Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ýaşaýjylar gadymky zagara çöregine mejbur bolýarlar


Käbir hojalyklar jöwen unundan bişirlen zagara çöregini iýip, oňňut etmeli bolýarlar.
Käbir hojalyklar jöwen unundan bişirlen zagara çöregini iýip, oňňut etmeli bolýarlar.

Türkmenistanda ýarym ýyl bäri un gytçylygy sebäpli welaýatlarda ilatyň dürli kynçylyklara ýüzbe-ýüz bolýandygy aýdylýar.

Читайте также на русском

Daşoguz welaýatynyň bir ýaşaýjysynyň sözüne görä, käbir hojalyklar jöwen unundan bişirlen zagara çöregini iýip, oňňut etmeli bolupdyr.

“Ilatyň bagtyna jöwen hasyly oňat bolupdy, un tapmadyklar jöwen unundan çörek bişirip iýmeli boldular. Daşoguzy öňki ýyllardaky açlykdanam jöwen halas etdi. Tamdyrda bişirilýän gyzgynja jöwen çöregi birbada iýmez ýaly hem däl. Emma ol ertesi-birigüni kerpiç ýaly gatap, ony el bilen döwmek kyn bolýar. Şol sebäpli başga işini taşlap, aýallar gündeki iýjek jöwen çöregini tamdyrda gündelik bişirmäge mejbur boldular. Bu bolsa olary ekin ekmek, tikin tikmek ýaly başga zerur işlerinden goýdy” diýip, ol ýaşaýjy aýdýar.

Onuň sözüne görä, näme-de bolsa, soňky hepdäniň dowamynda, hojalyklara bir aý üçin 10 kilogramdan un berilmegi ýola goýlupdyr. Jöwen uny bilen bugdaýyň ununy garyp bişirseň, ol birneme iýmäge ýaramly. Ýogsam bolsa gatan zagara nan aşgazan üçinem, diş üçinem örän amatsyz. Ýöne ekiş döwrüniň gelmegi bilen jöweniň hem gytalyp ugrandygyny, ozal kilosy 2 manat bolan jöweniň häzir her kilosynyň 5 manada çykandygyny sözüne goşýar.

Un gytçylygy döwründe işsiz, hiç bir girdejisiz oturan hojalyklaryň jöwen ununy satyn almaga hem ýagdaýlarynyň bolmandygny üçin, ýakyn goňşusynyň 10 günläp tamdyr otlap bilmän, çöreksiz oturandyklaryny hem ýaşaýjy aýdyar.

“Her gün bişirýän jöwen çöregmizden aýalym bir çöregi goňşulara eltip berdi. Goňşyň aç otursa, şondan ýaman zat bolmajak ekeni. Özümiziň iýenimiz janymyza siňmedi. Adamyň başynda durjak zat ýok. Bulardanam geçer-dä diýip, barymyzdan goňşym bilen paýlaşdyk” diýip, gürrüň berýän ýaşaýjy öz goňşusy ýaly işsiz, hiç bir girdejisiz, hatda çörek puluny tapman oturan ýaşaýjylaryň welaýatda müňlerçedigini sözüne goşýar.

Mary welaýatynyň Murgap etrabynyň ýaşaýjysy Akmaral kä halatlarda unuň tapylýandygyny gürrüň berdi.

“Un gytçylygyndan kösenen murgaply zenanlar topar tutup, magistral ýoly bagladylar. Zenanlaryň sany aşa köp bolanlygy sebäpli, olary tutup, basyp ýa bir ýere gabap bilmediler. Häkimlikleriň özleri ýalbar-ýakar edip, un tapyljagyna söz berip, zenanlary ýoldan aýyrdylar. Şol günüň ertesem her hojalyga 10 kilogramdan un paýlap çykdylar. Ozal aýda 5 kilodan tapylman duran uny 10 kilodan hojalyklaryň üstüne ertip berdiler” diýip, ol aýdýar.

Mary we Daşoguz welaýatlarynda Gazagystanda öndürildi diýilýän, bir haltasy 50 kilogramlyk unuň 180-190 manatdan satylýandygyny, emma beýle bahadan satyn alyp iýmäge girdejisiz ýaşaýjylarda pul ýokdugny aýdýarlar.

Un gytçylygy döwründe 2010-njy ýylda öndürildi diýen ýazgyly haltalaryň hem dükanlara getirilendigini ýaşaýjy aýdýar. Heňlän, gurçuklan unlar halka berilýär. “Ol unlary soňra mal hem iýmedi. Bu ýagdaýlardan gözi gorkan halk şu ýyl melleklerine jöwen ekmegiň aladasynda” diýip, bir ýaşaýjy aýdýar.

XS
SM
MD
LG