Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda dollar üýtgäp durýan kurs boýunça satyn alynýar, emma satylmaýar


Türkmenistanyň milli puly türkmen manady
Türkmenistanyň milli puly türkmen manady

Türkmenistanda amerikan dollary şu günki gün esasan satyn alynýar we köplenç satylmaýar. Azatlygyň Aşgabatdaky habarçylarynyň maglumatyna görä, 15-nji fewralda irden bir amerikan dollary “gara bazarda” 13 manat 20 teňňeden satyn alnypdyr.

“Dollar ýurt boýunça 13 manat 20 teňňeden satyn alynýar edil şu gün, satyn aljak adamlara-da berenoklar, sebäbi dollaryň gymmatlaryna garaşýarlar” diýip, aşgabatly habarçymyz habar berdi.

Günüň dowamynda amerikan dollarynyň "gara bazardaky" nyrhynyň aşaklap, 11 we 11.2 manat aralygyna düşendigini Azatlygyň ýene bir çeşmesi habar berdi.

Şol bir wagtda-da ýurduň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň Özbegistan bilen serhetleşýän käbir etrabynda 15-nji fewralda irden bir amerikan dollarynyň has pes bahadan satylandygyny Azatlygyň daşoguzly çeşmesi habar berdi. Onuň maglumatyna görä, penşenbe güni Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynda bir amerikan dollary 6 türkmen manadyna satylypdyr. Bu regionda hem günüň dowamynda daşary ýurt walýutasy satylmandyr.

Şol bir wagtda-da, Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň resmi derejede kesgitlenen kursy bir amerikan dollary 3.5 manat derejesinde durnukly görnüşde saklanýar.

Mundan bir gün ozal, 14-nji fewralda Daşoguzda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň käbir ýerlerde irden 6 manat derejesinde pese düşüp, onuň bahasynyň günüň dowamynda birnäçe gezek üýtgäp, günüň aýagynda 10 manada ýetendigi habar berilipdi.

Geçen hepdäniň aýagynda Türkmenistanda bir amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasy rekord derejesinde galyp, 15 manada ýetipdi.

Türkmenistanda nagt walýuta söwdasy bikanun hasaplanýar. Merkezi bank walýutanyň nagt görnüşli resmi çalyşygyny 2016-njy ýylda ýatyrdy.

Käbir garaşsyz habar çeşmeleri Türkmenistanda amerikan dollarynyň el söwdasynda hümmetiniň aşaklamagy bilen bir wagtda polisiýanyň walýuta söwdasyny edýän raýatlary tutmak boýunça çäre geçirendigini habar berdiler. “Türkmenistanyň hronikasy” neşri 14-nji fewralda Daşogzuň polisiýasynyň şäheriň merkezi “Baý bazarynda” walýuta söwdegärlerini tutmak boýunça reýd geçirendigini we onuň netijesinde azyndan 6 adamyň tutulandygyny habar berdi. Maglumatda söwdagärleriň başga bazarlara geçendigi ýa-da özleriniň ygtybarly adamlary bilen işleşýändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň habarçysynyň sözlerine görä, Aşgabatda näresmi walýuta söwdasyny edýän söwdagärler amerikan dollaryny esasan öýlerinde ýa-da belli bir dükanlarda alyp-satýarlar.

Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň maliýe häkimiýetleriniň 2015-nji ýyldan bäri üýtgewsiz saklanýan daşary ýurt walýutasynyň resmi kursuny üýtgetmek mümkinçiligine seredýändigi mälim boldy. 13-nji fewralda Türkmenistanyň Merkezi Bankyndaky ygtybarly çeşmäniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, ýurduň maliýe häkimiýetleri daşary ýurt walýutasynyň resmi kursuny galdyrmagyň we ony hakyky bazar kursuna ýakynlaşdyrmagyň mümkinçiligine seredýärler.

Türkmenistanda daşary ýurt walýutasynyň elden satyn alynýan bahasynyň soňky günlerde türkmen manadyna görä gysga wagtlyk arzanlamagynyň we satuwdan aýrylmagynyň häkimiýetleriň resmi kursy üýtgetjekdigi baradaky planlaryna bagly bolup-bolmazlygy hem entek belli däl.

Soňky aýlarda amerikan dollarynyň “gara bazardaky” bahasynyň çürt-kesik ýokarlanmagy bilen bilelikde ýurtda iň zerur harytlaryň ençemesi esli gymmatlady.

Türkmenistanyň habar beriş serişdeleri dollaryň resmi we resmi bolmadyk çalyşyk kursuna degişli soňky ýagdaýlar barada habar bermeýär. Bu meseläni ýurduň ýolbaşçylary hem agzamaýarlar.

XS
SM
MD
LG