Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat: Zir-zibil gutularynyň daş-töweregi arassalanmaýar


Aşgabatda ýoluň gyrasyna dökülen zir-zibiller
Aşgabatda ýoluň gyrasyna dökülen zir-zibiller

Aşgabatda hojalyk hajatlarynda ýüze çykýan zir-zibilleri ýygnamak işlerinde säwliklere ýol berilýändigi habar berilýär.

Azatlyk Radiosynyň paýtagtdaky çeşmeleri şäheriň Parahat-1,2,3,4 etrapçalarynda zir-zibil gutularynyň töweregindäki arassalanmadyk galyndylaryň porsap, mör-möjekleriň üýşmegine sebäp bolýandygyny we munuň ýaşaýjylara oňaýsyzlyklary döredýändigini adýarlar.

“Demir gutularyň duran ýeri turşap, erbet ys ýaýraýar. Şol ys demir gutularyň 50-100 metr golaýyndan geçeniňde-de burnuňa urýar. Üstesine-de, şol ýerde mör-möjekler juda köp. Siňek, gyzyl ary ýaly mör-möjekler şu ýere ýygnanýarlar. Şonuň ysy sebäpli adamlar demir gutularyň golaýyndan geçmäge elheder edýärler” diýip, Aşgabadyň Parahat 2 etrapçasynyň ýaşaýjysy ýazyjy we synçy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.

Onuň sözlerine görä, Parahat etrapçalarynda ýerleşdirilen zir-zibil gutularyndaky hojalyk hajatlarynyň galyndylary her gün diýen ýaly ýygnalsa-da, olaryň daş-töwereginde geçirilýän arassaçylyk işleri indi tas üç aý bäri berjaý edilmeýär. Bu bolsa, hapaçylygyň döremegine sebäp bolýan esasy faktor bolup durýar.

Aşgabatda öz wagtynda arassalanmaýan zir-zibiller
Aşgabatda öz wagtynda arassalanmaýan zir-zibiller

“Zir-zibil oklanýan demir gutularyň durýan ýerleri bolmanynda hepde-de iki gezek dürli himiki suwuklyklar bilen dezinfeksiýa edilýärdi, ýagny şolaryň duran ýerleri ýuwulýardy. Hatda şol demir sandyklaryň içinem belli bir derejede şonuň bilen ýuwýardylar. 2017-nji ýylyň tomus paslynyň başlanmagy bilen şol zatlar unudyldy” diýip, Bugaýew aýtdy.

Galyberse-de, ol paýtagtyň çetki, ýagny protokol köçelere ýanaşyp durmaýan mikroraýonlaryndaky ýagdaýyň Parahat etrapçalaryndakydan hem ýaramazdygyny, şol sebitiň ýaşaýjylaryna salgylanyp gürrüň berýär.

“Şäheriň 4-nji, 5-nji, 6-njy, 9-njy, 10-njy we 11-nji mikroraýonlarynda ýaşaýjylaryň zir-zibil oklamak üçin niýetlenen ýörite demir guty goýulman, üç tarapyna beton haýat aýlanan ýerlere öz zir-zibillerini oklap gaýdýandygyny aýdýarlar. Ony ýörite tehnika gelip almaly. Käte şolaryň alynmagynyň iki-üç güne, çendan bir hepdä çekýän wagty bolýar diýip, ýaşaýjylar gürrüň berýärler” diýip, Bugaýew aýtdy.

Aýdylmagyna görä, Parahat-2 etrapçasynyň ençeme ýaşaýjysy bu ýagdaý bilen baglanyşykly şäheriň häzirki wagtda Jemagat hojalygy diýlip atlandyrylýan Kommunal gullugyna we ähli babatda Arassaçylyga gözegçilik edýän edarasyna arz edende, olar öz arz-şikaýatlaryna indi iki aýa golaý wagt bäri netijeli jogap alyp bilmän gelýärler.

Aşgabatda ýoluň gyrasyna dökülen zir-zibilleriň üýşmegi
Aşgabatda ýoluň gyrasyna dökülen zir-zibilleriň üýşmegi

“Zir-zibil gutularynyň töwerek-daşynyň wagtynda arassalanmazlygy bilen baglanyşykly, ilki degişli öý dolandyryş edaralaryna arz etdik. Bu edaranyň jogapkär resmileri bu meseläniň özlerine däl-de, şäheriň Kommunal gullugyna we Arassaçylyga gözegçilik edýän edarasyna degişlidigini aýtdylar. Bu edaralaryň işgärlerem ‘Şäher ulalýar, häzir tehnika ýetenok. Şonuň üçinem gaýrat ediň, ýagdaý bolanyndan arassaçylyk işlerini geçireris’ diýip, jogap berýärler. Ýöne aradan bir hepde geçse-de, 1 aý geçse-de, edilýän iş ýok” diýip, Parahat etrapçasynyň adynyň efirde agzalmazlygyny soran ýaşaýjysy aýtdy.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň ençemesi soňky ýyllarda Aşgabady “abadanlaşdyrmak işleriniň” çäginde jaýlaryň daşyny mermere meňzeş alfagon serişdesi bilen örtmek, köçeleri abatlamak we beýleki çärelere döwlet býujetinden uly möçberde maliýe serişdeleri harçlansa-da, şäheriň arassaçylygyna degişli esasy ýerlere, ýagny zir-zibil dökülýän nokatlara ýeterlik üns berilmeýändigini aýdýarlar.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Azatlyk Radiosy bu mesele dogrusynda, Aşgabadyň häzirki wagtda Jemagat hojalygy diýlip atlandyrylýan Kommunal gullugy we ähli babatda Arassaçylyga gözegçilik edýän edarasy bilen habarlaşanda, bu barada kommentariý almak başartmady. Bu mesele barada Türkmenistanyň resmi media serişdelerinde hem häzirlikçe ilat köpçüligine haýsydyr bir maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG