Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owgan güýçleri Türkmenistanyň golaýyndaky etrabyň kontrollygyny yzyna aldy


Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary
Owgan howpsuzlyk güýçleriniň agzalary

Owganystanyň Farýab welaýatynyň Kohistan etrabyny owgan güýçleri jeňçilerden yzyna aldy. Bu etrap mundan dört gün öň jeňçileriň kontrollygyna geçipdi.

Owgan howa güýçleriniň hüjümleri netijesinde, jeňçiler etrabyň merkezi Lowlaş şäherçesinden yzyna çekilmäge mejbur boldy. Ýöne Bender atly sebitde jeňçileriň gaýtadan bir ýere jemlenýändigini, Farýab welaýat geňeşiniň deputatlary aýdýarlar.

Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili general Döwlet Weziriniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, Kohistanda jeňçilere garşy harby operasiýa başladylyp, etrabyň merkezi jeňçilerden arassalandy.

“Owgan güýçleriniň hüjüminde 30-a golaý jeňçi öldürildi. Urşa Arbaki atly ýerli ýaragly toparlar hem gatnaşdy” diýip, Weziri aýtdy.

Farýab welaýatynyň Kohistan etraby strategik taýdan ähmiýetli region hasaplanylýar. Welaýatyň Türkmenistan bilen serhetleşýän etraplarynda-da owgan güýçleri bilen jeňçileriň arasynda çaknyşyklar dowam edýär.

Türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda howpsuzlyk şertleriniň ýaramazdygyny Owganystanyň Goranmak ministrliginiň metbugat wekili general Döwlet Weziri hem tassyklady.

Ýöne owgan territoriýasyndan goňşy ýurtlara, hususanda, Türkmenistana zyýan ýetirilmegine rugsat berilmejegini hem general Weziri nygtady.

Kohistan etrabynyň ýerli ýaraglylaryň kömegi bilen jeňçilerden yzyna alnandygyny Farýab welaýat geňeşiniň başlygy deputat Muhammetsemi Haýyrha hem tassyklady. Emma onuň aýtmagyna görä, jeňçiler welaýatyň sekiz etrabynyň obalaryna eýeçilik edýär. Mazar-e-Şerif – Farýab şaýoly hem jeňçileriň kontrollygyna geçipdir.

“Sekiz etrapda hökümetiň kontrollygy ýok. Döwlet güýçleri agzalan etraplaryň köpüsine baryp bilmeýärler” diýip, Muhammetsemi Haýyrha Azatlyk Radiosyna aýtdy.

Türkmen-owgan serhet araçäginiň uzynlygy 800 kilometre golaý bolup, Farýab welaýatynyň 300 kilometre golaýy Türkmenistan bilen serhetleşýär. Deputatyň aýtmagyna görä, türkmen-owgan serhediniň Owganystan tarapynda jeňçiler hereket edýär.

“Bu territoriýa jeňçilerden arassalanmasa, Türkmenistanyň amala aşyrmakçy bolýan il bähbitli proýektleriniň işine girişmek mümkin däldir. Serhetýakadaky ýagdaýlar bizi howsala salýar” diýip, deputat Haýyrha nygtady.

Farýab welaýat geňeşiniň agzasy deputat Seýit Abdulbaky Haşeminiň aýtmagyna görä, bu welaýatda “yslam döwleti” atly toparyň söweşijileri hem herekete geçipdir.

“Yslam döwleti toparynyň jeňçileri Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän regionlaryna öz ünsüni gönükdirýär” diýip, Haşemi aýtdy.

XS
SM
MD
LG