Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistan: Güýzki dynç alyşda okuwçylar pagta ýygmaga mejbur edilýär


Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan mekdep okuwçylary
Türkmenistanda pagta ýygymyna gatnaşýan mekdep okuwçylary

Şu hepdäniň başyndan Türkmenistanyň Ahal, Mary we Daşoguz welaýatlaryndaky oba we etrap mekdepleriniň okuwçylarynyň tas ählisi pagta ýygymyna mejbury çekilip başlandy. Bu waka türkmen prezidentiniň ýurtda pagta planynyň dolandygyny yglan eden mahalyna gabat geldi.

Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Ahalyň Baharly etrabynyň Bamy we Akdepe, Daşoguzyň Köneürgenç etrabynyň Azatlyk, Marynyň Täze ýol daýhan birleşiklerinde mekdep okuwçylarynyň öz islegine garamazdan, olar gün dogandan tä iňrik garalýança pagta ýygymyna gitmäge mejbur edilýärler.

“Etrabyň Bilim bölümi biziň ählimizi borçly etdiler, ýagny mekdebimizde okaýan 5-11-nji klas aralygyndaky okuwçylaryň ählisi [pagta] çekilýär. Biz şolaryň ata-enelerini ýygnap, ‘ýurt boýunça dowam edýän ýagdaý, çagalaryňyzam mugtuna işledilenok. Çagalaryňyz şunuň ýaly halk bähbitli işlere kömek etsin, çeken zähmetine görä kärendeçiler haklaryny tölär’ diýip, düşündiriş işlerini geçirdik diýýärler” diýip, aşgabatly synçy Amanmyrat Bugaýew agzaýan daýhan birleşiklerdäki mekdep mugallymlarynyň ençemesine salgylanyp gürrüň berdi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan ene-atalaryň ençemesi irden howanyň sowuklygy 4-5 gradusa çenli ýetýän şu günlerde okuwçylaryň pagta meýdanlarynda kösenýändiklerini boýun alsalar-da, ýurtda ykdysady kynçylyklaryň duýulýan we ýaşaýyş-durmuş harajatlarynyň gün-günden gymmatlaýan döwründe çagalary ekin meýdanlaryna ugratmaga mejbur bolýandyklaryny aýdýarlar.

Ýöne ene-atalar we mugallymlar çagalaryň öz ýaşaýan ýerinden 40-50 kilometr uzakdaky pagta meýdanlaryna ýörite enjamlaşdyrylmadyk ýük ulaglarda alnyp gidilýändigini we onda tehniki howpsuzlyk çäreleriniň doly göz öňünde tutulmandygyny aýdyp, olaryň ýol heläkçiligine uçramagyndan alada edýändiklerini belleýärler.

“Ol ýük maşynlaryna adam mündirmek gadagan, ýöne oba ýerinde oňa üns berilenok. Çagalaryň pagta meýdanlaryna ýörite awtoulaglarda alnyp gidilmezligi ata-eneleri we mugallymlary alada goýýar. ‘Bolmaz iş bolaýan ýagdaýynda hiç kimiňem jogapkärçiligi boýun almajagyny bilýärin’ diýip, mekdep direktorlarynyň biri gürrüň berýär” diýip, Bugaýew aýtdy.

Mekdep okuwçylaryň pagta ýygymyna çekilmegi, prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen daýhanlarynyň ýurduň harmanyna 1 million 50 müň tonnadan gowrak pagta tabşyryp, şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendigini mälim eden mahalyna gabat geldi.

Azatlygyň ýerli çeşmeleri bilen söhbetdeş bolan daýhanlar şu ýyl ýurtda pagta hasylynyň pes bolandygyna, üstesine-de, ekin meýdanlaryndaky gowaça hasylynyň heniz doly ýygylyp alynmandygyna ünsi çekip, türkmen häkimiýetleriniň pagta planynyň dolandygy baradaky çykyşyna şübheli garaýandyklaryny aýdýarlar.

Munuň bilen birlikde, olar ýakynda Özbegistandan 500 sany kombaýnyň satyn alnandygy aýdylsa-da, pagta ýygýan kombaýnlaryň henizem ýetmezçilik edýändigini, galyberse-de, bu tehnikalary 2-3 gektarlyk ýerlerde ulanyp bolmaýandygyny aýdyp, özleriniň el güýjünden peýdalanmaga mejbur bolýandyklaryny belleýärler.

Mundanam başga, türkmen häkimiýetleriniň daýhanlar bilen geçirýän hasaplaşyklarynyň gijikdirilýändigi sebäpli, kärendeçileriň okuwçylaryň ýygan her 1 kilogram pagtasy üçin 40 teňňe möçberindäki tölegleri öz wagtynda berip bilmeýändigi hem aýdylýar.

Türkmenistanyň mekdeplerinde 10 gün çemesi dowam etjek güýzki kanikullar geçen hepdäniň aýagynda başlandy. Okuwçylaryň pagta ýygymyna çekilmeginiň kanikullar tamamlanýança her gün, okuwlar başlanandan soň noýabr ýynyň ahyryna çenli her ýekşenbe güni dowam etjekdigini mugallymlar belleýärler.

Ýatladyp geçsek, oktýabr aýynyň başynda ýurduň etrapdyr obalarynda döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärleriň aglaba böleginiň pagta ýygymyna mejbury çekilendigi, oňa gatnaşmak islemeýänleriň öz ýerine hakyna adam tutmaly bolandygy habar berlipdi.

Türkmenistan halkara hukuk goraýjy toparlar tarapyndan pagta ýygymynda mejbury zähmetden we çaga zähmetinden peýdalanmakda tankyt edilýär. Emma türkmen häkimiýetleri bu aýyplamalary häzire çenli ne inkär edýärler, ne-de tassyklaýarlar.

Azatlyk Radiosy ýokarda gürrüňi edilen meseleler dogrusynda, degişli türkmen häkimiýetleri, şol sanda Ahalyň Baharly, Daşoguzyň Köneürgenç etrap häkimlikleri, Marynyň Täze ýol daýhan birleşiginiň resmileri bilen habarlaşanda, haýsydyr bir kommentariý almak başartmady.

XS
SM
MD
LG