Ukrainanyň paýtagty Kiýewde ýitirim bolan türkmenistanly student Mukaddes Nasyrlaýewany gözlemek işleri dowam edýär. Türkmenistanyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy Nasyrlaýewa mundan iki hepde gowrak wagt öň ýitirim boldy.
Ukrain polisiýasynyň resmi websaýtynda berlen maglumata görä, 18 ýaşyndaky student iň soňky gezek 30-njy ýanwarda sagat 17:07-da “Politehniçeskiý institut” atly metro stansiýasynyň duralgasynyň çäginde görlüpdir.
“Derňewçiler Ukrainanyň Jenaýat kodeksiniň 115-nji, ýagny “Bilkastlaýyn adam öldürmek” maddasyna laýyklykda derňew işini gozgadylar. Studentiň ýerleşýän ýerini anyklamak üçin operatiw-gözleg işleri alnyp barylýar. Polisiýa gyzyň dogan-garyndaşlaryny, tanyş-bilişlerini soraga çekip, ‘Politehniçeskiý institut’ metro stansiýasynda ýazgy edilen wideo maglumatlary ýygnady” diýlip, 13-nji fewralda ukrain polisiýasy habar berdi.
Şeýle-de, maglumatda Nasyrlaýewanyň ýitirim bolandygy barada onuň gyz doganynyň Kiýew polisiýasynyň Solomensk müdirligine habar berendigi aýdylýar. Şol güni türkmenistanly student uniwersitete diýip öýden çykýar, ýöne giçlik öýüne barmaýar we şondan bäri telefon jaňlaryna hem jogap bermeýär.
16-njy ýanwarda Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasy bilen habarlaşyp, ilçihananyň türkmen studentini gözlemek işlerinde ukrain häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýändigini ýa-da etmeýändigini sorady.
Türkmenistanyň Kiýewdäki ilçihanasynyň konsuly Rejebow bu mesele boýunça özleriniň ukrain häkimiýetleri bilen hyzmatdaşlyk edýändiklerini aýtsa-da, bu barada jikme-jik maglumat bermekden saklandy.
“Elbetde, hyzmatdaşlyk edýäris. Gynansak-da, gizlin derňew işi bolany üçin men bu barada size hiç hili maglumat berip bilmeýärin. Sebäbi olar bize-de ähli zady aýtmaýarlar” diýip, Rejebow aýtdy.
1999-njy ýylyň 20-nji martynda doglan we 170 santimetr boýlaryndaky Mukaddes Nasyrlaýewanyň ýitirim bolandygy baradaky maglumatlar ukrain habar serişdelerinde, “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşirinde we Instagram sosial ulgamyndaky birnäçe, şol sanda “VIP_Ashgabat” ýaly türkmen sahypalarynda hem peýda boldy.
“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň redaktory Ruslan Mätiýewiň 16-njy fewralda Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, türkmen studentiniň ýitirim bolmagynyň yz ýany, onuň Türkmenistandaky hossarlary, şol sanda kakasy Kiýewe barypdyr. Ýöne neşiriň olar bilen habarlaşmak synanyşyklary häzirlikçe başa barmandyr.
“Meniň bilşime görä, Mukaddesiň hossarlary hem gözleg işlerine gatnaşyp, ýitirim bolan çagany tapjak bolýarlar. Mukaddesiň hossarlary bilen gürleşmäge synanyşdym, emma olar meniň bilen gepleşmekden ýüz öwürdiler” diýip, Ruslan Mätiýew aýtdy.
“Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiriniň maglumatyna görä, Ukrainanyň Bogomolsa adyndaky döwlet uniwersitetiniň medisina fakultetinde okaýan Nasyrlaýewany gözlemek işleri dostlary we käbir türkmenistanlylar tarapyndan hem amala aşyrylýar. Olar şäherde bildirişleri asyp, sosial ulgamlarda maglumatlary ýaýradýarlar.
Sözümiziň ahyrynda bellesek, Kiýewde okaýan türkmenistanly student Mukaddes Nasyrlaýewanyň ýitirim bolandygy barada häzirlikçe Türkmenistanyň media serişdelerinde haýsydyr bir maglumat göze ilmeýär.