Aşgabatda ýetip gelýän Aziada sebäpli transport hereketine girizilen çäklendirmeler, Aziýa oýunlarynyň geçjek ýeriniň golaýyndaky kiçi azyk dükanlaryň uçdantutma ýapylmagy paýtagtyň gür ilatly "Mir" (Parahat) mikroraýonlar toplumynda 40 müňden gowrak adamyň süýt-gatyksyz galmagyna alyp gelýär diýip, Azatlygyň ýerli çeşmeleri habar berýär.
Şol bir wagtda her gün daňdan, “Berkararlyk” söwda we dynç alyş merkezine azyk getirýän ýük maşynlarynyň hereketine rugsat berilýändigi, emma bu merkeziň diňe Aziýa oýunlarynyň myhmanlaryna hyzmat edýändigi, ýerli ilatyň oňa goýberilmeýändigi aýdylýar.
Azatlygyň ozal habar berşi ýaly, Aziadanyň golaýlamagy bilen welaýatlardan paýtagta azyk önümlerini, şol sanda ýerli firmalaryň süýt-gatyk önümlerinigetirýän ýük maşynlary hem şähere goýberilmeýär.
“Mir" mikroraýonlar toplumynda şu gün bazara süýt-gatyk almaga gidenler boş geldiler, sebäbi indi täze süýt-gatyk önümleriniň getirilmeýänine bir hepde boldy, möhleti geçen önümleri bolsa, jerime salynmagyndan çekinip,satuwdan aýyrypdyrlar” diýip, ýaşaýjylaryň biri Azatlyk radiosyna aýtdy.
Regionlardan gelen ýolagçylar şäher daşynda gurlan awtoduralgalara gelip, şol ýerden taksilere ýa jemgyýetçilik transportyna münüp, şähere gaýdýar, emma ýük, azyk getirýän maşynlaryň ýüklerini şäher içindäki bazarlara getirýän ýörite azyk çekiji maşynlary nazarda tutmandyrlar diýip, bazar işgärleriniň biri Azatlygyň habarçysyna aýtdy.
“Mir" mikroraýonlarynyň içine hiç hili awtoulag goýberilmeýär. Marynyň “Elin”, Tejeniň “Gönezlik”, Ruhabadyň “Zamana” atly süýt-gatyk firmalarynyň önümleriilat içinde iň gowy görülýän süýt-gatyk önümleridi, emma olar indi bazara bir hepde bäri getirilenok, beýleki firmalaryň önümleri hem gelenok” diýip, adynyň aýdylmazlygyny soran aşgabatly ýaşaýjy aýtdy.
Azatlygyň ýene bir çeşmesiniň sözlerine görä, şäher daşynda gurlan awtoduralgalarda welaýatlardan azyk getirýän ýük maşynlarynyň azyk önümlerinisaklar ýaly sowadyjylar hem ýok we yssy howada önümleriniň zaýalanjagyny bilýän firmalar häzirlikçe paýtagta süýt-gatyk getirmegi goýbolsun edipdirler.
“Mir bazarynda” süýt-gatyk önümlerini satýan elliden gowrak tekje bar, bu bazaryň gündogar tarapynda ozalky “A Market”, häzirki “Ruhybelent” marketi bar we olaryň dükanlaryna getirilen süýt-gatyk önümlerini şu gün aýyrypdyrlar, düýn baramda olara 3-4-nji sentýabrda öndürilen diýip möhür basylandygyna gözüm düşdi” diýip, Azatlygyň çeşmesi habar berdi.
Şeýle-de ol bu önümleriň aglabasynyň zaýalanmajak, iýmäge-içmäge ýaramly möhletiniň 36 sagatdygyny, bazarlardaky et-ýag önümleriniň üzül-kesil azalandygyny aýtdy.
"Mir bazaryndaky" satyjylaryň birnäçesiniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, eger-de bu ýagdaý ýene bir hepde dowam etse, bazar durşuna boşap galar.
“Sebäbi hiç hili täze haryt getirilenok, polisiýa hiç hili eglişige ýa ylalaşyga gidenok, emma daňdan “Berkarar” söwda merkezine azyk önümlerini getirýän ýük maşynlaryny welin görýäris diýip, bazar işgärleriniň biri aýtdy.
"Mir" mikroraýonlar toplumynda transport hereketiniň gadaganlygyna gözegçilik edýän polisiýa işgärleriniň biriniň Azatlygyň habarçysyna aýtmagyna görä, bu ýagdaý, ýagny maşynlaryň mikroraýonlara goýberilmezligi 5-nji oktýabra çenli dowam etjege meňzeýär.