Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýran Türkmenistan bilen gaz dawasyny sudda däl-de, gepleşikler arkaly çözmek isleýär


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň şol döwürdäki prezidenti Mahmud Ahmedinejad. 6-njy ýanwar, 2010-njy ýyl. Döwletabat, Türkmenistan
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Eýranyň şol döwürdäki prezidenti Mahmud Ahmedinejad. 6-njy ýanwar, 2010-njy ýyl. Döwletabat, Türkmenistan

Eýranyň döwlete degişli Milli gaz kompaniýasy Türkmenistan bilen dörän gaz dawasyny sud zalynda däl-de, onuň daşynda maslahatlaşyp, gepleşikler arkaly çözmek isleýändigini mälim etdi.

Bu barada 5-nji noýabrda “Financial Tribune” neşiri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory, şol sanda ýurduň nebitgaz ministriniň orunbasary Hamid Reza Arakiniň “ISNA” habar agentligine beren maglumatyna salgylanyp habar berdi.

“Gaz dawasy boýunça gepleşikler dowam edýär... Biz bu dawany dialog arkaly çözmegi umyt edýäris. Eýranyň Türkmenistana garşy kanuny taýdan herekete geçmegi üçin henizem wagty bar. Ýöne, meniň pikirimçe, islendik mesele gepleşikler arkaly çözülip bilner” diýip, Araki aýtdy.

Ýatlap geçsek, geçen ýylyň aýagynda Aşgabadyň we Tähranyň arasynda gazyň tölegleri boýunça dörän dawa bilen baglylykda, şu ýylyň 1-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistan Eýrana tebigy gaz akdyrmagyny “birden” bes edipdi. Şonda Aşgabat Tähranyň türkmen gazy üçin 2 milliard amerikan dollary möçberinde bergisiniň bardygyny aýdypdy.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, akdyrylýan tebigy gazy keseni üçin, Türkmenistan Tährana jerime tölemeli bolar diýip, Aşgabady halkara arbitraž suduna berjekdigini aýdypdy. Aşgabat hem öz gezeginde, Eýrana akdyrylýan türkmen gazynyň çäklendirilmek ähtimallygy barada, Tährana öňünden duýdurylandygyny aýdypdy.

Şonda Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi “2013-nji ýyldan bäri Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň Eýran yslam respublikasyna öň akdyrylan türkmen gazy üçin, bergisini tölemekde zerur bolan tagallalary etmedi” diýipdi.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasy bolsa, 2007-2008-nji ýyllaryň gyşynda Türkmenistan ýurtdaky gaz ýetmezçiliginden peýdalanyp, ylalaşykda kesgitlenen bahany dokuz esse gymmatlatdy diýdi. Munuň netijesinde, öň 1000 m3 tebigy gaz üçin 40$ möçberinde töleg alnan bolsa, onuň möçberi 360$ çykarylypdyr.

Bu dawanyň fonunda Eýranyň ýokary derejeli resmileri türkmen gazyna zerurlygyň ýokdugyny aýdyp, telim tapgyr çykyş etdiler.

26-njy maýda bolsa, Araki Türkmenistan tebigy gazynyň bahasyny arzanlatsa, onda Eýran türkmen gazyny satyn almagy dowam etdirer diýdi. “Eger Aşgabat Tähranyň şertlerini kabul etmese, onda yslam respublikasy Türkmenistany Halkara arbitraž suduna berer we bu babatda ähli taýýarlyklar görüldi” diýip, ol belledi.

Türkmenistan öz tebigy gazyny üç ugur boýunça Hytaýa, Russiýa we Eýrana satýardy. 2016-njy ýylyň başynda dörän gaz dawasy sebäpli, Moskwa türkmen gazyny satyn almagy bes edensoň, Aşgabadyň Eýrana akdyrýan gazyny hem kesmegi bilen, Türkmenistan özüniň üç gaz müşderisiniň ikisini ýitirdi.

Oktýabr aýynda käbir media maglumatlarynda Türkmenistanyň öz gazyny swap, ýagny alyş-çalyş arkaly Eýranyň üstünden Türkiýä, ondanam transanatoliý gaz geçirijisine akdyrmagy Eýrana teklip edendigi barada habarlar peýda boldy. Ýöne Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory Hamid Reza Araki bu teklibe Eýranyň “meýilli” däldigini aýdyp çykyş etdi.

Häzirki wagtda, Türkmenistan tebigy gaz baýlygy taýdan dünýäde ilkinji orunlaryň birini eýeleýänem bolsa, ony eksport etmekde diňe bir alyja, ýagny Hytaýa garaşly bolmagynda galýar. Belläp geçsek bularyň ählisi, dünýäde energiýa serişdeleriniň bahasynyň aşaklamagy netijesinde, Türkmenistanyň agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan döwre gabat geldi.

XS
SM
MD
LG