Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Dollaryň 'gara bazar' bahasy 15 manada ýetdi, hökümet 'ýumurtga bolçulygyny' wada berýär


 Lebap welaýaty, dollar nobaty. Arhiw suraty
Lebap welaýaty, dollar nobaty. Arhiw suraty

Şu gün Türkmenabatda dollaryň “gara bazardaky” nyrhy 15 manada ýetdi we şunuň bilen baglylykda ilatyň gündelik zerur harytlaryň ählisiniň diýen ýaly bahasy gymmatlady diýip, Azatlygyň ýerli çeşmesi habar berýär.

Azatlygyň habarçylary iki gün ozal “gara bazarda” satylýan dollaryň bahasynyň Aşgabatda we welaýatlarda häli-şindi üýtgäp, käbir regionlarda 13 manatdan hem aşandygyny habar berdi.

Aýdylmagyna görä, 7-nji fewralda Aşgabadyň “gara bazaryndaky” walýutaçylar 1 amerikan dollaryny ortaça 12 manat 60 teňňeden satyn alyp, 13 manat 20 teňňeden satdylar. Emma bir gün soň, 8-nji fewralda dollaryň türkmen manadynyň garşysyndaky hümmeti biraz peselip, 1 amerikan dollary 12,20 – 12,40 manatdan satyn alyndy we 12,60 – 12,80 manatdan hem satyldy.

Şu aralykda ýerli çeşmeler walýutaçylary dollary näçe bolsa satyn alyp, yzyna satmajak bolýandyklaryny, sebäbi dollary “gara nbazardaky” bahasynyň ýene we ýene gymmatlamagyna garaşylýandygyny habar berýärler.

Azatlygyň Balkandaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, bu welaýatda hem dollaryň “gara bazardaky” nyrhy gün-günden ýokarlanýar. 8-nji fewralda Balkanabat şäherinde dollar söwdagärleri 1 amerikan dollaryny 12 manat 60 teňňeden satyn alyp, 13 manat 10 teňňeden satdylar.

Türkmenistanda dollaryň resmi kursy 3,5 manat möçberinde saklanýar, emma walýutanyň “gara bazardaky” nyrhynyň barha ýokary galmagy ýurtduň bazarlaryndaky azyk we senagat harytlarynyň bahalarynyň yzygiderli gymmatlamagyna sebäp bolýar.

“Orsýetden ýa-da Gazagystandan getirilýän süýt-gatyk önümlerinden “Bio” ýogurdyň bahasy öň 14 manatdy, häzir şolar 24 manada çenli gymmatlady. Et önümleri hem gymmatlady we azalýar.

Elbetde, bazar administrasiýasynyň talaby esasynda, diýlen bahany ýazyp goýýarlar. Ýöne 18 manatdan etiň satylýan ýeri ýok, etleriň bahasy 23 manada ýetdi” diýip, aşgabatly ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bu ýagdaýy tassyk edýär.

Şol bir wagtda ýurduň çar künjeginden 2018-nji ýyla geçileli bäri bazarlardaky söwdanyň peselendigi, satyjynyň alyjydan kändigi, ikinji tarapdan un, ýag ýaly önümleriň gytçylygynyň duýulýandygy habar berilýär.

Azatlygyň Daşoguzdaky çeşmesi dowla düşen adamlaryň döwlet dükanlarynyň käbiriniň öňünde uly nobatlary emele getirip, un satyn almaga synanyşýandygyny gürrüň berdi.

Türkmenistanyň Ministrler kabinetiniň 9-njy fewralda geçirilen mejlisinde ýurduň bazarlaryndaky nyrhlar, dollaryň “gara bazardaky” bahasy we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan kynçylyklary barada mesele gozgalmady. Muňa derek, TDH-nyň maglumatyna görä, wise-premýer Orazmyrat Gurbannazarow hasabat bilen çykyş edip, söwda ulgamynda azyk üpjünçiligini ýokarlandyrmak barada edilýän işleri gürrüň berdi.

Bu işler, resmi habarda tassyklanmagyna görä, importyň ornuny tutýan harytlary öndürýän kärhanalary, şol sanda guşçulyk toplumlaryny döretmegi öz içine alýar. Şeýlelikde bu işler içerki bazary towuk eti we ýumurtga bilen doly üpjün etmäge, artyk galan önümi daşary ýurtlara eksport etmäge mümkinçilik bermeli.

Prezident Berdimuhamedow bu hasabaty diňläp, kiçi we orta biznes üçin amatly şertleri döretmegiň möhümdigini belledi, emma telekeçileriň we ilatyň ýüzbe-ýüz bolýan maliýe, manat we dollar kynçylyklary barada hiç zat aýtmady.

Ýatladýarys, Türkmenistanda 1990-njy ýyllaryň başyndan bäri, hökümet ýolbaşçylarynyň yzygiderli talap etmegine garamazdan, towuk we ýumurtga meselesi çözülmän gelýär.

XS
SM
MD
LG