Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Stambul: Türkmen zenanlaryny iş wadasy bilen aldap, ten söwdasyna mejbur edýän topar ele salyndy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkiýäniň "Milliýet" gazetiniň ýazmagyna görä, Türkmenistandan iş wadasy bilen getiren migrant zenanlarynyň we olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň ýörite katalogyny taýýarlap, olary ten söwdasyna mejbur edýän "Kedi Ismail" lakamly adamyň ýolbaşçylygyndaky guramaçylykly jenaýat toparyna garşy türk polisi Stambulda operasiýa gurnapdyr. Geçirilen operasiýada türkmen migrant zenanlarynyň kämillik ýaşyna ýetmedik gyzlary halas edilip, olary ten söwdasyna mejbur edendigi aýdylýan 2 adam hem ele salnyp, tussaghana iberilipdir.


Stambuldaky polis çeşmesiniň Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, Stambul polisiniň çagalar bölüminiň işgärlerine 27-nji fewralda Pendik diýen ýerdäki bir myhmanhanada kämillik ýaşyna ýetmedik türkmenistanly gyzlary "Kedi Ismail" lakamly Ismail I. atly adamyň zor bilen ten söwdasyna mejbur edýändigi barasynda, maglumat gelip gowşupdyr. Ondan soň polis ýagdaýy anyklamak üçin, giňgerimli aňtaw işini amala aşyrypdyr. Maglumatyň dogrudygy tassyklanandan soň, ol myhmanhanada operasiýa geçiren polisler, türkmenistanly iki sany migrant zenany halas edip, myhmanhananyň işgärini bolsa "Ten söwdasyna araçylyk" etmekden salapdyr. Ondan soň polisler ten söwdasyny gurnaýan iki adamy hem myhmanhananyň golaýynda awtoulagyň içinde garaşyp otyrka ele salypdyr.


Operasiýada halas edilen türkmenistanly migrant zenanlar polise "Bizi "Kedi Ismail" lakamly adam "fabrikde iş berjek" diýip, Stambula getirdi. Türkmenistandan iş wadasy bilen getirilen migrant zenanlaryny we olaryň kämillik ýaşyna ýetmedik gyz çagalaryny elinden pasportyny alyp, bergä batyryp, soň ten söwdasyna mejbur etdi" görnüşinde düşündiriş berip, beýleki türkmenistanly zenanlaryň nirede saklanýandygy barasynda jikme-jik maglumat beripdir. Polisler türkmen zenanlaryň beren maglumatyna salgylanyp, Stambulyň Pendik we Kartal diýen ýerlerindäki käbir öýlerde saklanýan türkmenistanly aýal-gyzlary halas etmek üçin hem gaýtadan operasiýa gurnapdyr.

Türkiýäniň "Haberler" neşiri bolsa, gözläp-agtaryş işiniň netijesinde "Kedi Ismail" lakamly adamyň guramaçylykly jenaýat toparyna agza N.Ç. we Türkmenistanyň raýaty bolan Ý.H.N. atly ýarany bilen myhmanhananyň N.K. atly işgäriniň saklanyp, resmi işleri tamamlanandan soň Stambulyň "Anadolu" respublikan sülçüligine tabşyrylandygyny bildirýär. Neşir myhmanhananyň işgäriniň gözegçilik astynda bolmagy şerti bilen goýberilendigini, ten söwdasyny gurnamakdan aýyplanýan toparyň agzalary bolan N.Ç. bilen Ý.H.N. aty türkmenistanly ýaranynyň bolsa, "Adam söwdasyny gurnamakdan" we "adamlary ten söwdasyna mejbur etmekden" aýyplanyp, tussaghana iberilendigini ýazýar.

Stambul polisi bolsa, metbugata beren beýannamasynda, türkmenistanly migrant zenanlary we olaryň çagalaryny iş wadasy bilen aldap, soň hem ten söwdasyna mejbur edýändigi aýdylýan guramaçylykly jenaýat toparynyň "Kedi Ismail" lakamly Ismail I. atly ýolbaşçysynyň ele salynmagy üçin, giňgerimli gözläp-agtaryş işiniň başladylandygyny habar berdi.

Sözi jemlesek, Türkmenistanyň döwlet gözegçiligindäki metbugatynda türkmen migrant zenanlarynyň başdan geçirýän şeýle ýagdaýlary barasynda, kelam agyz söz aýdylmaýar. Şol bir wagtyň özünde degişli türkmen resmilerinden hem bu ugurda nähilidir bir kommentariýa almak Azatlyk Radiosyna başartmaýar.

XS
SM
MD
LG