Kiýewiň A.A.Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersiteti türkmenistanly student Mukaddas Nasyrlaýewany öz janyna kast etmek ýagdaýyna ýetirmekde güman edilýän dekanyň orunbasary Tatýana Timohinany işden çetleşdirdi.
19-njy fewralda ýokary okuw jýynyň websaýtynda çap bolan maglumatda daşary ýurtly studentler bilen işleşmek boýunça dekanyň orunbasarynyň wezipesinden çekilmek hakynda özüniň arza tabşyrandygyny aýdylýar.
“A.A.Bogomoles adyndaky MMU-nyň ýolbaşçylygy daşary ýurtly studentler bilen işleşmek boýunça dekanyň orunbasaryny MMU-nyň ýitirim bolan studenti bilen bagly ýagdaýyň derňelýän wagtynda wezipesinden çetleşdirdi. Dekanyň orunbasary T.A. Timohinanyň arzasy kanagatlandyryldy. Kiýew şäheriniň Milli polisiýasynyň baş uprawleniýesiniň Solomenskiý uprawleniýesiniň Mukaddas Nasyrlaýewanyň ýitirim bolmagyna degişli ýagdaýlaryň derňewini geçirmegi bilen baglylykda 314 nomerli degişli karara gol çekildi” diýlip, beýanatda aýdylýar.
Munuň öňüsyrasynda, Kiýewiň prokuraturasy Bogomoles adyndaky milli medisina uniwersitetiniň türkmenistanly özbek studenti 19 ýaşly Mukaddas Nasyrlaýewany öz janyna kast etmäge itermek boýunça iş açdy.
Deslapky maglumatlara görä, Nasyrlaýewa okaýan ýokary okuw jaýynda oňa Ukrainada ýaşamaga ygtyýar berýän rugsatnama üçin zerur dokumenti bermekden ýüz öwürenlerinden soň Kiýewde köprüden özüni derýa zyňypdyr.
Türkmenleriň Ukrainadaky diasporasynyň ýolbaşçysy aklawçy Rowşanbek Rozmetowyň sözlerine görä, dekanat Mukaddasyň Ukrainada ýaşamagyna wagtlaýyn rugsatnama üçin zerur dokumentlerini migrasion gullugyna wagtynda tabşyrmandyr. Ukrainanyň habar beriş serişdelerinde bu ýagdaýa dekanyň orunbasary Timohinanyň jogapkärdigi aýyldy.
Mukaddas Nasyrlaýewa 30-njy ýanwarda Kiýewde ýtirim bolupdy.
Prokuratura gyzyň 30-njy ýanwarda Kiýewde Paton köprüsinden derýä böküp öz janyna kast edendigini tassyklady.
Student gyzyň tanyşlary onuň ýokary okuw jaýyna 2017-nji ýylda girendigini we bu okuwa 7-nji klassdan başlap taýýarlyk görüp, diş doktor bolmagy arzuw edendigini gürrüň berdiler, olar Mukaddasy “akylly, belli maksat ugrunda çalyşýan we şähtiaçyk” adam diýip häsiýetlendirdiler. Mukaddas Nasyrlaýewa iňlis gruppada okap, starosta bolupdy.