Moskwada Orsýetiň köçe polisiýasynyň we milletçi demonstrantlaryň arasynda çaknyşyk boldy. Bu ýagdaý 4-nji noýabrda Orsýetiň Milli bütewülik senesini belleýän güni hökümete garşy geçirilen demonstrasiýanyň dowamynda ýüze çykdy.
Polisiýa Moskwanyň günorta-gündogar böleginde “Russkiý marş” atly ýyllyk ýörişe jemlenen protestçileriň öz plakatlaryny götermegine rugsat bermedi we olaryň ençemesini tussag etdi.
Guramaçylar ýörişiň dowamynda plakatlaryň göterilmegine häkimiýetler tarapyndan rugsat berilendigini aýdýarlar. Olaryň sözlerine görä, şäheriň häkimiýetleri demonstrasiýa rugsat berensoň, ýüzlerçe protestçi jemlenipdir, emma aksiýa polisiýa goşulydyr.
“Russkiý marş” atly ýörişiň ýene biri Moskwanyň demirgazyk böleginde geçýär.
Polisiýanyň we demonstrantlaryň arasyndaky çaknyşyk Orsýetiň dynç günlerinde syýasylaşdyrylan Milli bütewülik senesiniň belleýän wagtynda döredi.
Kreml tarapyndan on ýyldan gowrak wagt mundan ozal esaslandyrylan bu sene sowet döwrüniň Bolşewistik rewolýusiýasynyň ýyl dönüminiň ornuny tutdy.
Şu ýyl bu baýramçylyk 1917-nji ýylyň bolşewistik rewolýusiýasynyň 100 ýyllygyna gabat geldi.
Orsýetiň häkimiýetleri bu senäniň öňüsyrasynda 3-nji noýabrda Kremliň tankytçysynyň birnäçe tarapdaryny tussag edendigini habar berdiler we olaryň syýasylaşdyrylan baýramçylykda tertipsizligi döremek we hökümet binalaryna, polisiýa hüjüm etmek boýunça dildüwüşigi amala aşyrmagy planlaşdyrmakda güman edilýändigini aýtdylar.
Federal howpsuzlyk gullugy (FSB) şübhe bildirilen adamlaryň oppozision aktiwist Wýaçeslaw Maltsewiň “Artpodgotowka” atly “gizlin öýjüginiň” agzalarydygyny mälim etdi.
Özüni milletçi we anarhist diýip, atlandyrýan Maltsew Orsýet şu dynç günleri rewolýusiýa taýýar diýip, YouTube ulgamy arkaly aýtdy.
Orsýetiň TASS döwlet habar agentligi tutuş ýurt boýunça geçiriljek 2 müň çemesi çärede 90 müňden gowrak howpsuzlyk işgäriniň gözegçiligi amala aşyrjakdygyny aýtdy.
Milletçiler ençeme ýyl bäri 4-nji noýabrda öz ýörişlerini geçirip gelýärler.
Wladirmi Putin tarapyndan 2005-nji ýylda düýbi tutulan milli bütewülik güni Orsýetiň 1612-nji ýylda Polşanyň goşunlaryndan üstün çykyp, gazanan ýeňişini dabaralaýar.