Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklary togtatdy


Illýustrasiýa suraty
Illýustrasiýa suraty

Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş banky (TDDYIB) müşderileriň dürli halkara hyzmatlary arkaly nagt däl hasaplaşyklary amala aşyrmak mükinçiligini togtatdy diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri habar berýär.

20-nji fewralda bu neşir öz ýurt içindäki çeşmelerine salgylanyp, bularyň hataryna Apple, PayPal, Kiwi, Webmoney we Yandex-money ýaly nagt däl töleg hyzmatlarynyň girýändigini aýtdy.

“Bank kartlarynda ýeterlik mukdarda pul serişdesiniň bardygyna garamazdan, müşderiler Apple kompaniýasynyň (iTunes, App Store, iBooks, iMovie) hymatlary arkaly satyn almak ýa-da tölegleri giňeltmek synanyşyklarynyň ret edilýändigini aýdýarlar. Olar mundan öň ähli hyzmatlaryň bökdençsiz işländigini hem belleýärler” diýip, neşir bu çäklendirmäniň fewralyň başyndan bäri dowam edýändigini we bu barada türkmen banklarynda aýdyň bir zadyň aýdylmaýandygyny ýazýar.

Bu maglumaty Azatlyk Radiosynyň Aşgabatdaky habarçylary hem tassykladylar. Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň resmileri “häzirki wagt refromalaryň geçirilýändigini” aýdyp, munuň wagtlaýyn çäredigini we nagt däl töleg hyzmatlarynyň gysga wagtda gaýtadan ýola goýuljakdygyny aýdýarlar.

“[Bank resmileri] geçen ýyl Türkmenistanda dünýä banklarynyň köpüsi bilen gepleşikleri geçirdik. 2018-2024-nji ýyllar aralygynda Türkmenistanyň bank sistemasynda uly reformalar geçiriljek. Bu ýagdaýlaram wagtlaýyn çäre, çalt düzeler diýip, seresap jogap berýärler. Şeýle-de, men hasaplaşyklaryň bolýandygyny ýa-da bolmaýandygy barada şol kartlary ulanýan tanyşlarymyň iki sanysyna jaň etdim. Olaram şol hereketiň häzirlikçe togtadylandygyny, daşary ýurtlara nagt däl tölegi töläp bolmaýandygyny aýtdylar” diýip, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Bugaýew ýurtda amala aşyryljak nagt däl hasaplaşyklar üçin bank kartlaryny açyp bolýandygy barada ýurduň gazet-žurnallarynda ýa-da söwda merkezlerinde, bank şahamçalarynda yzygiderli bildirişleriň ýerleşdirilýändigini hem sözüniň üstüne goşdy.

Aýdylmagyna görä, bu çäklendirme bilen bir wagtda, adamlar “elektron gapçyklara” ýa-da “web gapçyklara” pul geçirmekde hem kynçylyklary başdan geçirýärler. Sebäbi ýurtda “Western Union” kompaniýasy arkaly halkara pul ugratmak hyzmatlarynyň çäklendirilmegi bilen, türkmenistanlylar daşary ýurtlarda okaýan çagalaryna pul geçirmek üçin “Webmoney” hyzmatlaryndan peýdalanyp başlapdylar.

“Meselem, Türkmenistanyň daşynda okaýan studentleriň ene-atalary çagalaryny pul bilen üpjün etmek üçin türkmen bank kartlary arkaly ‘web gapçyklara’ pul geçirýärdiler. Indi bu hyzmatlar hem elýeterli däl” diýip, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýazýar.

2016-njy ýylyň ýanwar aýynda türkmen banklary dollaryň nagt görnüşindäki resmi söwdasyny doly ýatyrdy. Munuň yz ýany, bankdan konwertasiýa edip bolýan ýa-da öz bank hasabyňa salyp we ondan alyp bolýan daşary ýurt walýutasynyň mukdary hem çäklendirilipdi.

Mundanam başga, raýatlaryň daşary ýurtlardaky çagalaryna ýa-da hossarlaryna “Western Union” we “MoneyGram” arkaly ugradyp bilýän pulunyň möçberine hem çäklendirme girizilip, bu 500 amerikan dollary diýlip kesgitlendi.

Şeýle-de, 2017-nji ýylyň dekabr aýynda türkmen banklaryna degişli VISA kartlaryndan günde daşary ýurt walýutasynda nagtlaşdyryp bolýan puluň möçberi 50 amerikan dollaryna, nagt bolmadyk tölegleriň möçberi 100 amerikan dollaryna çenli çäklendirildi.

Emma soňky birnäçe hepdäniň dowamynda daşary ýurtlardaky türkmenistanlylaryň bu kartlardan peýdalanmak mümkinçilikleriniň hem çäklendirilendigi we munuň netijesinde studentleriň käbiriniň çörek almaga-da pulunyň ýokdugy barada Azatlyk Radiosyna yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bank we dollar çäklendirmeleri, şeýle-de munuň raýatlara ýetirýän täsirleri barada häzire çenli ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat bermän gelýärler.

XS
SM
MD
LG