Türkmenistanyň paýtagty Aşgabadyň haklara aeroportyndan daşary ýurda barýan ýolagçylardan, ylaýta-da Stambula uçmakçy bolýanlaryň gaty köpüsiniň yzyna gaýtarylýandygy we mundan nägile ýolagçylaryň ol ýerde üýşmäge başlandygy habar berilýär.
Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir ýolagçy şeýle diýdi: “Aşgabat aeroportynyň Migrasiýa gullugynyň öňünde daşary ýurda goýberilmedik nägile adamlardan emele gelen üýşmekleri her gün diýen ýaly görse bolýar. Daşary ýurda goýberilmeýän ýolagçylaryň aglaba köpçüligi welaýatlardan baran raýatlar. Migrasiýa gullugy, ylaýta-da, Daşoguz hem Lebap welaýatlaryndan bolan, ilkinji gezek daşary ýurda gitmäge synanyşýan adamlary saklap, yzyna gaýtarýarlar. Aşgabat aeroportynda goýberilmeýän raýatlaryň sany kämahal gaty köpelýär. Olaryn esasy köpçüligi bolsa Türkiýä eklenç üçin zähmet migrantlygyna barýanlar. Ol adamlaryň gaty nägiledigini ýüzünden aňsa bolýar. Käbiriniň "Sabyr käsesiniň dolandygy" hem belli. Učar biletleri barasyndaky kynçylyklar bolsa bu problemanyň täsirini hasam artdyrýar. Adamlar gije-gündizläp aeroportdan gitmeýärler. Olary kowýarlar welin, ýene yzyna gaýdyp gelýärler”.
Ýokarda agzalýan ýagdaýyň dogrudygyny tassyklap, özüniň hem şolardan biridigini aýdyp, Türkmenistandan Azatlyk Radiosyna maglumat beren bir zenanyň sözüne görä, ol golaýda yzyna – Stambula dolanjak bolanda, Aşgabadyň aeroportynda migrasiýa gullugynyň işgärleri onyň daşary ýurda gitmegine rugsat bermändir.
"Näme üçin türkmen eginbaş geýmeýärsiň ýa göwnüň ýetenokmy? Türkden başga ýurt ýokmy, gidip işlär ýaly? Näme üçin Stambulda işleýäň? Türkleriň nämesi bizden artykmaç?" diýip, soraga çekdiler. Bizi şol ýerde 4 sagat sakladylar. Nähak soraga çekilenim üçin ýokaryk şikaýat etjegimi aýtsam, olar gaýtam meni "döwlet işgärlerine äsgermezçilikli sözler aýtmakda, olaryň sowallaryna jogap bermezlikde hem olaryň işlerine päsgel bermekde" aýyplap, ýörite protokol taýýarladylar. Ondan soň meni 200 manat jerimä çekdiler. Häzir hem telim gezek Stambula gaýtjak bolup synanşyk etsem, meni Aşgabat aeroportyndan goýbermeýärler "diýip, Stambulda zähmet rugsady bilen işläp ýören türkmen migrant zenany Azatlyk Radiosyna gürrüň berýär.
Ýagdaýyň şeýledigini tassyklap, Stambulda ýaşaýan Nargiza şeýle diýýär: „Birnäçe günlükde Stambula meniň myhmanlarym geldi. Olary hem birnäçe günläp Aşgabadyň aeroportynda goýbermän saklapdyrlar. Ahyrynda "migrasiýa gullugynda gowy tanşym bar" diýen birine 2500 dollary ýygnap berip, gelmegi başardylar. Olaryň aýtmagyna görä, soňky günlerde Aşgabatdan Stambula gatnaýan uçarlar boş diýen ýaly, gaty az adam bilen gatnaýar" diýip, Stambulda ýaşaýan türkmenistanly migrant Nargiza aýdýar.
Sözi jemlesek, ýokarda agzalýan ýagdaýlar barasynda, degişli türkmen resmilerinden nähilidir bir kommentaria almak Azatlyk Radiosyna başartmady.