Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Berdimuhamedow öz ýatyran Halk maslahatyny dikeldip, 'halkyň ýagdaýyny agraldýar'


Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyna gatnaýşar. 9-njy oktýabr, 2017 ý.
Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow Ýaşulular maslahatyna gatnaýşar. 9-njy oktýabr, 2017 ý.

Türkmen parlamentiniň tassyklamagy esasynda, Türkmenistanyň Ýaşulular maslahaty ýurduň ilkinji prezidenti S.Nyýazowyň döwründäki ýaly Halk maslahatyna, wekilçilikli organa öwrüldi, prezident G.Berdimuhamedow ony 2008-nji ýylda kanun çykaryjylyk güýjünden we beýleki ygtyýarlyklaryndan mahrum edip, ýönekeý geňeşçi maslahat görnüşine geçiripdi.

Ozalky Halk maslahaty prezident S.Nyýazowa ömürlik prezidentligiň berilmegini, ilata 2030-njy ýyla çenli sosial ýeňillikleriň berilmegini, soň prezidentiň janyna kast etmek synanyşygy diýilýän bilen ilteşikli hasaplanan adamlara ömürlik we uzak möhletli türme tussaglygynyň berilmegini, Nyýazowyň syýasatyna şübhe bildirmegiň jenaýat hasaplanylmagyny... kanunlaşdyrypdy.

Prezident Berdimuhamedow Halk maslahatyny ýatyrmak barada ozal kabul eden kararyny yzyna almagyny il içinden gowuşýan teklipler bilen delillendirdi. Şeýle-de ol S.Nyýazow döwründe girizilen we 2030-njy ýyla çenli saklanmaly edilen sosial ýeňillikleri, ýaşulularyň teklipleri esasynda, ýatyrýandygyny yglan etdi.

Berdimuhamedowyň sözlerine görä, bu ýeňillikler girizilende, döwletiň gaznasynda ilata aýlyk bermek üçin ýeterlik serişde ýokdy, ýurduň ykdysadyýeti örän çylşyrymly ýagdaýdady. Emma indi, prezidentiň tassyklamagyna görä, ýeterlik möçberde iş ýerleri döredildi we ilatyň gaz, elektrik, suw we beýleki jemagat hyzmatlary üçin töleg etmäge doly mümkinçiligi bar. Şeýle-de prezident, inflýasiýany we nyrhlaryň ýokarlanyşyny agzaman, her ýyl aýlyklary 10% ýokarlandyrýandygyny ýatladýar.

Ýerli synçylar Berdimuhamedowyň aýdýan sözlerinde logikanyň azdygyny, barha çuňlaşýan ykdysady krizisiň ony öz ýatyran Halk maslahatyny dikeldip, ähtimal halk nägileliginden goranmak üçin Nyýazowyň ulanan emellerine ýapyşmaga mejbur edýändigini aýdýarlar.

"Berdimuhamedowyň özüne hem zelel"

Şwesiýada ýaşaýan türkmen ykdysatçysy Hudaýberdi Orazow “mugt zat bolmaly däl, hemme zat tölegli bolmaly, şonuň bilen birlikde hemme zat ölçegli bolmaly” diýýär.

Türkmenistanyň Merkezi bankynyň ozalky başlygynyň tassyklamagyna görä, Nyýazow döwründäki ýeňillikler her maşgalada adam başyna düşýän girdejini nazara almak bilen girizildi, ikinji tarapdan ýurtda adamlaryň aýlyklary töwerekdäki ýurtlar bilen deňeşdirilende hem pes bolup galdy. Şu sebäpden ol ýeňillikleriň ýatyrylmagynyň adamlara "juda agyr düşjegini", ikinji tarapdan "Berdimuhamedowyň özüne hem zeleldigini", bu kararyň onuň halk arasyndaky abraýyny gaçyrýandygyny aýdýar.

Türkmenistanyň bosgunlykda döredilen Respublika partiýasynyň ýolbaşçysy Nurmuhammet Hanamowyň pikirine görä,Berdimuhamedowyň ýeňillikleri ýatyryp, Halk maslahatyny dikeltmegi hakykatda onuň ýurtdaky ýagdaýyň Nyýazow döwründäkiden has agyrlaşandygyny tassyklamagy, boýun almagy boldy.

Ol 1990-njy ýyllaryň başynda ykdysady ýagdaýyň ýeňil bolmandygy bilen ylalaşýar. “Emma şol wagt ilata mugt hyzmatlary bermäge mümkinçiligiň bolandygy hem fakt, häzir şol mümkinçilik – döwletiň gorlary Berdimuhamedowyň oýlanyşyksyz proýektleri netijesinde doly gutarana meňzeýär” diýip, Hanamow iş ýerleriniň köpelendigi barada aýdylýanlary hem ret etdi.

Ozalky ilçiniň pikirine görä, nebit-gaz nyrhlarynyň peselmegi bilen türkmen ykdysadyýetiniň ýagdaýy juda agraldy we Berdimuhamedow indi “býujetiň ýagdaýyny düzetmek üçin” ilatyň “agzyndan kesmekden” başga alaç tapmady.

Halk maslahatynyň dikeldilmegi Berdimuhamedowyň öz güýjüne häzir 2008-nji ýyldaky ýaly derejede hem ynanmaýandygyny görkezýär” diýip, Hanamow Azatlyk bilen Wenadan eden telefon söhbetdeşliginde aýtdy.

Türkmenistanda 1-nji ýanwardan bäri minimal aýlyk 715 manat möçberinde kesgitlenýär we munuň döwlet kursunda 205 dollar töweregi bolýandygy aýdylýar. Şonuň bilen bir wagtda, resmi taýdan tassyklanylmaýan we inkär edilmeýän habarlara görä, ýurtda işsizligiň derejesi 50 prosentden ýokarda bolmagynda galýar.

Garaşsyzlyk senesi we Magtymguly günleri

Ýaşulular maslahatynyň nobatdaky mejlisinde diňe ýeňillikler ýatyrylmady, eýsem Türkmenistanyň Garaşsyzlyk baýramynyň bellenilýän güni hem üýtgedilip, 27-nji oktýabrdan27-nji sentýabra geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň 27-nji oktýabrda bellenmegi Türkmenistanyň 1924-nji ýylda ozalky SSSR-iň düzüminde respublika diýlip yglan edilen gününden gözbaş alýardy.

Türkmen intellgentsiýasy 1991-nji ýylda S.Nyýazowdan şol senäniň saklanmagyny haýyş edipdi we ol muňa razy bolupdy. Muňa derek indi Türkmenistan öz garaşsyzlygyny has giçki waka bilen baglylykda– 5-nji Aziýa oýunlarynyň ýapylan gününde bellär.

Şeýle-de türkmenistanlylar 1975-nji ýyldan bäri maý aýynda bellenilýän Magtymguly günlerini indi 27-nji iýunda - Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni görnüşinde, dynç alyş günsüz bellärler.

Ilkiler bir hepde bütin ýurt boýunça bellenen şygryýet güni 1977-nji ýyldan soň 19-njy maýda, şol wagtky Kompartiýanyň birinji sekretarynyň Pyragynyň Aşgabatdaky ýadygärligine gül çemenini goýmagynda bellenilýärdi. Indi türkmen häkimiýetleri Magtymgulynyň bu taryhy ýadygärligini şäher daşyna göçürmegi planlaşdyrýar.

Baýramçylyklar we hatyra günleri bilen bagly üýtgetmeler netijesinde ozal “tötänden” S.Nyýazowyň doglan gününe düşen Baýdak güni indi 19-njy fewralda däl-de, 18-nji maýda, Konstitusiýa güni bilen belleniler.

XS
SM
MD
LG