Hazarýaka döwletleri Kaspi deňziniň hukuk durumyny kesgitlemek boýunça esasy meseleler barada ylalaşyga geldi. Bu ylalaşykTürkmenistanyň Hazaryň üstünden ýerwopa ýurtlaryna gaz ibermek planlarynyň öňündäki päsgelçilikleri azaldýar.
Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow hazarýaka döwletleriniň daşary işler ministrleriniň nobatdaky maslahatynda Kaspi konwensiýasynyň taslamasynyň iş ýüzünde gol çekilmäge taýyn edilendigini aýtdy we oňa geljek ýyl bäş döwletiň – Orsýetiň, Gazagystanyň, Azerbaýjanyň, Türkmenistanyň we Eýranyň döwlet baştutanlarynyň gatnaşmagynda Gazagystanda geçiriljek sammitde gol çekilmegine garaşylýar.
Eurasianet.org neşiri bu habardan soň Türkmenistanyň “Türkmengaz” döwlet konserniniň Ýewropada Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasyna konkurent bolmak mümkinçiligine nazar aýlap, “eger bu konwensiýa gol çekilse, onuň Türkmenistandan Ýewropa tebigy gaz ibermäge kömek edip biljekdigini” belledi.
Emma muňa garamazdan, häzirlikçe konwensiýanyň teksti çap edilmeýär we onuň hazarýaka döwletleriniň döwlet dillerine terjime edilýändigi aýdylýar.
Eurasianet.org neşiri 25 ýyla çeken dawanyň çözülmegini, görnüşinden, Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda gelnen eglişige baglaýar.
Neşiriň maglumatyna görä, “Geçirilen gepleşiklere laýyklykda, habarlara görä, Aşgabat Azeri-Çyrag-Güneşli nebit ýataklaryna dalaş etmekden el çeker we dawaly nebit-gaz ýataklary, şol sanda Kýapaz/Serdar babatda gepleşik geçirer”.
“Ýakyn aýlarda bu iki ýurt bilelikdäki nebit-gaz proýektlerini, belki-de Kýapaz-Serdar ýataklaryna degişli önümleri bölüşmek ylalaşygyny ara alyp maslahatlaşmaga başlar” diýip, Waşingtondaky Kaspi syýasaty merkeziniň direktory Efgan Nifti Eurasianet.org neşirine aýtdy.
Azerbaýjanyň daşary işler ministriniň orunbasary Halaf Halafowyň Bakuwda guralan metbugat ýygnagynda aýdan sözlerine görä, gelnen ylalaşyk Hazaryň üstünden geçiriji gurmagyň diňe turbanyň geçjek ýerine eýelik edýän ýurtlara dahylly bolmagyny hem nazarda tutýar. “Häzir bolmanda ýuridiki nukdaý nazardan hiç kim Azerbaýjan bilen Türkmenistanyň geçiriji gurmak kararyna garşy çykyp bilmez” diýip, Nifti aýdýar.
Emma resmi Aşgabat Hazar meselesinde gelnendigi aýdylýan ylalaşyk barada hiç zat aýtmaýar.
Türkmenistan häzir gaz bazarynda iki sany iri alyjysyny, Orsýeti we Eýrany ýitirip, diňe Hytaý bilen galdy we synçylaryň köpüsi Owganystanyň üstünden Hindistana çenli gaz eltmeli TOPH proýektiniň amala aşmak mümkinçiligine, goňşy ýurtdaky howpsuzlyk ýagdaýy zerarly, şübheli garaýar.
Şol bir wagtda synçylar häzirki dörän umytly ýagdaýyň türkmen gazynyň ýewropa bazarlaryna eksport edilmegine bu golaýda mümkinçilik döretjegine ynanmaýarlar.
“Natural Gas World” neşiriniň baş redaktory Wilýam Poluň pikirine görä, Ýewropada gaza bolan talabyň peselmegi bilen, türkmen gazy Orsýetiň “Gazpromynyň” agalyk edýän bazarynda güýçli konkurensiýa bilen ýüzbe-ýüz bolar.
Kaspi sebitindäki energiýa meseleleri boýunça garaşsyz ekspert Jon Robertsiň pikirine görä bolsa,eger Ýewropada gaza bolan talap biraz ýokarlansa hem, Hazardan aşyrylan türkmen gazy entekler esasan Azerbaýjandan aňryk geçmejege, ýagny bu ýurduň özünde ýerlenjege meňzeýär.
“Azerbaýjanda geljekde gazylyp alynmaly energiýa üçin ýatyrylan iri maýalardan çen tutulsa, azyndan 8-10 ýyl garaşmaly boljaga meňzeýär, diýmek Türkmenistan gazyň ýeke-täk çeşmesi bolup galýar” diýip, Roberts Eurasianet.org neşirine aýtdy.
Şu aralykda eýran metbugatynda çykan habarlara görä, Tähran entek beýleki dört hazarýaka döwleti, hususan-da Türkmenistan we Azerbýjan bilen deňzi bölüşmek meselesinde doly ylalaşyga gelmändir.
Eýranyň daşary işler ministriniň Aziýa we Ýuwaş okean meseleleri boýunça orunbasary Ebrahim Rahympur özleriniň entek ylalaşmaýan zatlarynyň bardygyny aýtdy, emma internetde Eýrana Kaspiden 20 prosent paý ýetýändigi barada ýaýran habary ret etdi.
“Biziň Kaspi deňzindäki paýymyz bäş sany çaganyň arasyndadeň bölünmeligarpyz ýa gawun paýy däl” diýip, ol aýtdy.