Türkmenistanda şu aýyň başyndan ýaşy 65-e ýetmedik pensionerlerden, pensiýa haklaryny bank şahamçalaryndan däl-de, bankomatlardan nagtlaşdyrmagy talap edilip başlanmagy netijeside, ýaşuly nesliň her dürli kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolup başlandygyna üns çekilýär.
Özüni Oraz aga diýip tanyşdyran aşgabatly pensionerleriň biri kösençlikleriň degişli bank hasabyny açdyrmakdan we plastik kartyny almakdan başlanýandygyny gürrüň berdi.
Oraz aga ilki bankyň ýazga duran ýerindäki şahamçasyna baryp şertnama baglaşmalydygyny, soňy bilen bankyň baş edarasynda uly nobatlara durup, 22 manat möçberinde pul töläp, plastik kartyny almalydygyny gürrüň berdi.
“Munuň bilen hem iş tamamlanmaýar. Soňundan ýene bankyň ýerli şahamçasyna baryp, hasaba durmaly. Soňy bilen Sosial üpjünçilik edarasyna baryp, ol ýerde hem özüňi hasaba aldyrmlary. Garaz, azyndan bäş günüňi harçalamaly bolýarsyň” diýip, 62 ýaşly Oraz aga gürrüň berdi.
Oraz aga degişli edaralara barmak üçin, öz hasabyna taksi tutmaly bolandygyny, munuň hem özüne uly çykdaja düşendigini aýtdy.
“Çagalarymyň, agtyklarymyň barysy işli, okuwly. Awtobusda özüm aşaýyn diýsem hem, birinjiden-ä, hiç mydarym ýok, ikinjiden, ol ýerleri tapjagymam gümana. Şu karty elime alýançam, 50 manat töwereginde pul çykarmaly boldum. Bu-da pensiýa diýip berýan 210 manadynyň tas dörtden bir bölegi” diýip, Oraz aga zeýrendi.
Galyberse-de, bu täze düzgüniň girizilmeginiň sebäpleri barada, bank resmileri tarapyndan häzirlikçe anyk maglumat ýa-da düşündiriş berilmeýär.
Şol bir wagtda, Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan raýatlar, şol sanda pensionerler hem bankomatlarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyny belleýärler.
“Öň belli bir bank şahamçasyna baryp pensiýamyzy ýa-da kömek pulumyzy alýardyk. Indi bankomatlarda pul tapýançaň, etrabyň ýa-da şäheriň bir çetinden, beýleki çetine bir günüň dowamynda ençeme sagatlap ýa-da birnäçe günläp aýlanmaly bolarys. Bu mümkinçiligi çäkli ýa-da ýaşy bir çene baran adamlara artykmaç bökdençlik döredýär” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran 63 ýaşyndaky pensioner aýtdy.
Türkmenistanda aýlyk haklaryny, pensiýa we kömek pullaryny, talyp haklaryny plastik kartlar arkaly tölemek düzgüniniň girizilenine indi üç ýyldan gowrak wagt boldy.
Bu aralykda, türkmen mediasynda berilýän reportažlarynda “Hormatly ýaşulularymyz we kümüş saçly enelerimiz...” ýaly sözler getirilip, ýaşuly nesle “uly sylagyň” bardygy aýdylsa-da, iş ýüzünde olaryň duçar bolýan, şol sanda plastik kartlary bilen bagly meseleleri barada dymylýar.
Maglumat üçin aýdylsa, Türkmenistanda ortaça pensiýa hakynyň 650 manatdygy aýdylýar.