Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eneler: ‘çaga eklemek agyrlaşýar, posobiýäniň berekedi ýok’


Çagalaryny gezelenje çykaran bir ene. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.
Çagalaryny gezelenje çykaran bir ene. Arhiwden alnan illýustrasiýa suraty.

2018-nji ýylyň fewral aýyndan başlap, döwlet tarapyndan berilýän pensiýalary, posobiýeleri, maýyplyk kömek pullaryny bankomatlardan almaklyk ýola goýuldy.

Munuň üçin ýaşaýjylar plastik kartlary edinmeli boldular. Netijede, ozal ellerine gelýän nagt puluň belli bir bölegini bank hyzmatlary üçin ýitirmeli bolandyklaryny aýdýarlar.

Bankomat hyzmatlary üçin tutulyp galynýan 0,86 göterimden daşary, çaga posobiýelerini alýan eneleriň oba ýerlerinde ýaşaýanlary ol pul üçin, etrap merkezine gidip kösenýärler.

“Oba ýerlerinde bankomat hyzmatlary ýola goýlanok. Golaý boldum diýeniňde, etrap merkezine çenli 10-15 kilometrlik aralygy geçmeli bolýarys. Benziniň bahalarynyň ýokarlanmagy bilen awtoulaglaryň ýol kireýleri hem artdy. Biziň obamyzdan, etrap merkezine barjak bolsaň, taksi eýeleri bir ýüzüne her adamdan 3 manat soraýarlar. Etrap merkezine baranyňdan soňra bankomatlarda uly nobatlar bolup, nobata duranlaryň ýarsyna hem pul ýetmän galýar. Nobat bolmasa bankomatlarda asla pul bolmaýar. Ýaş çagaňy öýde goýup gaýdýarsyň. Uzakly gün bankomatyň nobatyna durmaga çagaly eneleriň ýagdaýy ýok. Çagaňdan ynjalman yzyňa dolanýarsyň. Yzyňa dolanmak üçinem taksilere ýene ýol haky tölemeli. Şeýlelikde, iki-üç gezek etrap merkezine gatnap, çaga posobiýäň belli bölegini, berilýän 177 manat puluň azyndan 18 manadyny ýolda ýitirýärsiň” diýip, Daşoguz welaýatynyň Gurbansoltan eje etrabynyň Garadaşly obasyndan, özüni Akpamyk diýip tanyşdyran zenan aýdýar.

Eneler çaga posobiýelerine daýanyp, çaga dogurmagy artdyran bolsalar-da, şu günki gün köp çaga dogranyna puşman edýänler köpelýär. Ýurtda azyk önümleriniň we senagat harytlarynyň bahalarynyň aşa ýokarlanmagy, azyk önümleriniň käbir görnüşleriniň gytalmagy ýa olara çäklendirmeleriň girizilmegi, çaga eklemegi agyrlaşdyrýar.

“Berilýän 177 manat posobiýä häzirki bahasyndan pampersleri ýa çaga iýmitlerini satyn alyp bolmaýar. Şol sebäpli köne-küşil egin-eşiklere geçmeli bolduk” diýip, bir ene aýdýar.

Çaga iýmitleriniň bahalarynyň hem aşa ýokarlanandygyny aýtmak gerek. Ozal 250 gram agramly 12 manada durýan ‘Nestle’ atlandyrylýan çaga iýmiti şu günki gün 25 manada durýar. Bir gabynda 70 sany pampers öň 94 manatdy, ol häzir 200 manatdan satylýar. Iýmit ýetmeýänligi sebäpli, süýdi az bolan eneleriň çagalary rahit ýaly kesele duçar bolýandyklaryny-da eşitmek mümkin.

“Şeýle kynçylykly döwürde barja berilýän posobiýäni bir ozalkymyz ýaly, kassalardan nagtyna berseler bolmaýarmy. Bankomatlaryň işini kanagatlanarly ýola goýman, eneleri birgiden çykdaýja goýup, çagalaryň agzyndaky rysgalyny kesýärler. Şeýle ýagdaýda döwletiň berýän posobiýesiniň berekedini görüp bilemizok” diýip, oba ýerlerinde ýaşaýan eneler zeýrenýärler.

XS
SM
MD
LG