Türkmenistanda welaýat belgili ulaglaryň Aşgabada girmegi gadagan edilensoň, ýurduň dürli regionlaryndan Çoganlydaky taksi duralgasyna gelen ýolagçylaryň paýtagta gelmek üçin azyndan 1 sagat awtobusa garaşmaly bolýandygy habar berilýär.
Ýatladyp geçsek, şu ýylyň sentýabr aýynyň 17-27-si aralygynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň golaýlamagy bilen, welaýatlardan gelýän ulaglaryň we ýolagçy taksileriniň paýtagta girmegi dil üsti bilen gadagan edilip, häzirki wagt olaryň diňe Çoganlydaky taksi duralgasyna ýa-da Halkara awtoduralgasyna çenli gelmegine rugsat edilýär.
Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleriniň tassyklamagyna görä, Aşgabadyň 10 kilometr çemesi demirgazygynda ýerleşýän Çoganlydaky taksi duralgasyna diňe bir marşrut boýunça hereket edýän awtobus gatnaýar we ýolagçylar diňe şol marşrut arkaly şähere baryp bilýärler.
“Ol Aşgabadyň demirgazygyndaky Çoganly gonamçylygyna gatnaýan 42-nji nomerli awtobus marşruty. Adamlar bir awtobus gelip gidensoň, ikinji awtobusyň gelerine azyndan 1 sagat 20 minut çemesi garaşmaly bolýarlar. Iň gowy bolanda 1 sagat 20 minutdan gelýär” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.
Ol agzalýan duralgada ýolagçylaryň awtobusa garaşmagy üçin niýetlenen kölegeli oturgyçlaryň hem göz öňünde tutulmandygyny, howanyň gyzgynlygy 40 gradusdan hem aşýan şu günlerde adamlaryň günüň aşagynda ýa-da golaýdaky jaýyň kölegesinde dik aýak üstünde durmaly bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
“Ol ýer asfalt düşelen meýdan. Şol ýerde öz ýolagçylaryna garaşýan taksiler üçin niýetlenen juda insiz basdyrmalar bar. Meselem, bäş welaýatyň her biri üçin 10 maşyn sygar ýaly ýer. Ýolagçylara niýetlenen saýa-da, oturar ýaly oturgyjam ýok. Dik aýak üstünde günüň aşagynda durmaly ýa-da iki etažly administratiw jaý bar. Şonuň kölege tarapynda birek-birege ýaplanyp diýen ýaly durmaly. Başga çykalga ýok” diýip, Bugaýew gürrüň berdi.
Ýolagçylardan we taksi sürüjilerden käbiriniň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, bu duralga welaýatlardan ortaça her 5 minutdan bir taksi gelýär, onda-da azyndan dört ýolagçy bolýar.
“Şeýle bolanda, bu duralga her ýarym sagatda azyndan 24 ýolagçy gelýär. Şu nukdaýnazardan seredenimizde, Aziýa oýunlary tamamlanýança ýa-da welaýat belgili ulaglaryň şähere girmegine rugsat berilýänçä, awtobus ýa-da miniawtobus gatnawyny her ýarym sagatdan ýola goýsalar, ýolagçylar üçin örän amatly bolardy” diýip, adynyň efirde agzalmazlygyny soran balkanly ýolagçylardan biri aýtdy.
Ol paýtagtdan welaýatlara gitmekçi bolýan ýolagçylaryň-da edil şu kynçylyklary başdan geçirmeli bolýandygyny sözüniň üstüne goşdy.
Ýeri gelende bellesek, türkmen häkimiýetleri ýa-da media serişdeleri tarapyndan welaýatdan gelýän ýolagçylaryň başdan geçirýän transport kynçylyklary barada ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.
Şol bir wagtda, Türkmenistanyň resmi mediasy Aziýa oýunlarynyň bir aý öňüsyrasynda, Aşgabatda täze awtobuslaryň we taksileriň ýüzlerçesiniň ulanyşa berlendigini habar berdi. Günorta Koreýadan satyn alnan 200 awtobusyň we Ýaponiýadan satyn alnan ýeňil ulaglardan 100 taksiniň şäheriň ýaşaýjylary hem-de sentýabrda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň myhmanlary üçin niýetlenýändigi aýdylýar.
Türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň çäginde, dil üsti bilen berlen görkezme esasynda, ençeme tapgyr çäklendirmeler girizdi. Olaryň arasynda paýtagty "köne ulaglardan", köçe söwdagärlerinden, eýesiz haýwanlardan "arassalamak" we Aşgabatda ýazga durmadyk türkmenistanlylary öz ýaşaýan regionyna ugratmak, welaýat belgili ulaglary şähere goýbermezlik ýaly çäreler bar.
Mundanam başga, paýtagtda ýaşaýan öňki tussaglaryň we psihiki näsaglaryň Aziýa oýunlarynyň geçjek territoriýasyna barmagy gadagan edilip, olara bu sebitde görünmezlik tabşyryldy.
Şol wagtyň özünde, türkmen häkimiýetleri Aziýa oýunlarynyň ýurduň halkara derejesindäki abraýyny artdyrjakdygyny tekrarlaýarlar, emma dünýäde energiýa serişdeleriniň bahalarynyň aşaklamagy bilen agyr ykdysady krizisi başdan geçirýändigi aýdylýan Türkmenistanyň bu oýunlara, oňa görülýän taýýarlyklara çykarýan pul serişdeleri barada aýdyň hiç zat aýdylmaýar.