Aşgabadyň azyk dükanlarynda Ahal welaýatynda öndürilýän “Ahal” atlandyrylýan pagta ýagy satuwa çykaryldy.
“Ahal” ýagynyň köpden bäri gyt haryda öwrülip, alyjylaryň ol harydy gözläp, Aşgabadyň dükanlaryna aýlanmaly bolandyklaryny, onuň satuwa çykarylan halatynda, uly nobatlary emele getirendigini Aşgabadyň ýaşaýjysy 60 ýaşly öý hojalykçy Bagdagül daýza aýdýar.
“Bir ýyldan hem gowurak wagt bäri pagta ýagyň gytalmagynyň sebäpleri barada ilata maglumat berilmedi. Ilat arasynda bolsa pagtanyň az öndürilýänligi bilen baglymyş diýen gürrüň ýaýrady. Ýöne pagta özümizde önýär ahyryn. Onsoňam pagta geçen ýylam, bu ýylam plandan artyk tabşyryldy diýip, habar beriş serişdeleri maglumat berip durlar. Pagta plany dolýan bolsa, ondan öndürilýän ýaglar näme sebäpden gytalýar?” diýip, Bagdagül daýza aýdýar.
Häzir “Ahal” ýagynyň satuwa çykandygyny ýaşaýjylar aýdýarlar. Ýöne olaryň sözüne görä, ol dükanlaryň tekjelerinde goýulyp, ilata elýeterli edilip arkaýynlykda satylmaýar. Haýsy dükana baryp “Ahal” ýagyny sorasaň, dükanyň ýeňse tarapyny salgy berýärler.
Tot-tozanyň içinde dükanyň ýeňsesinde her ele berilýän iki gap “Ahal” ýagyyň gapdaly bilen alyjylara geçmeýän gymmat baha azyk önümlerini hem goşup berýärler. Goşmaça berilýän azyk önümlerinden ýüz öwren alyja “Ahal” ýagynyň berilmeýändigini aýdýarlar.
Munuň sebäbini soranyňda satyjy: “Men näme edeýin?! Baryň, dükanyň içine girip, ýolbaşçylardan soraň” diýip jogap berýärler. Dükanyň içinde bolsa ýönekeý satyjylardan başga dükanyň müdirini ýa başga bir jogapkär adamy tapyp bolmaýandygyny aýdýarlar.
Aşgabadyň Andalyp köçesiniň ugrunda ýerleşýän Türkmenistanyň azyk senagaty döwlet birleşiginiň Türkmentagamlar söwda öýünde, ýagny “Sowgat” atlandyrylýan azyk dükanynyň arka ýüznde satylýan “Ahal” ýagynyň gapdalyna goşmaça berilýän agramy 50 gram, bahasy 1 manat 50 teňňe bolan daşary ýurtdan getirlen gymmat bahaly kökeden ýüz öwreninde, özüne “Ahal” ýagynyň berilmändigini aýdyp, aşgabatly ýaşaýjy Oraz aga gürrüň berdi.
Degişli makalalar
Iň köp okalan
1