Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Visa kompaniýasy Türkmenistanda kartlaryň togtadylandygyny ret edýär, emma Visa kartlar işlemeýär


Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän bank kartlary
Türkmenistanyň banklary tarapyndan berilýän bank kartlary

Visa kompaniýasy Azatlyk Radiosy bilen habarlaşyp, Türkmenistanyň banklary tarapyndan raýatlaryň Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň togtadylandygy baradaky maglumatlary ret etdi.

27-nji fewralda Azatlyk Radiosy bilen habarlaşan “Visa Global Holdings LLC” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş dolandyryjysy Galym Tabyldiýew “ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan Visa kartlarynyň maliýe operasiýalarynyň doňdurylandygy” baradaky maglumaty resmi taýdan ret edip, “hyzmatlaryň togtadylandygy baradaky islendik kontekstde Visa kartlaryny agzamazlygy soraýarys” diýdi.

“Visa Türkmenistanda tranzaksiýalary, ýagny bank amallaryny ýerine ýetirmegi we ähli partnýor banklaryny kadaly režimde hyzmatlar bilen üpjün etmegi dowam etdirýär. Biz Türkmenistanyň banklaryna hödürleýän hyzmatlarymyzy togtatmadyk we töleg ulgamynyň durnukly işlemegini üpjün etmek maksady bilen hyzmatdaş banklarymyz, söwda-hyzmat kärhanalary we beýlekiler bilen ysnyşykly işleşýäris” diýip, Tabyldiýew Azatlyk Radiosyna ugradan ýazmaça beýanatynda belledi.

27-nji fewralda “Visa Global Holdings LLC” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş dolandyryjysy Galym Tabyldiýew tarapyndan Azatlyk Radiosyna ugradylan beýanatyň nusgasy
27-nji fewralda “Visa Global Holdings LLC” kompaniýasynyň Merkezi Aziýa ýurtlary boýunça baş dolandyryjysy Galym Tabyldiýew tarapyndan Azatlyk Radiosyna ugradylan beýanatyň nusgasy

Şol bir wagtyň özünde, ol kartdan peýdalanmakda haýsydyr bir bökdençlikler ýüze çykanda, onda Visa bank kartyny ulanýanlara bank-emitente, ýagny pul birliklerini, gymmatbaha kagyzlary, şol sanda bank kartlaryny dolanşyga goýberýän banka ýüz tutmagy maslahat berdi.

Ýatladyp geçsek, 23-nji fewralda Azatlyk Radiosy Visa kompaniýasy däl-de, Türkmenistanyň banklary tarapyndan Visa bank kartlaryna pul salmak we bu serişdäni daşary ýurtlarda nagtlaşdyrmak ýa-da nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak düzgünleriniň ýanwar aýynyň ikinji ýarymyndan bäri togtadylandygyny habar beripdi.

Şonda adynyň efirde agzalmazlygy şerti bilen Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky habarçylary bilen söhbetdeş bolan Türkmenistanyň Senagat bankynyň we Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmileri Visa bank kartlarynda öňden bar bolan pul serişdeleriniň hem häzirlikçe doňdurylandygyny gürrüň beripdiler.

“Häzir daşary ýurtlarda ulanyp bolýan Visa bank kartlary doly doňduryldy. Bu bank kartlaryna pul geçirmek üçin gelýän raýatlaryň hem pul serişdeleri kabul edilmeýär. Bu çäklendirmäniň haçana çenli dowam etjekdigi barada bize-de hiç hili maglumat berilmeýär” diýip, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň jogapkär resmisi aýdypdy.

Galyberse-de, häzirki wagt Türkiýäniň Stambul şäherine sapar edýän türkmenistanlylaryň azyndan dört sanysy 27-nji fewralda özleriniň türkmen banklary tarapyndan berlen Visa kartlaryndan peýdalanmak islände, ondan ne nagt, ne-de nagt däl hasaplaşyklary amala aşyryp bilendiklerini, Azatlyk Radiosyna anonim şertde gürrüň berdiler.

23-nji fewralda bolsa, Gazagystanda okaýan türkmen studenti özüniň Visa kartynyň işlemeýändigini we bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky bilen habarlaşandygyny aýdyp, “jogapkär resmiler indi daşary ýurtlarda bu kartlary ulanmagyň düýbünden gadagan edilendigini aýtdylar” diýdi.

“Häzirki wagt Gazagystanda okaýan türkmenistanly studentleriň her biriniň Visa bank kartlarynda 400-den 1000 amerikan dollaryna çenli pul galdy. Bu puly ne nagt alyp bolýar, ne-de nagt däl hasaplaşyklar üçin ulanyp bolýar” diýip, anonim şertde söhbetdeş bolan türkmen studenti aýtdy.

Şeýle-de, fewral aýynyň ortalarynda Türkmenistanyň Merkezi bankynyň Lebap, Daşoguz we Mary welaýatlaryndaky bölümleriniň biri-birinden garasyz işgärleri Azatlyk Radiosyna anonim şertde maglumat berip, Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ýurduň daşynda Visa kartlaryndan peýdalanmagy ýatyrmaga taýýarlanýandygyny we bu barada ýörite ýygnaklaryň geçirilýändigini aýdypdylar.

Türkmenistanlylaryň VISA töleg kartlary bilen baglanyşykly kynçylyklary indi köp wagtdan bäri dowam etse-de, türkmen häkimiýetleri bu barada häzire çenli resmi düşündiriş bilen çykyş etmän gelýärler. Azatlyk Radiosynyň Türkmenistanyň Merkezi bankyndan resmi kommentariý almak synanyşyklary hem netije bermeýär.

Halkara töleg sistemasy VISA Türkmenistanda ilkinji operasiýalaryna 1994-nji ýylda başlapdy. Şol döwürde VISA kartlaryndan diňe daşary ýurtlular peýdalanyp bilýärdi. 1998-nji ýyldan başlap, Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky VISA kartlaryny öz ýerli müşderilerine hem berip başlady.

XS
SM
MD
LG