Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ministriň orunbasary Serdar Berdimuhamedow GDA-nyň ministrler derejesindäki mejlisine gatnaşdy


 Serdar Berdimuhamedow tatar resmileri bilen duşuşýar. Arhiw suraty
Serdar Berdimuhamedow tatar resmileri bilen duşuşýar. Arhiw suraty

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň golaýda, 25-nji martda geçirilen parlament saýlawlarynda deputat saýlanandan soň, 30-njy martda wezipä bellenilen täze orunbasary Serdar Berdimuhamedow 6-njy aprelde GDA ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň geňeşiniň Minsk şäherinde geçirilen mejlisine gatnaşdy.

Prezidentiň ogly mundan öň mart aýynda Astanada merkezi aziýa liderleriniň sammitiniň çäginde gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşypdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda çap edilen maglumata görä, Serdar Berdimuhamedow bu mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine ýolbaşçylyk etdi.

Duşuşygyň dowamynda Arkalaşygyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar diýip, türkmen DIM-i habar berýär.

Mejlise gatnaşyjylar GDA-nyň agza ýurtlarynyň we Arkalaşyga girmeýän gatnaşyjy-döwletleriň iri regional taslamalary durmuşa geçirmekleriniň möhümdigini bellediler diýip, habarda aýdylýar.

Türkmenistanyň delegasiýasy “çagalar, ýetginjekler we zenanlar guramalarynyň, bilim we ylym edaralarynyň, şeýle hem GDA-nyň ýyrtlarynyň sport birleşikleriniň ugurlary boýunça gatnaşyklary giňeltmek” meselelerini gozgady.

Serdar Berdimuhamedow, türkmen delegasiýasynyň ýolbaşçysy hökmünde, GDA-nyň çäklerinde daşary işler ministrlikleriniň arasyndaky köpugurly geňeşler boýunça 2017-nji ýylyň planlarynyň durmuşa geçirilişi baradaky karara, 2018-nji ýyl üçin plana, şeýle-de 2021-nji ýyly GDA ýurtlarynda binagärlik we şäher gurluşygy ýyly diýip yglan etmek baradaky karara gol çekdi.

Serdar Berdimuhamedowyň türkmen döwletiniň syýasy durmuşyndaky işjeňligi milli telewideniýäniň ekranynda birden kän görkezilip başlanmagy, prezident kakasy bilen “Miras” atly ata atlanyp at çapmagy, welosiped we maşyn sürmegi, sport çärelerine, desgalaryň ulanmaga berilmegine, Mejlisiň deputaty hökmünde daşary ýurt saparlaryna gitmegi bilen bir topar çaklamalaryň orta atylmagyna sebäp boldy.

Gurbanguly Berdimuhamedow Serdardan öň telewideniýede esasan agtygy Kerimguly bilen köp görnerdi. Bu ýagdaý onuň agtygyna “syýasy mirasdüşer” hökmünde garaýandygy baradaky çaklamalary döretdi.

Emma birden Kerimgulynyň ornuna Serdar geldi we prezidentiň oglunyň wezipe basgançaklaryndan gyssanmaç ýokary galdyrylmagy, döwlet sylaglaryna we atlaryna “mynasyp bolup başlamagy” prezident “syýasy mirasdüşer” hakyndaky pikirini üýtgedýär, “onuň saglyk ýagdaýy gowy däl öýdýän” diýen çaklamalary güýçlendirdi.

Her niçik-de bolsa, synçylaryň Serdar Berdimuhamedow, prezident işe ukypsyz bolan halatynda kanun esasynda döwlet ýolbaşçysy bolar ýaly, Mejlisiň spikeri Akja Nurberdiýewanyň ornuna türkmen parlamentiniň başlyklygyna bellener diýip eden çaklamalary boş çykdy. Muňa derek Serdar daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu karar hem öz gezeginde Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň uzak wagtlyk daşary işler ministri Reşid Meredowy çalşyrjak bolýan bolmasyn diýen çaklamalary döretdi.

Türkmenistanda şu ýylyň mart aýyndan öň Serdar Berdimuhamedowyň terjimehaly, iş tejribeleri hakynda türkmen metbugatynda hiç bir maglumat berilmändi. Emma ilkinji gezek deputatlyga kandidat bolan gezeginden tapawutlylykda, bu gezek, beýleki kandidatlar bilen bilelikde, prezidentiň oglunyň hem resmi terjimehaly çap edildi.

Terjimehal maglumatlaryndan görnüşine görä, S.Berdimuhamedow mundan öň hem bir topar jogapkär wezipelerde işläpdir we daşary ýurtlarda okap, hünär-taýýarlyk derejelerini ýokarlandyrypdyr.

Emma muňa garamazdan, türkmen hökümetiniň tankytçylary prezidentiň oglunyň hakykatda daşary işler ministriniň wezipesine taýýar däldigini öňe sürýärler.

Gepiň gerdişine aýdylsa, Türkmenistanyň garaşsyzlyk ýyllaryndaky daşary işler ministrleriniň ykbaly o diýen ýeňil bolmady, olaryň ilkinjisi Abdy Kulyýew işden aýrylandan soň türkmen hökümetine garşy oppozisiýa geçip, daşary ýurtda ýogaldy. Boris Şyhmyradow, Batyr Berdiýew ýaly öňki ministrler bolsa, hukuk goraýjy guramalaryň “türkmen türmesinde diri ýitenler” sanawyna girizildi.

XS
SM
MD
LG