4-nji dekabrda Şawkat Mirziýoýewiň Özbegistanyň prezidenti wezipesine saýlanmagyna 1 ýyl doldy.
Ol 2003-nji ýyldan bäri Özbegistanyň premýer-ministri wezipesinde işleýärdi, ýöne ýurduň ilkinji prezidenti Yslam Kerimow 2016-njy ýylyň 2-nji sentýabr güni öldi diýlip habar berlende, Mirziýoýew konstitusiýanyň premýer-ministre wagtlaýyn prezidentlik wezipesi boýunça gadagançylyk girizýändigine garamazdan, ýurtdaky bu iň ýokary wezipä geçdi.
15 aýyň dowamynda Mirziýoýewiň hereketleri we beýanatlary ýurduň içinde we daşynda Özbegistan ýarym-üzňelik syýasatyndan halas bolup, regional we halkara meselelerde işjeň hyzmatdaş bolar diýen umydyň döremegine ýol açdy.
Mirziýoýew hökümet başyna geçeli bäri Özbegistanda ösüşleriň bolandygy hakykat, ýöne bellemeli bir ýagdaý bar, ýagny Mirziýoýewe lagşan döwlet miras galdy. Şol sebäpden ýurtda islendik tijeniş progres hökmünde kabul edilip bilner.
Mirziýoýew hakykatdan-da nämeler gazandy we onuň geljek üçin nähili planlary bar, ýa-da ol diňe bir abatlaýyş-bejeriş işlerini geçýärmi?
Mirziýoýew 2017-nji ýylyň 8-nji fewralynda ýurduň 2017-2021-nji ýyllary üçin bäş sany esasy ösüş maksatnamasyny kesgitledi:
- Döwlet we jemgyýetçilik gurluşy ösdürmek
- Kanunyň hökmürowanlygyny gazanyp, kazyýet we kanunçylyk ulgamlaryny reformirlemek
- Ykdysadyýeti liberallaşdyryp, ony ösdürmek
- Sosial sferany ösdürmek; howpsuzlygy, etniki toparlaryň arasyndaky ysnyşygy we dini tolerantlygy gazanmak
- Deňagramly, özara peýdaly we konstruktiw daşary syýasaty ýola goýmak
Elbetde, syýasy prosese jemgyýetçiligiň aralaşdyrylmagy barada kelam agyz gürrüň edilmedi we bu meselede häzir çenli hiç hili iş bitirilmedi. Diýmek, azyndan 2021-nji ýyla çenli ýurtda hakyky syýasy oppozisiýa partiýalary ýa-da garaşsyz dalaşgärler hasaba alynmaz. Şeýle-de, ýurtda adam hukuklarynyň ýagdaýyny gowulandyrmak ýa-da garaşsyz media serişdelerine rugsat bermek barada asla dil ýarylmady.
Mirziýoýewiň häkimiýet başyna geçmegi bilen, hususan-da, Özbegistanyň daşary syýasatynda oňyn özgerişler bolup geçdi. Bu bolsa wagtal-wagtal aşa höwesli optimizmiň döremegine getirdi.
Ýurduň içeri syýasatynda käbir zatlar üýtgemedige çalym edýär. Özbegistanda pagta ýygymy üçin ýurt boýunça 1 million adamyň çekilmeginde mejbury zähmetiň ulanylmagy halkara derejede tankyt edilip gelýär.
Prezident Mirziýoýew we beýleki resmiler bu çäräniň togtadylmagyna çagyrdylar we hatda zor bilen pagta meýdanlaryna çekiljek bolýan adamlara öz ýagdaýlary barada degişli edaralary arz etmegi tabşyrdylar. Ýöne 2017-nji ýylyň dowamynda raýatlaryň mejbury zähmet esasynda pagta meýdanlaryna çekilmegi dowam etdi.
Düýbi Özbegistanda ýerleşýän özbek-german forumy we AÝ/AR-yň halk arasynda Ozodlik diýlip tanalýan Özbek gullugy 2017-nji ýylda ýurtda alnyp barylýan pagta kampaniýalaryny yzarladylar. Mysal üçin, Samarkant welaýatynyň häkimi telekeçilerden ýygym üçin pagtaçy tapmagy tabşyrdy, Andijanyň häkimi Hokimjon Abdulazizow döwlet kärhanalarynyň başlyklaryndan öz işgärleriniň pagta ýygýandygyny görkezýän suratly subutnamalary talap etdi, işçileri awtobuslara ýükläp, hatda kadaly ýuwunmaga-da şert bolmadyk ýerlerde hepdeläp ýaşap, pagta ýygmaga mejbur edildiler.
Düýbi Norwegiýada ýerleşýän we dini azatlyklar barada iş alyp barýan “Forum 18” topary ýurtda protestantlaryň ýygnaklaryna edilen reýdler barada, adamlaryň Gurhan we Injil kitaplarynyň ellerinden zor bilen alnyşy barada, baptist, protestant we ýegowa şaýatlaryna salnan jerimeler, hatda olaryň gysga möhletli türmä basylmaklary barada, şeýle-de, musulmanlaryň türme tussaglygyna höküm edilmegi barada habarlary çap etdi.
Şeýle-de fewral aýynda Rahmon Norboýew türme tussaglygynda wagty we Zokir Kurbanow polisiýada saklanýan wagty syrly ýagdaýda öldi. Ahyrsoňy iýun aýynyň ortalarynda türmede wagty aradan çykan hukuk goraýjy Nuriddin Jumaniýazowyň 2016-njy ýylyň 31-nji dekabr güni inçekeselden ölendigi resmi taýdan habar berildi.
Maý aýynda adam hukuklaryny goraýjy Polina Braunerg we dekabr aýynda ozalky syýasy tussag Murad Juraýew aradan çykdy. Olaryň ikisi-de agyr saglyk problemalaryna duçar bolupdylar, ýöne saglygyna bejertmek üçin daşary ýurda çykyş wizasyny alyp bilmediler.
21-nji sentýabrda prezident Mirziýoýew “ýurduň daşynda ýaşaýan we ýurduň ösüşine goşant goşmak isleýän ähli watandaşlaryny” Özbegistana dolanmaga çagyrdy. Bu sözler ‘daşary ýurtda ýaşaýan ozalky oppozisiýa wekilleri ýurda gorkusyz dolanyp bilerler’ diýen manyny aňladýandyr diýlip pikir edildi.
27-nji sentýabrda özbegistanly dissident we ýazyjy Nurullo Otahonow (Nurullo Muhammad Raufhan) Türkiýeden Daşkende dolanyp bardy. Ýöne ol paýtagtyň howa menzilinde tussag edildi. Ýazyjy aradan bir hepde geçensoň boşadylanam bolsa, ol henizem jogapkärçilige çekilýär.
Oppozisiýa websaýtlarynda özbek hökümetini tankytlap makalalar ýazan garaşsyz žurnalist Bobomurad Abdullaýew 27-nji sentýabrda Milli howpsuzlyk gullugynyň işgärleri tarapyndan tussag edildi. Abdullaýew Özbegistandaky konstitusion gurluşy ýykmaga synanyşmakda aýyplanyp jogapkärçilige çekilýär. Oňa diňe bir gezek aklawçysyny görmäge mümkinçilik döredilipdir.
Bulara garamazdan, Mirziýoýew hökümet başyna geçeli bäri ona golaý dissident, şol sanda žurnalist Muhammad Bekjon (Bekjonow), syýasy aktiwist Rustam Usmanow, BMG-niň işgäri we Goranmak ministrliginiň ozalky resmisi Erkin Musaýew, žurnalist Solijan Abdurahmanow we Azam Farmanow türme tussaglygyndan boşadyldylar.
Olaryň türmeden boşadylmagynyň oňatlykdan alamatdygyny aýtmak bilen bir hatarda, halkara hukuk goraýjy guramalar ol adamlaryň ählisiniň şübheli şertlerde tussag edilendiklerini, şeýle-de olaryň köpüsiniň 10-20 ýyllap tussaglykda oturandygyny we häzirki wagtda 60-70 ýaşlaryndaky adamlardygyny nygtadylar.
Şeýle-de, özbek häkimiýetleri awgust aýynda müňlerçe güman astyndaky musulmanlaryň atlaryny gara sanawdan aýyrdy. Hökümet resmileri we dini ruhanylar ozal dini ekstremist toparlara gatnaşmakda günä bildirilen adamlar bilen maslahat beriş gürrüňdeşlikleri geçirdiler.
Özbegistanyň içinde hereket edýän garaşsyz media guramalaryň henizem ýokdugyna garamazdan, sanlyja media guramalary administrasiýanyň syýasatlaryna tankydy çemeleşigi tejribe edip başladylar. Özbek telewideniýesinde ýurduň ozalky prezidenti Islam Kerimowyň ýalňyş syýasatyna, hususan-da, onuň goňşy döwletler bilen agzala gatnaşyklaryna tankydy çemeleşildi.
Elbetde, bu çäreler örän çäkli amala aşyryldy, mysal üçin ýurduň premýer-ministri Abdullo Aripow göni ýaýlymda efire berilýän “Halkara press kluby” atly telewizion programma gatnaşanynda, ol gepleşigiň dowamynda özüne aýdylan käbir bellikdir teswirlerden gaty gördi.
Prezident Mirziýoýew oba ýaşaýjylarynyň ýüzbe-ýüz bolýan problemalaryna üns bermäge çalyşdy. Mirziýoýew hünär taýdan oba-hojalyk uniwersitetinde bilim alan. Ol Özbegistanyň maddy taýdan kösençlikli Garagalpak regionyna ýanwar aýynda sapar edeninde, döwlet pes girdejili maşgalalary towuk bilen üpjün etmeli diýen karara geldi. Ol bu çözgüdi maşgalalar towuklaryň guzlaýan ýumurtgalaryndan iýmitlener, galan ýumurtgalary bolsa satyp girdeji edinerler diýen pikir bilen teklip etdi. Ondan soň Mirziýoýew pes girdejili maşgalalar limon agaçlaryny ekmeli diýdi we aradan köp wagt geçmänkä oba ýerlerinde ýaşaýan hojalyklar geçi eklemeli diýdi.
“Towukly” we “limonly” gürrüňler başa barmady. Noýabr aýynda Özbegistanyň banklary bu pudaklardaky önüm öndürijilere kredit bermek mümkinçiliklerini ýatyrdy. Ýöne Mirziýoýewiň pes girdejili maşgalalaryň aladasyny etmegi örän bellärlikli ädim boldy. Ol henizem oba hojalygyny mehanizasiýalaşdyrmak boýunça meýilnamalary, şeýle-de pagtanyň ýerine zagpyran we başga zatlary ösdürip ýetişdirmekligi göz öňünde tutýar.
Ýurtdaky beýleki wajyp özgerişler heniz amala aşyrylmady. Mirziýoýew ýanwar aýynda sowet döwründen galan ýurtdan çykmak üçin zerur bolan wizalary ýatyrmagy teklip etdi, ýöne awgust aýynda munuň üçin 2019-njy ýyla çenli garaşmaly diýen karara geldi.
Prezidentlik wezipesine saýlanmagyndan iki gün geçensoň Mirziýoýew esasan günbatar ýurtlaryndan syýahatçylyk maksady bilen Özbegistana gezelenje gelýän 27 ýurduň raýatlaryna wiza çäklendirmeleri gowşatjakdygyny aýtdy. Ýöne 9-njy ýanwarda prezident bu karara 2021-nji ýyla çenli garaşyljakdygyny aýtdy.
Köpler bu çäreleriň gijikdirilmegini hökümetiň içindäki güýç gowgasy bilen düşündirýär. Mirziýoýew öz adamlaryny hökümete çekip, Kerimowyň döwründen galan ýokary wezipelileri boşatmak üçin iş alyp bardy. Kerimowyň döwründen galan adamlaryň arasynda ýurduň maliýe ministri Rustam Azimow hem bar. Ol ozallar Kerimowyň ornuna geçer öýdülýärdi. Azimow iýun aýynda wezipeden boşadyldy.
Mirziýoýewiň öz adamlary diýilýän toparda bolsa Kerimowyň döwründe işden boşadylan ýa-da türmä basylan käbir adamlar bar. Mysal üçin, 2012-nji ýylda häzirki premýer-ministr Abdullo Aripow prezident Kerimowyň uly gyzy Gülnaranyň garşysyna bikanun biznes gatnaşyklary boýunça halkara derňew işi gozgalanda, Maglumat ulgamlary we tele-aragatnaşyk edarasynyň başlygy wezipesinden boşadylypdy. TeliaSonera kompaniýasyny derňeýän şwesiýaly prokurorlar käbir dokumentlerde Aripowyň goly bar diýipdi. Gülnaranyň agzalýan kompaniýa bilen maliýe bähbitleriniň bolandygy öňe sürüldi.
Şeýle-de bolsa, Özbegistanda ykdysady ugurlarda we regional syýasatda bolup geçýän özgerişler ýagdaýlara umytly çemeleşmäge esas döredýär.
Kerimow ölende Özbegistanyň ykdysadyýeti ýurtdaky oba hojalyk mümkinçiliklerine we tebigy baýlyklara garamazdan, agyr kynçylyklary başdan geçirýärdi. Ykdysadyýetiň güýçli merkezleşdirilmegi we giň ýaýran korrupsiýa Özbegistany özünde bar bolan tebigy mümkinçiliklerinden mahrum edýärdi.
2016-njy ýylyň noýabr aýynyň aýaklarynda döwlet mediasy ýurtda nagt pul we walýuta çalyşmak barada 2017-nji ýylda täze düzgünleriň durmuşa geçiriljekdigini habar berdi. Bu örän oňyn ädim boljakdy, sebäbi uzak ýyllaryň dowamynda Özbegistanda käbir gatlaklar walýutanyň gara bazardaky bahasyndan ummasyz köp mukdarda girdeji gazanypdy. Gara bazarda kähalatlarda Özbegistanyň milli puly, ýagny somuň walýuta bolan gatnaşygy resmi kursdan tas iki esse diýen ýaly ýokarydy.
2017-nji ýylyň başlarynda 1 dollaryň bahasy 3309 som bolsa, ýurduň Merkezi Banky sentýabryň başynda 1 dollaryň bahasyny 4247 soma düşürdi. 5-nji sentýabrda Merkezi Bank milli puluň gözegçilikde hümmetsizlendirilmegini amala aşyryp, 1 dollaryň bahasyny 8 müň som töweregine çykardy.
Häkimiýetler telekeçileriň walýuta elýeterliligini aňsatlaşdyrdy, şeýle-de raýatlar özlerinde bar bolan milli pullaryny walýuta çalyşmak mümkinçiliklerine eýe boldy. Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, bu çäreleriň netijesinde özbek banklaryna millionlarça dollar girdi.
Halkara maliýe guramalary Özbegistana başgaça garap başlady.
Mysal üçin, Ýewropanyň Dikeldiş we ösüş banky fewral aýynda Özbegistana özüniň wekilçilikli toparyny ýollady. Olar soňky 10 ýylyň dowamynda Özbegistana ilkinji gezek sapar etdiler we 8-nji noýabrda Daşkentde öz edaralaryny açdylar.
Maý aýynda Ýewropa Bileleşiginiň ilçisi Eduard Stipraisiň ýolbaşçylygynda ýewropaly delegasiýa Özbegistana sapar etdi. Ol ÝB-niň Özbegistanyň dünýä açylmagyny makullaýandygyny aýdyp, ÝB-özbek gatnaşyklarynyň ösdürilmegine çagyrdy.
ÝB-niň daşary syýasat boýunça başlygy 2017-nji ýylyň dowamynda Brýusselde telim gezek özbek resimleri, şol sanda iýul aýynda Özbegistanyň daşary işler ministri Abdulaziz Kamilow bilen duşuşdy. 10-11-nji noýabrda Mogerini Özbegistanyň Samarkant şäherinde geçirilen halkara howpsuzlyk konferensiýasynda çykyş etdi .
2017-nji ýylda özbek-rus gatnaşyklarynda ýokary sepgitlere ýetildi.
Kerimowyň döwründe Merkezi Aziýada diňe howpsuzlyk ýagdaýlary ýaramazlaşanda özbek-rus gatnaşyklary gowulaşardy.
Ýöne Orsýet Özbegistanyň birnäçe ykdysady problemalaryna gyssagly çäreleri hödürledi.
Orsýete ÝB-den import edilýän miwe we bakja önümleri Kremliň olara gadagançylyk girizmegi bilen Özbegistandan satyn alnyp başlandy. Günbatarly ýurtlar Orsýete garşy onuň Ukrain konfliktindäki roly sebäpli sanksiýalar girizensoň, Kreml Ýewropadan miwe we bakja önümleriniň import edilmegini gadagan edipdi.
Orsýetiň “LUKoil” we “Gazprom” kompaniýalary Özbegistanyň nebit-gaz pudagyna birnäçe milliard dollar maýa goýjakdyklaryny aýtdylar. 3-nji noýabrda “LUKoil” Özbegistanyň Buhara welaýatynda gazy gaýtadan işleýän desganyň gurluşygynyň birinji tapgyryna başlady. Bahasy 3,3 milliard dollara barabar bolan bu proýektiň amala aşyrylmagy bilen ýylda 8 milliard kub metr gaz çykarmak göz öňünde tutulýar.
“Gazpromuň” nebit pudagynda iş alyp barýan “LUKoil” we “Gazpromneft” kompaniýalary Omsk-Pawlodar-Şymkent nebit geçirijisi arkaly Orsýetden 10 million tonna nebti Özbegistana eksport etmäge mümkinçilik döretjek taslamanyň üstünde-de işleýärler.
Özbegistan häzirki wagtda benzin gytçylygy bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Noýabr aýynda ýangyç nokatlarynda benziniň bahasy 30 göterim çemesi gymmatlady.
Özbegistan 600 million barrel nebit gorlaryna eýedir, ýöne nebit önümçiligi mundan on ýyl çemesi ozal pese gaçdy. Ýurduň “Buhara”, “Alty-Arik” we “Fergana” nebiti arassalaýjy zawodlary öz kuwwatlylygyndan, pes derejelerde işleýär.
Ýagdaý şeýle bolansoň, ýakyn geljegiň dowamynda Orsýetiň nebti Özbegistan üçin zerur bolup durýar. Orsýet Özbegistandan 5 milliard kub metr gaz satyn alýar. Bu mukdar Özbegistanyň tutuş gaz eksportynyň ýarysyna deňdir.
Özbegistan köp döwlet bilen gatnaşyklary ösdürmäge çalyşdy, ýöne iň uly özgeriş Özbegistanyň regional syýasatynda durmuşa geçirildi. Bu aslynda prezident Mirziýoýewiň täze hökümetiniň şu wagta çenli gazanan iň uly ýeňişleriniň biridir.
Kerimow beýleki Merkezi Aziýa döwletleri bilen gatnaşyklary boldugyndan gysypdy.
Mirziýoýewiň ilki bilen Merkezi Aziýadaky goňşulary, şol sanda Owganystan bilen kadaly gatnaşyklary ýola goýmagyň üstünde işledi. Mirziýoýew prezidentlik wezipesine girişensoň ilkinji resmi saparyny Türkmenistana, ondan soň Gazagystana amala aşyrdy.
Mirziýoýewiň sentýabryň başynda Gyrgyzystana eden sapary tas baýramçylyk dabarasynda beslendi. Gyrgyz-özbek serhedinde täze ylalaşyklara gol çekildi. Özbegistanyň beýleki ýurtlar bilen ähli serhet araçäklerinde gatnaşyklary gowulaşýar. Bu ýagdaý örän wajyp, sebäbi Özbegistan Merkezi Aziýadaky ähli döwletler, şol sanda Owganystan bilen araçäkleşýän ýeke-täk döwletdir.
Geljege nazar aýlanymyzda, Özbegistanyň ykdysadyýeti ikuçsyz öser. Ýurdy regional üstaşyr koridor hökmünde açmak, Özbegistanyň daşary ýurtly hyzmatdaşlary bilen özara söwda gatnaşyklaryny ýola goýmagyna we ýuduň ykdysadyýetini mundan beýläk ösdürmegine has-da ýardam berer.
Ýurtda sosial we syýasy sferalarda amala aşyrylmaly reformalar barada bu jelagaýda gürrüň ediljege meňzänok. Ýöne köp ýyllaryň dowamynda ykdysady kynçylyklary başdan geçiren halkyň durmuş şertleriniň gowulandyrylmagy Mirziýoýewiň Özbegistandaky hökmürowanlygyny berkitmek üçin ýeterlik bolar.
Bu blogda beýan edilen pikirler AÝ/AR-yň pozisiýasyny aňlatmaýar.