Demirgazyk Owganystanyň Farýab welaýatynyň häkimliginiň web sahypasynda ýaýradylan maglumata görä, welaýatyň Anthoý şäherinde Türkmenistanyň ýardamy bilen koronawirus infeksiýasyny anyklaýyş merkezi gurulýar. Beýle merkezi gurmak üçin, resmi hem maddy taýýarlyklaryň ählisi görlüpdir.
Türkmenistanda Gadyr gijesi mynasybetli köpçülikleýin günä geçiş çäresi yglan edildi. Nobatdaky türme tussaglygyndan boşadylan 1192 adamyň arasynda 210 daşary ýurtly tussaglar bar. Olardan 126 adam Owganystanyň raýatydyr.
Türkmenistan Owganystanyň halkyna nobatdaky gezek ynsanperwer ýardamyny ugratdy. Azyk önümlerinden ybarat ýükler geçen şenbe güni, ýagny 2-nji maýda Akine benderinde owgan resmilerine gowşuryldy. Ýöne ol ýükleri "Talyban" ýolda ele geçirdirler.
Owganystanyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Badahşan welaýaty strategiki taýdan örän möhüm orunda durýar. Bu welaýat Pakistan, Hytaý hem Täjigistan bilen serhetleşýär. Badahşan welaýatynyň 28 etraby bar. Welaýatyň territoriýasynyň aglaba bölegini daglyk region gurşap alýar.
Günorta-gündogar Owganystanyň Nangarhar welaýaty ‘Yslam döwleti’ diýilýän toparyň merkezi hasaplanýardy. Soňky döwürde ol welaýatdaky Talyp hereketi bilen ‘YD’ toparyň arasynda çaknyşyklar ýüze çykdy.
Farýap welaýatynyň Garamogal we Gorgan etraplarynda jeňçilere garşy harby operasiýanyň başlanandygyny owgan armiýasynyň demirgazyk Owganystanda ýerleşen “209 – Şahin” atly harby diwiziýasynyň metbugat wekili Mumammet Hanyp Rezaýy Azatlyk Radiosyna aýtdy.
Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Horasan atly lagerinde kyn şertlerde ýaşaýan içerki bosgunlara edilýän kömekler artdy.
Geçen hepde Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän demirgazyk-günbatar sebitlerinde owgan hökümet güýçleri bilen jeňçileriň arasynda çaknyşyk boldy.
Owganystanyň wise-prezident, general Reşit Dostumyň metbugat wekili we ýurduň milli mejlisiniň agzasy Beşir Ahmet Taýançtürkmen-owgan serhediniň goralyşynyň gowşak bolmagyndan alada bildirdi.
Owganystanyň Farýab welaýatynyň Kohistan etrabyny owgan güýçleri jeňçilerden yzyna aldy. Bu etrap mundan dört gün öň jeňçileriň kontrollygyna geçipdi.
Owganystanda gyz çagalaryň hem mekdeplerde bilim almagyna aýratyn üns berlip başlandy. Owgan türkmenleriniň ararsynda-da gyz çagalar bilim alar ýaly ýörite mekdepler açyldy.
Owganystanyň öňki Suw we energetika boýunça ministri Muhammet Ysmaýyl Türkmenistanyň "Talyban" toparyna hemaýat edýändigini aýtdy. Türkmenistanyň "Talyban" söweşijilerini ok-ýarag we harby enjam bilen üpjün edýändigini bildirip, Ysmaýyl Han şeýle diýdi.
Şu gün 28-nji noýabrda Owganystanda Aziýa halkara demir ýol gurluşygynyň 1-nji tapgyry açyldy. Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň hem Owganystanyň prezidentleri gatnaşdylar.
Bu ýyl Demirgazyk Owganystanda neşe önümi has artypdyr. Öň göknar öndürilmeýän welaýatlarda hem bu ýyl göknar köp ekilipdir.
Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda ýaşaýan özbekleriň hem türkmenleriň merkezi hökümetiň alyp barýan milli syýasatyndan närazylygy barha artýar. Owgan prezidenti saýlawlarda beren wadasynyň hiç birinde durmandyr. Demirgazyk Owganystayň türkmenleri jemlenip, merkezi hökümete närazylygyny bildirip ýygnak geçirdiler.
Demirgazyk Owganystanda “Arbaki” atly ýarym resmi ýerli ýaragly jeňçilere garşy göreş barýar. Soňky günlerde halk hem jeňçilere garşy herekete başlady. Aýal-gyzlaram eline ýarag aldy.
Owganystanyň esasy kanunynda türkmen dili 3-nji ýerli resmi dil hökmünde kabul edildi. Şondan soňra Owganystanyň Magaryf ministrligi tarapyndan okuw kitaplary türkmen dilinde çap edildi.
Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleri barha ýaramazlaşýar. Türkmenistan bilen serhetleşýän Badgys welaýatynyň Marçak sebitini söweşijileriň ýene gabawa alandygy habar berilýär.