Lebap welaýatynda käbir azyk-harytlarynyň bahasy ortaça 40 % gymmatlady.
Azatlyk Radiosynyň welaýatdaky habarçysynyň aýtmagyna görä, adamlaryň gündelik durmuşda sarp edýän esasy azyk harytlarynyň bahalary sähel ýarymdan az esse ýokary galyp, hususan-da gök-bakja önümleriniň bahalary halka öňküsinden has elýetersiz hala geldi.
“Kartoşkanyň ozalky 2 manat 50 teňňelik bahasy, soň 3 manada ýetip, häzirki wagtda onuň 3 manat 50 teňňä galandygy habar berilýär. Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň aýtmagyna görä, 1 kilogramynyň bahasy ozal hiç haçan 5 manada ýetmedik soganyň kilosy häzirki wagtda 5 manady aşdy. 3 manatlyk almalaryň bahasy yzygiderli galyp, häzir 1 kilogram alma 5 manada çykdy” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde atlandyrylmasyzlygyny soran habarçymyz belledi.
Ýurtda azyk önümleriniň bahasyna we nyrhlaryň üýtgemeginiň dinamikasyna degişli statistiki görkezijiler däl.
Şeýle-de, Azatlygyň Lebap welaýatyndaky habarçysy çöregiň bahasynyň 50 % galandygyny habar berýär.
Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3 manat 50 teňňe, ýöne soňky wagtlarda “gara bazarda” walýutanyň bahasy gitdigiçe ýokarlandy, şeýle-de şu ýylyň 1-nji fewralyndan başlap benziniň nyrhy 50 % galdy. Munuň netijesinde, adamlaryň gündelik durmuşda sarp edýän zerur harytlarynyň bahalary yzygiderli ýokarlanmak bilen bolýar.
Şol bir wagtyň özünde, Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylarynyň 21-nji fewralda beren maglumatynda paýtagtyň bazarlarynda we söwda nokatlarynda senagat we käbir beýleki azyk harytlaryň nyrhlarynyň soňky 10 günüň dowamynda takmynan 80 % gymmatlandygy aýdylýar.
Paýtagtdaky baha artyşlarynyň esasan daşary ýurtlardan satyn alynýan önümlerde bolup geçendigini, has takygy, hojalykda arassaçylyk üçin ulanylýan himiki serişdeleriň, gap-gaç ýuwujy serişdeleriň, şampunlaryň, sabynlaryň we diş pastalarynyň bahalarynyň soňky 10 günde gymmatlandygyny Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylary we çeşmeleri tassyklaýar.
Aýratyn-da, import harytlarynda göze ilýän paýtagtdaky soňky gymmatçylygyň, ýerli firmalaryň öndürýän käbir harytlaryna-da degişlidigini Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary gürrüň berýärler. Meselem, “Selim”, “Tomus”, “Saglyk” ýaly hususy firmalaryň berhiz saklaýanlara niýetläp öndürýän çowdary unundan bişirilýän gara çöregiň bahasynyň 3 manat 50 teňňeden 4,5 manada galandygy habar berilýär.
Aşgabatly söwdagärleriň gymmatlamanyň sebäplerini “gara bazardaky” walýutanyň nyrhy, benziniň bahasy, ýokary galan kireý tölegleri we konwertasiýa çäklendirmeleri bilen düşündirýändigini paýtagtyň habarçylary gürrüň berýärler.
Ýöne, Türkmenistanyň döwlet eýeçiligindäki media serişdelerinde ne gymmatçylyk, ne-de onuň mümkin bolan sebäpleri barada pikir alşylýar. Muňa derek, ýurduň telewizion kanallarynda “bedew bady bilen gazanylýan sepgitler” diýilýän çykyşlar yzygiderli halka ýetirilip, olarda “bagtyýarlyk zamanasyndaky bolelinçilik” tekrarlanýar we tekjeleri gök-bakja önümlerinden hem-de beýleki azyk harytlaryndan doldurylan wideo şekiller ýygy-ýygydan görkezilýär.