Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar ýurduň Mejlisine deputatlary, halk maslahatlaryna we Geňeşlere agzalary saýlamak boýunça 25-nji martda geçirilen saýlawlara ses berijileriň 91 %-den gowragynyň gatnaşandygyny mälim etdi.
Читайте также на русском
Beýleki bir tarapdan, düýn Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky azyndan bäş saýlaw uçastogyna syn eden we biri-birinden garaşsyz çeşmeleri ses bermäge barýan adamlaryň sanynyň örän çäklidigini, ortaça her 10-15 minutdan bir adamy görse bolýandygyny aýdypdylar.
“Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlaryň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,69% ses berdi. Welaýat, etrap, şäher halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,75% ses berdi. Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary boýunça sagat 19-a çenli saýlawçylaryň 91,68% ses berdi” diýip, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topar öz websaýtynda çap eden maglumatynda belleýär.
Azatlygyň ýerli çeşmeleri paýtagtyň 47, 48, 55, 62, 51-nji mekdeplerindäki we käbir Saglyk öýlerindäki saýlaw uçastoklarynda geçen ýyllarda bolşy ýaly ses bermek üçin kadaly şertleriň döredilendigini, ýöne ses bermäge barýan adamlaryň tas ýok diýen ýaly derejede azdygyny belleýärler.
“Sagat 10:00-a çenli ses bermäge hiç kim gelmedi diýse-de boljak. Ondan soňra ýek-tük adam gelip başlady. Men özüm sagat 12:00 töweregi ses berdim. Şonda ses bermäge baryp, ýörite depderçä gol goýan adamlaryň sany hem örän azdy” diýip, Türkmenistanly graždan aktiwisti Natalýa Şabunts 25-nji martda gürrüň berdi.
Şeýle-de, Azatlygyň beýleki bir çeşmesi 26-njy martda, saýlawlar bilen baglylykda düýnüň dowamynda Aşgabatda internetiň kadaly işleýişine täsir edilendigini habar berdi.
Aşgabatda ýaşaýan synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew 47, 55, 62, 51-nji mekdeplerdäki we käbir Saglyk öýlerindäki saýlaw uçastoklarynda stolunda “Ýerli synçy” diýlip ýazgy ýazylan bir adamyň oturandygyny, ýöne halkara synçylarynyň göze ilmeýändigini aýtdy.
Belläp geçsek, Türkmenistanda geçirilýän saýlawlara syn etmek üçin Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň synçylarynyň wekilçilikli topary hem-de ÝHHG-niň demokratik institutlar we adam hukuklary baradaky edarasynyň bilermenleri Aşgabada bardylar.
Bu aralykda, “Türkmenistan Altyn Asyr” neşiri 25-nji martda türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Annanyýaz Artyk adyndaky 68-nji mekdepdäki saýlaw uçastogyna baryp ses berendigini habar berdi. Berdimuhamedow saýlaw uçastogynda ýygnanlara ýüzlenip, saýlawlaryň giň bäsdeşlik esasynda başlanandygyny aýtdy.
Bir orna iki hem-de üç dalaşgäriň görkezilmegi saýlawlaryň hakykatdanda giň bäsdeşlik esasynda geçýändigini äşgär edýär. Ýeri gelende bu gezekki saýlawlara üç syýasy partiýalaryň işjeň gatnaşandygyny bellemeli. Munuň özi ýurdumyzda demokratik ýörelgeleriň ösdürilýändigini, köp partiýalylyk gatnaşyklarynyň işjeňleşdirilýändigini alamatlandyrýar diýip, türkmen prezidenti belledi.
Ýöne, beýleki bir tarapdan Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan käbir halkara synçylar ýurtda ozal bar bolan Türkmenistanyň demokratiki partiýasyna goşmaça hökmünde 2012-nji ýylda Senagatçylaryň we telekeçileriň partiýasynyň hem-de 2014-nji ýylda Agrar partiýanyň döredilmegine ýurtda “köp partiýalylyk bar” diýen hyýaly keşbi gazanmak ugrunda edilen çäre hökmünde garaýarlar.
Prezidentiň oglunyň “ýeňiş” gazanjakdygy çaklanýar
Türkmenistanda 25-nji martda geçirilen saýlawlary ozalky saýlawlardan tapawutlandyrýan esasy waka bu saparky saýlawlarda ýurduň wezipe başyndaky prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýeke-täk ogly Serdar Berdimuhamedowyň deputatlyga dalaş etmegidir.
Halkara synçylar Serdaryň saýlawlarda “aňsat” ýeňiş gazanjakdygyny, munuň netijesinde onuň Mejlisiň başlygy wezipesine geçmegi ugrunda päsgelçilikleriň aradan aýryljakdygyny, şeýlelikde onuň Konstitusiýa laýyklykda ýurtdaky iň ýokary ikinji wezipä getiriljekdigini çaklaýarlar.
Türkmenistanda düýn geçirilen saýlawlar boýunça halkara metbugatynda peýda bolan habarlarda-da Serdar Berdimuhamedowyň ornuna üns çekilýär.
Galyberse-de, käbir synçylar bu saýlawlary “Türkmenistanda dinastiýa ugrundaky nobatdaky çärä” meňzedýär.
Ýanwar aýynda düýbi Waşingtonda ýerleşýän hökümete degişli bolmadyk Freedom House guramasy Türkmenistany syýasy we raýat azatlyklary boýunça “ýaramazyň ýaramazy 12 ýurduň” hatarynda agzady.
Şu wagta çenli günbataryň saýlawlara syn edýän toparlary Türkmenistanda geçirilen saýlawlaryň hiç haýsysyna “erkin geçirildi” diýip baha bermedi. Gurbanguly Berdimuhamedowyň özi fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda ses berijileriň 97 %-niň sesine “mynasyp bolup” üçünji möhlete prezidentlige saýlandy.
Bu saparky saýlawlarda dalaş edýän 36 ýaşly Serdar Berdimuhamedowyň resmi terjimehalynda giňişleýin maglumat bolmasa-da onuň Mejlise saýlanmagyndan ozal ýurduň nebit-gaz pudagynda we daşary işler ministrliginde işländigi agzalýar. Ýaş Berdimuhamedow martyň ortasynda Gazagystanyň Astana şäherinde geçirilen Merkezi Aziýanyň liderleriniň sammitiniň çäginde gazak prezidenti Nursoltan Nazarbaýew bilen duşuşypdy.
Ekspertler türkmen parlamentiniň häzirki başlygy 61 ýaşly Akja Nurberdiýewa wezipeden çekilen ýagdaýynda Serdar Berdimuhamedowyň bu wezipäni eýelejekdigini çaklaýarlar.
Resmi maglumata görä, şu ýyl saýlawlar boýunça saýlawçylaryň jemi 3,291,312-si hasaba alyndy.
Saýlawlarda ýurduň Mejlisiniň 125 ornuna 284 kandidat dalaş etdi.