Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ýurtlara çykýanlar köpelýär; häkimiýetler olary saklajak, yzyna dolajak bolýar


Türkmenler gazanç gözleginde beýleki goňşy döwletlere, şol sanda Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana geçip başladylar.
Türkmenler gazanç gözleginde beýleki goňşy döwletlere, şol sanda Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana geçip başladylar.

Türkmenistanda işsizlik sebäpli has köp raýatlaryň gazanç üçin daşary ýurtlara gidip başlandygy, şeýle-de, türkmen häkimiýetleriniň zähmet migrantlaryny yzyna dolamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirendigi barada maglumatlar gelip gowuşýar.

Читайте также на русском

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan türkmenistanlylar soňky döwür ýurtda iş ştatlarynyň köpçülikleýin ýagdaýda kemeldilmegi netijesinde, eklenç gözleginde daşary ýurtlara girmek isleýän raýatlaryň has-da köpelendigini aýdýarlar.

“Golaýda dynç alyş posobiýalaryny hem tölemän, işden boşatdylar. Ýokary bilimlidigime, ençeme edaradyr firmalaryň gapysyny kakandygyma garamazdan, başga bir iş tapyp bilmedim. Harytlar gitdigiçe gymmatlaýar, durmuş kynlaşýar. Meniň özüm soňky pulumy jemläp, gazanç üçin daşary ýurda gitmeli boldum” diýip, atlandyrylmasyzlygyny soran türkmenistanlylaryň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, türkmen häkimiýetleriniň ýaşaýjylary türkmen zähmet migrantlarynyň esasy ýykgyn edýän ýurdy bolan Türkiýä hiç hili düşündiriş bermezden goýbermän başlamagy netijesinde, türkmenler gazanç gözleginde beýleki goňşy döwletlere, şol sanda Gazagystana, Özbegistana we Azerbaýjana geçip başladylar.

Ýatlatsak, ýakynda Azatlyk Radiosyna gowşan bir wideoda Türkiýä uçmaly onlarça türkmenistanlynyň ýurtdan goýberilmändigini, munuň hem gahar-gazap döredendigini synlasa bolýar.

Türkiýä goýberilmedik ýolagçylar gahar-gazaba mündi
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:29 0:00

“Kimi goňşy ýurtlara geçenden soň, Türkiýä aşýar, kimi bolsa, şol baran ýurtlarynda işlemäge galýar” diýip, häzir Gazagystanda zähmet çekýän türkmen migrantlarynyň biri aýdýar.

Bu aralykda, türkmen häkimiýetleriniň daşary ýurtdaky türkmenleri, diňe bir zähmet migrantlaryny däl, eýse talyplary hem yzyna – Türkmenistana mejbury ýagdaýda dolamak ugrundaky tagallalaryny güýçlendirendigine çalym edýär.

Azatlyk Radiosy ozal-da türkmen howpsuzlyk gulluklarynyň daşary ýurtlardaky türkmen zenanlarynyň maşgala agzalaryna basyş edip, olaryň ýurda dolanmaklaryny talap edýändikleri barada ençeme tapgyr maglumatlary beripdi. Resmi taýdan tassykladyp bolmasa-da, şonda bu çäreleriň türkmenistanly aýal-gyzlaryň daşary ýurtlarda ten söwdasy bilen meşgullanýandygy baradaky maglumatlar bilen baglydygy aýdylypdy.

Emma häzir daşary ýurtda bolýanlaryň, şol sanda talyplaryň hem garyndaşlary howpsuzlyk gulluklaryna çagyrylyp, basyş edilýändigi barada maglumatlar gowuşýar.

“Ýakynda ýerli polisiýa edarasyna çagyryp, Russiýada okaýan oglan jigimiň yzyna dolanmagyny talap etdiler. Ol, hamana, ‘Watanyň öňündäki borjuny berjaý’ etmelimiş. Garaz, eger-de yzyna dolanyp, gulluga gitmese, onuň dezertir (gaçgak – red.) hökmünde sud jogapkärçiligine çekiljekdigini” aýtdylar” diýip, maryly ýaşaýjylaryň biri gürrüň berdi.

Şol bir wagtda, eýýäm gulluk borjuny bitirip, daşary ýurda okamaga gitmekçi bolýan türkmenlerden hem “daşary ýurtda işlemäge däl-de, diňe okuwa gidýändigi” barada hem dil hatynyň alynýandygy aýdylýar.

“Dil hatyny ýazdyryp, okuw ýyly tamamlanan dessine, ýagny dokuz aýdan soň ýurda gelmelidigimi aýdýarlar. Bärde köp türkmenler her edip, hesip edip, yzyna dolanmajak bolýarlar. Käbirleri okaýandygy barada galp resminamalary hem oňardýarlar. Olaryň ýagdaýyna hem düşünmeli, yzyna dolanyny bilen-de ‘aljak galasy ýok’ olaryň” diýip, häzir Gazagystanda bilim alýan türkmen talyplarynyň biri aýdýar.

Bu aralykda, käbir döwlet işgärlerinden hem olaryň daşary ýurtlara gitmejekdikleri barada, dil hatlary alnyp başlandy. Bu ýagdaýlaryň fonunda, türkmen häkimiýetleriň raýatlaryň daşary ýurtlara gidip, ol ýerde galmaga mümkinçilik berýän biometriki pasportlarynyň möhletini hem bir ýyla çenli kemeltmek planlarynyň bardygy aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň özüniň Migrasiýa gullugyndaky çeşmesine salgylanyp, ozal-da habar berşi ýaly, bu daşary ýurtdaky türkmen migrantlarynyň sanyny kemeltmäge gönükdirilen bir ädimdir.

Belläp geçsek, Türkmenistanyň Migrasiýa gullugy ýokarda beýan edilenleriň hiç biri boýunça-da resmi ýagdaýda nähilidir bir kommentariýa bermekden ýüz öwürdi. Bu barada döwlet mediasynda hem dymylýar.

Galyberse-de, häkimiýetleriň türkmenleriň eklenç gözleginde daşary ýurda çykmagynyň esasy

sebäpleriniň biridigi aýdylýan – işsizligiň derejesi barada häzirki güne çenli dymyp gelýärler. Ýöne Azatlyk Radiosynyň türkmen hökümetindäki çeşmeleri geçen ýyl bu görkezijiniň 60% deňdigini mälim edipdiler. Bellemeli ýeri, bu maglumatdan bäri, ýurtda dowam edýän ykdysady krizisiň çäklerinde, dürli pudaklarda müňlerçe iş orunlary kemeldildi.

XS
SM
MD
LG