilmegini şert goşýar.