Türkmenistanyň prezidentiniň ogly Serdar ýurduň daşary işler ministriniň orunbasary wezipesine bellenildi. Bu baradaky degişli karara Serdaryň prezident kakasy – Gurbanguly Berdimuhamedow gol goýdy.
Mundan öň, Serdar ýurduň Mejlisine geçirilen saýlawlarda nobatdaky gezek deputatlyga saýlanypdy.
Resmi maglumata görä, Serdar geçen ýekşenbe güni geçirilen saýlawlarda sesleriň 91.42% alypdyr. Ol 25-nji “Duşak” saýlaw okrugyndan dalaş edipdi. Onuň bilen birlikde, bu okrugdan Kaka etrabynyň 10-njy mekdebiniň mugallymy Oguljeren Gurdowa hem dalaş edipdi.
Serdar sesleriň 25 müň 700, ýagny 91,42%-ni, Gurdowa bolsa, 2 müň 412, ýagny 8,58%-ni alypdyrlar. Bu saýlaw okrugynda jemi 30 müň 316 adamyň ses bermäge hukugy bolupdyr.
1981-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Aşgabatda doglan, 37 ýaşly Serdar Berdimuhamedow 2016-njy ýyldan başlap, ýurduň syýasy durmuşynda has aktiw rol oýnap başlady. Ol şol ýylyň noýabrynda deputatlyga hem saýlanypdy.
Serdar daşary ýurtly, hususan-da, Russiýanyň ýokary derejeli resmileri bilen birnäçe gepleşikleri alyp bardy, möhüm regional sammitlere prezident kakasynyň deregine Türkmenistana wekilçilik etdi.
Geçen ýylyň aýagynda Serdar Berdimuhamedowa öz atasy “Mälikguly Berdimuhamedow” adyndaky medal gowşurylyp, oňa podpolkownik harby derejesi hem berildi. Bu medal ýurduň harby we kanun goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylaryna berilýär. Şeýle-de, Serdara mundan öň “Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi” diýen hormatly at hem dakylypdy.
Mundanam başga, soňky döwür Serdar Berdimuhamedow özüniň prezident kakasy bilen ýurduň mediasynda-da has köp peýda bolup başlady. Döwlet mediasy indi Serdary gönümel “döwlet baştutanymyzyň ogly”, “liderimiziň ogly” diýip tanyşdyrýar.
Türkmenistanyň syýasy durmuşyny yzarlaýan halkara eskpertleri Serdara ýurduň häzirki baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowyň häkimiýet ugrundaky mirasdüşeri hökmünde garalýandygyny belleýärler.