Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Polşa döwletiniň nazist jenaýatlary bilen baglaşdyrylmagyny gadagan edýän kanun taslamasy kabul edildi


Auşwitz lageri
Auşwitz lageri

Polşanyň Senaty Birleşen Ştatlaryň duýduryşlaryna garşy çykyp hem-de Ysraýylyň gazaply nägileligine garamazdan, Holokost bilen bagly sözleri kadalaşdyrýan we ýurduň abraýyny goramaga gönükdirilen jedelli kanun taslamany kabul etdi.

1-nji fewral güni ir bilen Senatyň ýokary öýi 57 wekiliň goldamagynda, 23 wekiliň garşy çykmagynda we iki saklanan ses bilen bu kanun taslamany tassyklady. Agzalýan kanun taslama laýyklykda Nazist Germaniýasynyň konsentrasion lagerlerine “Polýak ölüm lagerleri” diýip ýüzlenen adamlar ýa-da Polşany nazist jenaýatlaryna gatnaşmakda aýyplaýanlar kanun öňünde jogapkärçilige çekilip, 3 ýyl azatlykdan mahrum ediler ýa-da olara jerime salnar.

Ýöne entek bu kanun taslamany, ony goldap çykyş eden prezident tassyklamaly.

ABŞ we Ysraýyl bu kanunyň söz azatlygyny we ylmy barlaglary çäklendirmeginden howatyrlanyp, Polşany mundan el çekmäge çagyrdy.

Biz Holokost baradaky diskussiýalara we teswirlemelere kynçylyk döretmez ýaly, örän ünsli bolmaly diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert aýtdy.

Biz nätakyk hem-de göwne degiji çykyşlara garşy göreşmegiň iň ygtybarly usulynyň açyk debatlardygyna we ylmy barlaglardygyna ynanýarys diýip, Nauert aýtdy.

Holokostyň taryhy horlukly, görgüli hem-de örän çylşyrymly. Biz “Polýak ölüm lagerleri” diýen ýaly sözleriň nätakykdygyna, ýalňyşdygyna hem-de göwne degijidigine düşünýäris diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

“Şol bir wagtyň özünde biz bu kanun taslama güýje giren ýagdaýynda, onuň Polşanyň ABŞ we Ysraýyl bilen gatnaşyklaryny hem öz içine alýan strategiki bähbitlerine we gatnaşyklaryna ýetirjek oňaýsyz täsirlerine-de alada bildirýäris. Ýaranlarymyzyň arasyndaky özara agzalalyk diňe duşmanlarymyza bähbit getirer.

Biz bu kanunçylygyň söz azatlygyna hem-de biziň hyzmatdaşlarymyzyň arasyndaky netijeli gatnaşyklaryň ýörelgelerine ýetirjek potensial täsirini göz öňünde tutup, Polşany agzalýan kanun taslamany täzeden gözden geçirmäge çagyrýarys” diýip, ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat wekili Hezer Nauert aýtdy.

Polşanyň konserwatiw gymmatlyklary ýörelge edinen Kanun we Adalat partiýasy (PiS) gürrüňi edilýän kanunçylyk namalary bilen özleriniň II Jahan urşy döwründe Nazist Germaniýasynyň basyp alan polýak döwletiniň çäginde hereket eden ölüm lagerlerine “Polýak ölüm lagerleri” diýip ýüzlenilmegine garşy göreşýändigini aýdýar.

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu ýurduň Polşadaky ilçisine kanun taslama garşy nägileligini beýan etmek üçin, Polşanyň premýer-ministri Mateuş Morawieçki (Mateusz Morawiecki) bilen duşuşmagy tabşyrandygyny aýtdy.

Bu kanun esassyz we men muňa garşy çykýaryn. Taryhy üýtgedip bolmaz; Holokosty ret etmek mümkin däl diýip, Netanýahu 27-nji ýanwarda çykyş etdi.

Polşalylar “Polýak ölüm lagerleri” diýen ýaly sözleriň ulanylmagyna garşy ýyllap göreşip gelýärler. Sebäbi şeýle sözleriň ulanylmagy diýmeklik, Nazist Germaniýasynyň lagerlerde esasan ýewreýlerden ybarat bolan millionlarça adamy öldürmegine Polşanyň belli bir derejede şäriklik edendigini alamatlandyrýar.

Nazistler 1939-njy ýylda Polşany basyp alansoň, ol ýerde gürrüňi edilýän lagerleri gurup, olary işe girizdiler.

Bu kanun taslama Polşanyň Ýokary öýünde kabul edilensoň, oňa goldawyny beýan eden prezidentiň dykgatyna ýetiriler. Senatyň Aşaky öýi 26-njy ýanwarda agzalýan kanunçylygy tassyklady.

ABŞ-nyň bu mesele boýunça eden çykyşy günorta Polşada ýerleşýän Auşwitziň (Oswensim) azat edilmeginiň 73-nji ýyl dönümini hatyralap, bütin dünýäniň Halkara Holokost Ýatlama gününi bellemeginden birnäçe gün soňa gabat geldi.

XS
SM
MD
LG