Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda pensiýalar, kömek pullary bank kartlaryna geçiriler


Türkmenistanda bankomatdan pul çekýän zenanlar
Türkmenistanda bankomatdan pul çekýän zenanlar

Türkmenistanyň Sosial üpjünçilik edarasy pensionerleri, mümkinçiligi çäkli adamlary we kömek pullaryny alýan raýatlary tölegleri almak üçin ýörite bank hasaplaryny açmaga borçly etdi.

10-njy noýabrda “Türkmenistandan alternatiw habarlar” neşiri ýurduň Sosial üpjünçilik edarasynyň ýerli gulluklary tarapyndan ýaýradylan bildirişiň nusgasyny çap edip, raýatlara bank hasaplaryny açmak üçin 1-nji noýabrdan, 31-nji dekabra çenli wagt möhletiniň berlendigini habar berýär.

Täze düzgüne geçmek üçin raýatlaryň birnäçe resminamany ýygnamaly boljakdygyny we munuň ýekebara, erkin hereket edip bilmeýän adamlaryň durmuşyny kynlaşdyrjakdygyny, neşir ýazýar.

“Mümkinçiligi çäkli adamlara kömek pullarynyň plastik kartlara geçirilmegi üçin zerur bolan resminamalary ýygnamak kyn. Diňe bank hasabyny açdyrmak üçin, birnäçe gün nobata durmaly. Bu ylaýta-da, maýyp arabalaryndaky adamlar üçin hasam kyn. Sebäbi döwlet edaralarynda, hatda banklaryň birinde-de olar üçin niýetlenen şertler göz öňünde tutulmandyr” diýip, neşir öz çeşmesine salgylanyp, soňy bilen mümkinçiligi çäkli adamlaryň bankomatlaryň ýerleşen ýerine hem yzygiderli gatnamaly boljakdygyny belleýär.

Türkmenistanyň Pensiýa gaznasynyň şu ýylyň 9-njy oktýabryndaky 06/909 belgili haty esasynda ýaýradylandygy aýdylýan bildirişde, bu çäräniň ýurtda bank ulgamy boýunça amala aşyrylýan özgertmeleriň çäginde raýatlaryň pensiýa we döwlet kömek pullarynyň töleglerini häzirki zaman tejribeleri arkaly baýlaşdyryp, bank plastik kartlary esasynda hyzmat etmegiň döwrebap görnüşini durmuşa ornaşdyrmak hem-de nagt däl hasaplaşyklary has ösdürmek maksady bilen amala aşyrylýandygy aýdylýar.

Şol bir wagtyň özünde, Türkmenistanyň welaýatlarynda we paýtagt Aşgabatda bankomatlaryň sanynyň azdygy, olaryň aglabasynyň işlemeýändigi, bar bolan bankomatlarda-da köplenç nagt puluň ýetmezçilik edýändigi barada yzygiderli maglumatlar gelip gowuşýar.

Şu ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda paýtagtda aýlyklaryny nagtlaşdyrmak isleýän ýaşaýjylaryň birnäçe günläp, bankomatlaryň ýerleşdirilen nokatlaryna gatnamaly bolandygyny, her bankomatdan günde diňe 10 çemesi adamyň zähmet hakyny alyp bilendigini, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar beripdi.

Bu ýagdaýyň ýurduň çetki etrapdyr obalarynda has-da gözgynydygy, aýlyklary plastik kartlaryna geçirilen döwlet işgärleriniň ýa-da kärendeçi daýhanlaryň öz hasyl puluny ýa zähmet hakyny nagtlaşdyrmak üçin, goşmaça çykdajy edip, käte 300 kilometr uzaklykdaky etrap merkezlerine dört-bäş gezek gatnamaly bolýandygy aýdylýar.

Ýerli synçylar we ýaşaýjylaryň käbiri, ýurtda bankomatlaryň ýetmezçilik edýändigini we olarda köplenç nagt puluň tapdyrmaýandygyny nazara alanyňda, täze düzgüniň pensionerleriň we mümkinçiligi çäkli adamlaryň durmuşyny has-da çylşyrymlaşdyrjakdygyny hem-de bankomatlaryň öňünde has köp nobatyň emele gelmeginiň mümkindigini aýdýarlar.

Türkmenistanda Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlara 1169 manat möçberinde pensiýa, mümkinçiligi çäkli adamlara 350-715 manat aralygynda, çagaly enelere 150-300 manat aralygynda kömek pullary berilýär.

XS
SM
MD
LG