Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hakyna tutulýan müňlerçe orsýetli Siriýada söweşýar


Siriýanyň Aleppo şäherindäki galanyň golaýynda duran rus harbylary we ýaşaýjylar, sentýabr, 2017 ý.
Siriýanyň Aleppo şäherindäki galanyň golaýynda duran rus harbylary we ýaşaýjylar, sentýabr, 2017 ý.

Iwan Slyşkin 23 ýaşynda snaýper bilen atylyp öldürilmezinden ozal gelinligine sosial media arkaly şeýle mazmunly gynançly hat galdyrýar: “Biz ýakyn wagtda birek-birege gowuşarys – onsoň asla aýrylmarys”.

Ýöne Orsýetiň Goranmak ministrliginiň ýaýradan “Yslam döwleti” ekstremist toparyna garşy göreşip jan beren orsýetlileriň sanawynda Slyşkiniň ady agzalmaýar.

Munuň sebäbi bolsa Ural daglarynyň etegindäki Ozýorsk şäheriniň ýaşaýjysy bolan şol ýaş ýigidiň “Wagner” atly gümürtik, hususy harby potratçynyň Siriýa ýerleşdiren müňlerçe orsýetlilerden biri bolmagy bilen baglanyşyklydy. “Wagner” barada hökümet dil ýarmaýar.

Ýerli habar websaýty bolan “znak.com-yň” habar bermegine görä, Slyşkiniň mazar daşyna onuň awtomatly düşen suraty çekilipdir. Habar portaly Slyşkiniň jynazasyna habarçy ýollapdyr. Onuň dostlarynyň aýtmagyna görä, Slyşkin toýa pul ýygnamak maksady bilen “Wagnere” goşulypdyr.

“Ol ‘Wagneriň’ toparyndady” diýip, onuň dosty Andreý Zotow “The Associated Press” habar gullugyna gürrüň berdi. Howpsuzlyk güýçleri Palmyranyň demirgazygyndaky “Al-Şaýer” nebit ýatagyna tarap süýşüp barýarka Slyşkiniň öldürilendigini onuň dosty aýdýar.

“Ol ýerde birnäçe gowy ýigitler bar. Slyşkin kompaniýa meýletin goşuldy. Urşa gidýän beýleki orsýetliler ýaly ol hem pul meselesini çözmek isläpdi” diýip, Zotow aýtdy.

Düýbi Peterburgda ýerleşýän “Fontanka” atly websaýt 3 müňe golaý orsýetliniň şertnama esasynda “Wagner” toparynyň düzüminde 2015-nji ýyldan bäri Siriýada söweşýändigini habar berdi.

Haçan-da Putin duşenbe güni Orsýetiň Siriýadaky howa bazasyna baryp, rus goşunlaryna “siz öýüňize ýeňiş bilen dolanýarsyňyz” diýeninde hususy potratçylary agzamady. Orsýetiň goşunlarynyň birnäçe ýyllap Siriýada galmagyna garaşylýar. Şol bir wagtyň özünde Kreml bilen ýakyn gatnaşygy sebäpli “Putiniň aşpezi” diýlip tanalýan biznesmen bilen ilteşikli hasaplanýan bir rus kompaniýasy bilen Siriýanyň hökümetiniň arasynda baglaşylan şertnamanyň esasynda ol ýerdäki nebit we gaz ýataklaryny goramak üçin hakyna tutma söweşijileriň Siriýada galmagy mümkin.

Slyşkin ýaly hakyna tutma söweşijiler Siriýada örän möhüm rol oýnaýar. Moskwanyň resmi ýagdaýda ugradýan goşunlaryna goşant bolmak bilen bir hatarda, olaryň Siriýa gizlin ýerleşdirilmegi söweşde ölen orsýetlileriň resmi sanyny hakykysyndan az görkezmäge kömek edýär. Putin üstümizdäki ýyl täzeden saýlanjak bolýar.

Orsýetiň Goranmak ministrligi özüniň 41 harbysynyň Siriýada ölendigini aýtdy. Ýöne “Fontankanyň” habaryna görä ol ýerde ýene-de 73 hakyna tutma öldürilipdir.

Kreml we Goranmak ministrligi Siriýada söweşýän hakyna tutma orsýetliler baradaky soraglara jogap bermeýär. ABŞ ýaly döwletler hem şertnamalaýyn esasdaky harby gullukçylary Yrakda we Owganystanda uzak ýyllaryň dowamynda ulanyp gelýär. Rus kanunçylygy söweşijileri hakyna tutmagy ýa-da hakyna urşa gatnaşmagy gadagan edýär.

Ýöne Orsýet 2014-nji ýyldan bäri gündogar Ukrainada Moskwanyň penasyndaky separatistleri goldamak üçin hakyna tutma söweşijileri ulanyp gelýär. Rus goşunlarynyň hatarynda işleýänini öwünip gürrüň beren bir orsýetli komandir Ukrainada söweşende özleriniň “dynç alyşda” bolandygyny aýtdy.

“Rus halky öz ogullarynyň jansyz bedenlerini tabytda ugratdyrýan imperiýa o diýen höwesli däldir. Bu konflikte isleg bildirilmeýändigi görnüp duran ýagdaý” diýip, Pragadaky Halkara gatnaşyklar institutynyň ýokary derejeli eksperti Mark Galeotti aýtdy.

“Wagner ýaly şeýle harby kompaniýa eýe bolmak bilen olar söweş meýdanyna ugradyp boljak goşunlara eýe bolarlar, ýöne haçanda adamlar ölende olarda muny äşgär etmek zerurlygy bolmaz” diýip, Galeotti belledi.

Özüniň garaşsyz habarlary sebäpli sylaga mynasyp bolan “Fontanka” “Wagneriň” kagyzlaryny we işe kabul ediş anketalaryny ele geçirendigini aýdyp, olarda müňlerçe orsýetliniň Siriýada söweşe gatnaşandygynyň görkezilýändigini habar berdi. Soňky birnäçe ýylyň dowamynda “Wagneriň” Siriýa ýerleşdiren işgärleriniň jemi sany takmynan 3 müňe deň bolan bolsa, şu wagta çenli 1500 kontingent bir saparda söweş meýdanyna ugradylypdyr diýip, “Fontankanyň” habarçysy Denis Korotkow aýdýar.

2015-nji ýyldan bäri olardan 73 adam öldi diýip, ol belleýär.

“Conflict Intelligence Team”, ýa-da “CIT” atly beýleki bir derňew topary hakyna tutulanlardan 101 adamyň ölendigini aýdýar.

“Iň wajyp subutnama öli ýa-da diri tapawudy ýok, adamlaryň özi. Özleriniň hakyna tutmadygyny ýa-da dogan-garyndaşlary olaryň hakyna tutmadygyny aýdan adamlaryň özi iň uly subutnama” diýip, “CIT-niň” esaslandyryjysy Ruslan Lewiýew aýtdy. “Nädip ýurduň dürli künjegindäki ýüzlerçe adam dildüwşip şol bir zady aýdyp bilsin?” diýip, ol belledi.

“CIT-niň” aktiwistleri Orsýetiň Ukraina gatyşygyny görkezýän ýazgylary we sosial media hasaplaryny irginsiz barlap topara abraý getirdiler. Olar Siriýa boýunça-da şeýle işleri alyp barýarlar.

“Fontanka” bilen “CIT” “Wagneriň” Orsýetiň günortasynda ýerleşýän Krasnodar şäherindäki tälim-türgenleşik meýdanynda düşürildi diýilýän suratlary çap etdiler. Suratlardaky desgalaryň käbirleri Goranmak ministrliginiň Molkinodaky resmi bazasyndaky desgalara çalym edýär.

Howpsuzlyk kompaniýalarynyň özbaşdak hakyna tutmalar bilen baglaşan şertnamalarynyň esasynda şertnamalaýyn gullukçylar we olaryň maşgala agzalary özleriniň alyp barýan işleri barada media serişdelerine maglumat berip bilmeýärler. Uruşda aman galanlar özleriniň dil ýarmaýandyklary üçin jomartlyk bilen sylaglanýarlar. Öldürilenleriň dost-ýarlarydyr dogan-garyndaşlary bilen “AP-niň” habarlaşmak synanyşklary başa barmady.

2016-njy ýylyň noýabr aýynda Orsýetiň günorta regionlarynyň media maglumatlarynda Aleksandr Karçenkowyň Siriýada ölendigi barada habarlar peýda boldy. “BelPressa” websaýtynda çap edilen habarda Stary Oskol şäheriniň häkimi Karçenkowyň yzynda dul galan Marina atly gözi ýaşly ýoldaşyna medal gowşurýar. Marina Karçenkowa “çagalaryň aladasy bilen” äriniň Siriýa şertnamalaýyn gulluk üçin gidendigini aýtdy.

2015-nji ýylyň dekabr aýynda elde doldurylan anketada Karçenkow özüniň işsizdigini, 1989-1991-nji ýyllarda sowet goşunynyň düzüminde gulluk edendigini we 1998-2000-nji ýyllarda Kosowada meýletinçi bolandygyny ýazypdyr.

Oktýabr aýynda “Yslam döwleti” Siriýada söweşýän wagty ýesir alnan iki orýsetliniň wideosyny ýaýratdy. Olaryň biri özüni Roman Zabolotny diýip, beýlekisi bolsa özüni Grigoriý Tsurkanu diýip tanadýar. Goranmak ministrligi olaryň harby gullukçydygyny ret etdi. Media maglumatlarynda olaryň “Wagner-de” işleýändigi habar berildi. Ekstremistleriň elinde olara nämeleriň bolandygy nämälim.

“Wagner” topary hormatly dynç alyşdaky podpolkownik Dmitri Utkin tarapyndan esaslandyryldy. Hazyna departamenti agzalýan kompaniýanyň Ukrainadaky söweş üçin öňki harbylary işe alandygyny anyklansoň, iýun aýynda Utkiniň ady ABŞ-nyň sanksiýa sanawyna girizildi. Putiniň geçen ýyl harby weteranlaryň hormatyna beren banketine gatnaşan Utkiniň Kremlde düşen suraty bar.

ABŞ-nyň sanksiýa sanawynda Ýewgeniý Prigožiniň hem ady bar. Sankt-peterburgly telekeçi Prigožine rus mediasynda “Putiniň aşpezi” diýilýär, sebäbi Kremliň ýolbaşçysynyň ýokary derejeli daşary ýurtly myhmanlaryň hormatyna beren agşamlyklarynda onuň restoranlary hyzmat ederdi. Ol Putin bilen 10 ýyldanam uzaga çeken ýakyn gatnaşyklarynyň netijesinde öz biznesini harby pudakda-da giňeldip başlady.

Şu ýylyň başynda, oppozisiýa lideri Alekseý Nawalnynyň ýolbaşçylygyndaky anti-korrupsiýa guramasy Goranmak ministrligindäki kontraktlaryň nädip esasan Prigožine berilýändigi barada maglumat ýaýratdy. Ukraina konflikti bilen baglylykda, ABŞ-nyň Döwlet departamenti Prigožiniň Goranmak ministrligi bilen giň göwrümli biznes gatnaşyklaryna salgylanyp, ony 2016-njy ýylda sanksiýa sanawyna girizdi.

Prigoin bilen ilteşikli firmalaryň hatarynda “Ýewro Polis” atly firma-da bar. Moskwada hasaba duran bu firmanyň “Wagneriň” Siriýadaky operasiýalary boýunça wajyp ähmiýete eýedigini “Fontanka” habar berdi.

“Spark Interfaksyň” maglumat bazasyna görä, “Ýewro Polis” 2016-njy ýylda özüniň meşgullanýan işlerini azyk-haryt söwdasy diýip görkezipdir. Ýöne bu ýyl ol magdançylyk we nebit-gaz önümçiligi bilen meşgullanýandygyny aýdýar we Siriýanyň paýtagty Damaskda ofis açypdyr.

AP “Ýewro Polis” bilen Siriýanyň döwlet eýeçiligindäki “General Petroleum” korporasiýasynyň arasynda baglaşylan 48 sahypalyk şertnamanyň nusgasyny ele geçirdi. Onda bu orsýetli kompaniýa öz şertnamalaýyn gullukçylarynyň ele geçirip, “Yslam döwletiniň” jeňçilerinden goraýan nebit-gaz känleriniň girdejileriniň 25 göterimini almaly. Bäş ýyl möhlet bilen baglaşylan bu şertnamany tassyklatmak başartmadygam bolsa, “Fontanka” habar saýty hem iýun aýynda şeýle geleşikler barada habar beripdi.

“’Gürrüňsiz, Ýewro Polis’ bilen Prigožiniň arasynda ilteşik bar we bu örän wajyp” diýip, “Fontanka” neşrinden Korotkow aýtdy. “Biz bu firma Wagneriň üstüni basyrmak üçin ulanylýan firmadyr diýip ynanýarys we bu çäre Wagneriň legitimligini gazanmak üçin edilen synanyşyk bolmagy mümkin. Munuň soňlugy bilen söwda maksatlar üçin ulanylmagy mümkin” diýip, Korotkow belledi.

“Ýewro Polis” bilen Prigožiniň “Concorde Management and Consulting” atly firmalaryndan nähilidir bir kommentariý almak başartmady. Goranmak ministrligi AP-iň kommentariý sorap eden haýyşyna jogap bermedi.

AP-niň habarçysy noýabr aýynda “Ýewro Polisiň” Damaskdaky ofisine baryp görende onuň gapysy ýapykdy.

Siriýanyň Nebit we mineral serişdeler ministrligi “Ýewro Polis” bilen gol çekilen ylalaşyk barada soralanda jogap bermedi. “Fontanka” bu şertnama barada Orsýetiň Energiýa ministrligine ýüz tutanda, ministrlik “söwda syrlaryny” aýan edip bilmejekdigini aýtdy. Olar AP-niň soraglaryny jogapsyz goýdy.

Bu makala AP habar gullugynyň maglumatyndan terjime edildi.

XS
SM
MD
LG