Gurbanbibi Atajanowa üçin "ol doglanda elinde tussaghana ýolbaşçysynyň bir topar açary bardy" diýse bolar. Ol Türkmenistanyň ilkinji prezidenti Saparmyrat Nyýazow döwründe 10 ýyllap ýurduň baş sülçüsi wezipesini alyp bardy we döwlet ýolbaşçylaryny yzygiderli jogapkärçilige çekmek bilen at gazandy.
Eger-de size nähilidir bir aýyplanma ýöňkelen bolsa we siz Atajanowanyň öňüne eltilen bolsaňyz, onda siziň ykbalyňyz hasam keç tapara ýolugar. Onuň egninde gyzyl çaýylan pogonly garamtyl gök resmi eginbaşy we kellesinde-de gyzyl nyşanaly we zerler bilen bezelen gök papagy bar. Onuň ýüzi bolsa göýä hemişe turşap duran ýalydyr.
Atajanowa 1991-nji ýylda Sowet Soýuzy dargan mahaly baş sülçüligiň işgäridi. Türkmenistan garaşsyzlygyny alanda, ol hem şol bada ýurduň baş sülçüsiniň kömekçisi wezipesine bellendi. 1995-nji ýylyň 3-nji aprelinde bolsa ol baş sülçi wezipesine bellendi.
Atajanowa 10 ýyl boýunça türkmen hökümetine kök urup ymykly ornaşan korrupsiýa garşy alnyp barylýan göreşe ýolbaşçylyk etdi. Ol şonda müňlerçe adamy tussaghana iberdi. Olaryň arasynda korrupsiýada aýyplanýan onlarça ýokary wezipeli döwlet resmisi hem bardy. Korrupsiýada aýyplamak işi aslynda Nyýazowyň hökmürowanlygynyň dowam etmegine päsgel berip biljek ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylarynyň arasyndan, has abraýly we şöhratly biriniň sahna çykmagynyň öňüni almak tilsimidi.
Döwlet kanaly ýygy-ýygydan Atajanowanyň ýokary wezipeli döwlet ýolbaşçylarynyň öňünde korrupsiýadan aýyplanýan resmiler barasynda edýän çykyşlaryny görkezýärdi. Atajanowa şonda owaldan günäli hasaplanyp goýlan ýokary wezipeli resmileriň aýyplamalaryny we olara garşy görülmeli - mal-mülküniň döwletiň hasabyna geçirilmegi, azatlykdan mahrum edilmegi ýa-da Türkmenistanyň çetindäki bir ýere sürgün edilmegi ýaly çäreleri diýseň sowukganlylyk bilen okaýardy.
2002-nji ýylyň 25-nji noýabrynda prezident Nyýazowa garşy hüjüm gurnalandygy barasynda habar ýaýrandan soň Atajanowa giňgerimli derňew işini alyp bardy. Ol şonda diňe bir güman edilýänleri däl, eýsem olaryň maşgala agzalaryny-da berk soraga çekdi.
Atajanowa şol bir wagtyň özünde hökümet resmilerini hem yzarlamagy dowam etdi. Atajanowa 2003-nji ýylyň mart aýynda eden çykyşynda 34 sany owalky hökümet resmisiniň, şol sanda iki sany primýer-ministriň orunbasarynyň, goranmak ministriniň, energiýa ministriniň we onuň orunbasarynyň hem korrupsiýadan we döwlet emlägini öz hasabyna geçirmekden günäli tapylandygyny aýdyp, olaryň çetleşdirilen sürgün ýerine iberilendigini bildirdi.
2003-nji ýylyň dekabr aýynda hut Atajanowanyň özüniň neşe söwdasynda güman edilip, öý tussaglygynda saklanýandygy barasynda gürrüňler ýaýrady. Ýöne döwlet telekanaly ony şol aýyň aýagynda bolan hökümet ýygnagyna gatnaşýarka görkezdi. Muňa garamazdan, ol barasynda ýaýran gep-gürrüňleriň çyna ýazjak taraplary hem bardy.
2005-nji ýylyň ahyrynda Atajanowa 58 ýaşynda hormatly dynç alşa çykdy. Bu bolsa ondan soňky ýagdaýlaryň düýpgöter üýtgemegine getirdi.
2006-njy ýylyň aprel aýynda ony neşe söwdasynda aýyplap, göz astyna aldylar. Onuň yzýanyndan hökümet tarapyndan berlen beýannamada Atajanowanyň 13 sany jaýynyň, kerpiç öndürýän kärhanasynyň, tüwi arassalaýan degirmeniniň, 5 sany awtoulagynyň, 3 traktorunyň, buldozeriniň, 2 sany gurluşyk kranynyň, 40 gektar mülküniň, 6 million dollardan gowrak pulunyň, iki müňden gowrak gara malynyň we içinde nämäniň bardygy aýdylmaýan 30 müň bedräniň döwletiň hasabyna geçirilendigi mälim edildi.
Elbetde, bu soňky gürrüňleriň gaty geň eşidilýändigini bilýärin. Ýöne hut prezident Nyýazowyň özi şol bedreler barada söz açdy, haçan-da Atajanowa aglamany goýup, ondan günäsiniň geçilmegini soran pursadynda. Nyýazow şonda ondan näme üçin 30 müň bedräni ogurlandygyny sorapdy. Emma welin onuň sebäbi aýdyň bolman galdy. Ýöne ol bedreleriň altyndanmy ýa-da geroinden doly bolandygy barasynda çaklamalar öňe sürüldi.
Atajanowany tussag etdiler. Derrew hem sud edip, dessine jezasyny berdiler. Ýöne hadysa munyň bilen doly gutarmady.
Nikolaý Gawrilow şonda döwlet howpsuzlyk gullugynyň neşä garşy göreş bölüminiň baýry işgäridi. Şol mahal hut onuň özüniň Atajanowanyň neşe söwdasyny edýändigini anyklap, ony ýokaryk ýetirendigi çak edilýär.
Gawrilow we onuň aýaly 2006-njy ýylyň 8-nji noýabrynda Aşgabatda öldürildi. Olaryň janyna kast edenler bolsa tapylmady.
Gurbanbibi Atajanowanyň işi Merkezi Aziýada korrupsiýa garşy alnyp barylýandygy aýdylýan ýasama göreşiň bir mysaly. Göýä korrupsiýa garşy göreşýän ýaly edilýän işlere ýolbaşçylyk edip, ol onlarça hökümet resmisiniň azatlykdan mahrum edilmegine ýardam berdi. Ýöne Atajanowanyň döwletiň hasabyna geçirilendigi aýdylýan mal-mülküniň belli bir bölegini görkezýän sanawy hem onuň ençe ýylyň dowamynda tussaghana iberenleriniň arkasyndan diýseň baýandygyna güwä geçýär. Elbetde, şeýle etmişler bilinmän galan däldir.
2003-nji ýylyň dekabrynda Atajanowanyň öý tussaglygynda saklanýandygy barasyndaky gep-gürrüňler dogry çykmanam bolsa, şonda onuň erkek dogany we onuň ogullygy neşe söwdasyndan tutuldy. Atajanowa tussag edilende, onuň maşgala agzalarynyň aglabasy diýen ýaly, şol sanda erkek dogany we onuň ogullygy hem bireýýäm tussag ýagdaýyndady.
Atajanowa 2006-njy ýylda Daşoguzdaky aýallar tussaghanasyna iberildi. Bu Türkmenistanyň "Demir zenany" barasynda alnan iň soňky tassyklanan habar boldy.
Awtoryň beýan eden pikirleri we öňe sürýän garaýyşlary Azatlyk Radiosynyň pozisiýasyny aňlatmaýar.