Türkiýäniň köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde türkmenistanly migrantlaryň ýaragly toparynyň ele salynýandygy barasynda habar berilýär.
Stambulyň Maltepe etrabynda "Gijäniň bürgütleri" diýip atlandyrylýan polis müdirligine degişli gijeki sakçylary şübhelenip duruzmak islän 5 sany türkmenistanly migrantyny kowalap, ahyrynda ele saldy. Türkmenistanly migrantlaryň ýanyndan bir sapança, pompaly tüpeň, bir trawmatiki sapança, gara maska, ellik, pyçak we "skoç" tapyldy.
Metbugatda çykan habarlary tassyklan Stambuldaky polis çeşmesiniň Azatlyk Radiosyna anonim ýagdaýda beren maglumatyna görä, waka 10-njy aprelde, sagat 04:00 töwereginde, Stambulyň Maltepe etrabynyň Küçükýaly mähellesiniň Mekdep şaýolunyň ugrunda ýüze çykypdyr. Şonda gijeki sakçy polisler içinde 5 daşary ýurtly bolan bir awtoulagy saklamak isläpdir. Ýöne migrantlar polisleriň diýenini etmän gaçmaga başlapdyr. Polisler olary köp wagtlap kowalapdyr we ahyrynda olardan 4 sanysyny ele salypdyr. Bäşinji migrant bolsa gaçmagy dowam edipdir. Ahyrynda ol hem bukulyp oturan ýerinde, polis tarapyndan ele salnypdyr. Gijeki sakçy polisler türkmenistanlylaryň münen ulagyndan dürli bikanun ýaraglary tapypdyr.
Polis çeşmesi, saklanan ýaragly türkmenistanly migrantlardan iki sanysynyň wizasyz, bikanun ýagdaýda bolandygyny aýan etdi. Ýöne olaryň kimdigi barasynda, Azatlyk Radiosyna anyk maglumat bermekden saklanýandygyny bildirdi. Şol bir wagtyň özünde, saklanan ýaragly türkmen migrantlary barasynda giňişleýin derňew işiniň başladylandygyna hem üns çekdi.
"Milliýet" gazeti, polis tarapyndan ele salnan ýaragly türkmenistanly migrantlaryň Stambulyň Küçükýaly polis merkezine äkidilendigini ýazýar.
Türk telekanallarynda görkezilen wideo şekillerde ele salnan ýaragly türkmen migrantlarynyň dördüsiniň Küçükýaly polis merkezinden çykarylyp, polis ulagyna mündürilýändigi görkezilýär. Wideo şekilde žurnalistler ol saklanan türkmenistanly migrantlardan: "Bikanun tüpeňler we ýaraglar bilen näme etmek islediňiz?" diýip, soraýar. Ýöne dört türkmenistanly migrantyň hiç biri žurnalistleriň sowallaryna jogap bermeýär.
Azatlyk Radiosy türk telekanallarynda görkezilen wideo şekillerden ugur alyp, Stambulyň Küçükýaly polis merkezinden türkmenistanly migrantlardan näme üçin diňe dört sanysynyň metbugatda görkezilip, bäşinjisiniň görkezilmändigi barasynda maglumat almak isledi. Ýöne ähli synanyşyklara garamazdan, ele salnan ýaragly türkmen migrantlary barasynda, jikme-jik maglumat almak başartmady.
Howpsuzlyk sebäpli adynyň efirde tutulmazlygyny sorap, Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan, Türkiýede işläp ýören birnäçe türkmen zähmet migrantynyň aýtmagyna görä, Stambulda eýýäm ençe ýyldan bäri türkmen migrantlardan emele gelen birnäçe guramaçylykly jenaýat toparlary hereket edýärler. Bu emele gelen guramaçylykly jenaýat toparlary türkmenistanly migrantlaryň zähmet haklaryndan yzygiderli özleri üçin paç tölenmegini talap edýärler we köplenç türkmen migrantlarynyň pasportyny zor bilen alyp, soň onuň öwezine pul soraýarlar ýa-da özlerine ýaranlyk edýän käbir türkmen gelin-gyzlarynyň üsti bilen olary aldawa düşürýärler.
Ýatlap geçsek, türk metbugatynda mundan owal hem birnäçe gezek öz ildeşlerinden paç alýan, talaňçylyklardan daşaryn jana kast etmek we adam ýaralamak ýaly jenaýatlary edýän türkmenistanly ýaragly toparlaryň ele salnandygy habar berlipdi.
Geçen ýylyň iýul aýynda, Türkmenistandan Stambula işlemäge gelen 19 ýaşyndaky türkmen migranty Hakim Hamraýew bilen bir hususy türk uniwersitetinde okaýan 23 ýaşyndaky türkmen studenti Haşimjan Rustamow özlerine paç tölemändigi sebäpli Fatih etrabyndaky bir restoranda işleýän türkmenistanly zähmet migranty, 37 ýaşyndaky Merdan Turgaýewiň janyna kast edipdi.
Stambulda bardygy we henizem hereket edýändigi aýdylýan, şol sanda hem mediada ele salnandygy habar berilýän türkmen migrantlarynyň guramaçylykly jenaýat toparlary hakda, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda kelam agyz söz agzalmaýar. Şol bir wagtyň özünde, degişli türkmen resmilerinden munuň bilen baglanşykly nähilidir bir kommentariýa almak hem Azatlyk Radiosyna başartmaýar.