Şu günler Türkmenistanyň döwlete degişli edaralarynyň tas ählisinde diýen ýaly 2018-nji ýylyň birinji ýarymy üçin, gazet-žurnallara abuna ýazyşlygyň başlanandygy habar berilýär.
Aýdylmagyna görä, öňkülerden tapawutlylykda bu gezek edara ýolbaşçylary işgärlerden gazet-žurnallara “öz islegi” bilen ýazylýandyklary hakyndaky resminama gol goýmagy talap edýärler.
Azatlyk Radiosy bu mesele bilen gyzyklanyp, Aşgabatda ýaşaýan ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.