Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigi aýdylýar, emma...


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow
Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow degişli türkmen resmilerine kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Emma pagtaçy kärendeçileriň onlarçasy döwlet harmanyna tabşyran pagtasy üçin, hasyl puluny indi iki hepdä golaý wagt bäri alyp bilmeýändigini aýdýar.

Türkmen lideri 30-njy oktýabrda geçiren hökümet maslahatynda ýurtda ýetişdirilen pagta hasylyny iň soňky hanasyna çenli ýygnap almak üçin zerur çäreleri görmegi belläp, tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmäge degişli meseleleri hemişe gözegçilikde saklamagyň zerurdygyny nygtady.

Şol bir wagtyň özünde, Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan onlarça pagtaçy daýhan resmi mediada kärendeçiler bilen hasaplaşyklaryň öz wagtynda geçirilmelidigi tekrarlansa-da, özleriniň oktýabr aýynyň ortalarynda tabşyran hasylynyň puluny henizem alyp bilmeýändigini aýdýarlar.

“Daşoguzda pagta ýygymyna gijräk girişilýänem bolsa, pagtany öz wagtynda ýygnap, tabşyrdyk. Ýöne banklardan hakymyzy, girdejimizi alyp bilemizok” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýurduň demirgazyk welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň Aşyr Kakabaýew adyndaky daýhan birleşiginiň “12-nji Brigad” ýa-da Garaguşly obasyndaky daýhanlaryň biri gürrüň berdi.

Şeýle-de, ol döwlet banklaryndan hasyl pullaryny öz wagtynda alyp bilmeýän oba daýhanlarynyň onlarçasynyň ýygymçylar bilen hasaplaşyklary geçirmek üçin, öz gapysyndaky mal-garasyny satmaga ýa-da tanyş-bilişlerinden karzyna pul almaga mejbur bolandygyny sözüniň üstüne goşdy.

“Pagta ýygmaga gelen adamlaryň köpüsi şäherlerde, döwlet edaralarynda işleýänler. Olara ýygýan pagtasy üçin töleglerini wagtynda bermelidik. Ýöne döwlet biziň bilen hasaplaşygy wagtynda geçirmändigi sebäpli bizde-de pul ýokdy. Şonuň üçin kimimiz mal-garamyzy satdyk, kimimizem tanyş-bilişden pul karz aldyk” diýip, garaguşly daýhan gürrüň berdi.

Galyberse-de, şugundyr ýetişdirýän daýhanlaryň ýagdaýynyňam pagtaçy kärendeçileriňkiden o diýen tapawutlanmaýandygy aýdylýar.

Balkan welaýatynyň Serdar etrabynyň Azady adyndaky we Garabogaz daýhan birleşiklerinde şeker şugundyryny ýetişdirýän kärendeçileriň ençemesi sentýabr aýynyň birinji ongünlüginde tabşyran hasyly üçin, hasaplaşyklaryň henizem doly geçirilmändigini gürrüň berdi.

“Daýhan birleşigi bilen daýhanlaryň arasynda baglaşylan şertnama laýyklykda, kärendeçiler şeker şugundyryny daýhan birleşiklerine tabşyrandan soň, 10 günüň dowamynda hasyl puly berilmeli. Indi 4-5 ýyl bäri şeker şugundyryny ýetişdirýäris. Ýöne ýekeje gezegem hasyl pulumyz wagtynda berilmedi. Şu ýylam şeýle boldy. Indi bir ýarym aý bäri hasyl pulumyzyň plastik kartlarymyza geçmegine garaşýarys” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanly daýhan aýdýar.

Ýatlap geçsek, bu türkmen daýhanlarynyň hasyl pullaryny öz wagtynda alyp bilmeýändigi barada ilat köpçüligine ýaýran ilkinji maglumatlar däl.

Şu ýylyň iýun aýynda Balkan welaýatyndaky kärendeçileriň onlarçasy döwlet harmanyna tabşyran galla hasyly üçin, öz plastik kartlaryna geçirilen puly nagtlaşdyrmakda kynçylyk çekýändiklerini habar beripdiler.

Şonda balkanly kärendeçiler bankomatlardan günde diňe 300 manady nagtlaşdyryp bolýandygyny, özleriniň bir ýyllap çeken zähmetiniň puluny almak üçin azyndan on gün bankomatlaryň bar nokatlaryna, hatda goşmaça çykdajy edip, beýleki etraplara ýa-da welaýat merkezlerine gitmeli bolýandyklaryny Azatlygyň ýerli çeşmelerine gürrüň beripdiler.

Bu maglumatlardan soň, türkmen telewideniýesinde “özleriniň tabşyran galla hasyly üçin alan girdejilerini hasaplaşmaga gelýän daýhanlaryň şatlyklaryny, begenç-buýsançlaryny hiç bir zat bilen deňär ýaly däl” diýlip, emaý bilen ykjam egin-eşikleri geýen kärendeçileriň hatara durup, bankomatlardan nagt puly alýan we ony başyna sylýan pursatlary görkezildi.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosyna daýhanlaryň öz hasyl pullaryny wagtynda alyp bilmeýändigi dogrusynda, degişli türkmen häkimiýetlerinden komentariý almak başartmady. Bu barada türkmen mediasynda hem mesele gozgalmaýar.

XS
SM
MD
LG