Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Lebap prezidentiň saparyna taýýarlanýar: howpsuzlyk we arassaçylyk çäreleri güýçlendirildi


Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaranyň işgärleri köçeleriň arassaçylygyna göçegzilik edýärler.
Türkmenistanyň Lebap welaýatynda Jemagat hojalygy ministrligine degişli edaranyň işgärleri köçeleriň arassaçylygyna göçegzilik edýärler.

Türkmenistanyň Lebap welaýatynyň paýtagty Türkmenabat şäherinde prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň etjek saparynyň öňüsyrasynda, köpçülikleýin arassaçylyk işleri geçirilip, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirilýär.

Azatlyk Radiosynyň bu welaýatdaky habarçylarynyň tassyklamagyna görä, eýýäm birnäçe gün bäri welaýatyň döwlete degişli we söwda edaralarynyň ählisinde diýen ýaly barlaglar güýçlendirilip, raýatlaryň aw tüpeňleri ýygnalyp başlandy.

“Polisiýanyň işgärleri haçan-da bir wagt polisiýanyň, psihiatrik ýa-da narkologik bejergiler baradaky keselhanalaryň sanawyna düşen ähli adamlary saklap, olary gözegçilik astyna alýarlar. Şeýle-de, raýatlaryň aw tüpeňlerini konfiskasiýa edýärler. Ýaşaýjylaryň öýlerine aýlanyp, olarda şeýle ýaragyň bolup-bolmandygyny ýa-da arak içip-içmeýändigini, çilim çekip-çekmeýändigini soraýalar” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran lebaply habarçymyz gürrüň berdi.

Lebap welaýatynyň merkezi şäherinde Berdimuhamedowyň sapary bilen baglylykda, prezidentiň geçmeli ýollarynyň ugrundaky haşal otlar, zir-zibiller ýygnalyp; tamlaryň diwarlary, haýatlar reňklenip başlandy. Bu tämizlik işlerine býujet işgärleri köpçülikleýin çekilip, mejbury ýagdaýda işledilýär.

“Býujet işgärleri ýowarlara gatnaşdyrylýar. Mundanam başga, köçeler abatlanýar. Köçelere asfalt düşänlerinde, wibrator, ýagny ýeri titredýän gural ulanýarlar. Muny işledenlerinde golaý-goltumdaky jaýlaryň penjireleri titräp, käte olar çat açýar. Saglyk taýdan näsag adamlar ýa-da ýaşy bir çene baran ýaşulular bu ýagdaýdan nägile bolýarlar” diýip, habarçymyz aýdýar.

Şeýle-de, Türkmenabatda prezidentiň geçmegine garaşylýan köçelerdäki ýaşaýyş jaýlar ak, üçegi bolsa ýaşyl reňke boýalýar. Ýöne bu çäre jaýlaryň diňe ýola görünýän tarapynda amala aşyrylýar, ýagny jaýyň köçä tarapy ak reňke boýalsa-da, onuň beýleki tarapy öňki reňkinde galýar.

“Biziň jaýymyzyň köçeden görünýän tarapyny ak reňke boýap, beýleki tarapyny öňki reňkinde goýdular. Men jaýyň soňky görnüşini görenimde, aglajagymam, güljegimem bilmedim. Adamlar bu ýagdaýa gaharlanyp, gaty nägile bolýarlar” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran lebaply ýaşaýjy aýtdy.

Azatlyk Radiosynyň ýerli çeşmeleri we habarçylary Berdimuhamedowyň Türkmenabatda täze aeroportyň açylyş dabarasyna gatnaşjakdygyny aýdyp, onuň bu saparynyň 26-njy fewralda amala aşjakdygyny mälim edýärler.

Şol bir wagtda, Berdimuhamedowyň sapary barada häzirlikçe türkmen mediasynda hiç hili habar berilmeýär. Mundan öň prezidentiň ýurduň gündogar welaýatyna saparynyň başda 20-nji ýanwarda, soňy bilen 25-nji ýanwarda geçiriljekdigi aýdylypdy.

Azatlygyň çeşmeleri prezidentiň saparynyň gaýta-gaýta yza tesdirilmeginiň sebäpleriniň Lebapda açyljak täze aeroportyň gurluşygynyň göz öňünde tutulan wagtda tamamlanmazlygy bilen baglanyşyklydygyny habar berýärler.

Türkmen prezidentiniň ýurduň sebitlerine edýän saparlarynyň dowamynda, köpçülikleýin arassaçylyk işleri bilen birlikde, ony garşy almak boýunça-da mejbury çäreler geçirilýär. Bularyň arasynda – tomusda yssy, gyşda sowuk howa garamazdan – ýaşlaryň we býujet işgärleriniň, aýdym-saz we sungat işgärleriniň prezidenti garşylamak boýunça geçirilýän taýýarlyk çärelerine açyk meýdanda, ençeme sagatlap gatnaşdyrylmagy ýaly çäreler bar.

XS
SM
MD
LG