Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň başlanmagyna az wagtyň galandygyny aýdyp, hökümet resmilerine bu halkara sport bäsleşigine görülýän taýýarlyk çärelerini ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmegi tabşyrdy.
Türkmenistanyň resmi mediasynyň 29-njy maýda ýaýradan habarynda, bu çärelere taýýarlyklary ýokary derejede guramalaşdyrmak barada, türkmen lideriniň welaýat häkimlerine we beýleki degişli resmilere anyk birnäçe görkezmeleri berendigi aýdylýar. Emma şol görkezmeleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar.
Adynyň efirde tutulmazlygyny soran Aşgabadyň käbir mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň mugallymlary we önümçilik edaralarynyň işgärleri bu görkezmäniň eýýämden özlerine täsir ýetirip başlandygyny, özleriniň agzalýan çärelere tomusky zähmet dynç alşynda hem gatnaşmaga borçly edilýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine gürrüň berdiler.
“25-nji maýda geçirilen Soňky jaň dabarasyndan soňra, mekdep mugallymlarynyň agramly bölegi tomusky zähmet rugsadyna ugradyldy. Ýöne olara-da, zähmet rugsadynda bolsalaram, ‘Aziada-2017’ bäsleşiginiň başlanmagyna 100 galmagy mynasybetli geçirilýän çärelere gatnaşmaga borçly edilip, ýörite gol çekdiripdirler. Olar diňe ‘Aziada-2017’ bäsleşiginiň başlanmagyna 100 galýan güni mekdebe gelmeli däl-de, eýsem, üç-dört gün öňünden gelip, her mekdebiň, her okuw jaýynyň amal etmeli sport, konsert çäreleriniň taýýarlyklaryna gatnaşmaly” diýip, aşgabatly synçy we ýazyjy Amanmyrat Bugaýew aýtdy.
Mundanam başga, mekdep we ýokary okuw jaýlarynyň käbir mugallymlary iýun aýynyň ortalaryna çenli gutardyş ekzamenleriniň geçirilýändigine garamazdan, taýýarlyk işleri sebäpli käbir okuwçylaryň we studentleriň ekzamenlere däl-de, çärelere gatnaşmaga borçly edilendigini bellediler.
Berdimuhamedow duşenbe güni eden çykyşynda “maşgala, ene-ata, çagalar hakynda alada baradaky döwlet syýasatynyň ykdysady milli strategiýa bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyny, bu strategiýanyň bolsa, türkmen halkynyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini” aýtdy.
Emma käbir ene-atalar “Aziada-2017” oýunlaryna görülýän taýýarlyklaryň tomsuň üç aý jokrama yssysyna gabat gelýändigini aýdyp, bu çäreleriň, döwletiň aýdyşy ýaly, halkyň durmuş derejesini ýokarlandyrman, gaýtam tersine, pese gaçyrýandygyny gürrüň berýärler.
“‘Tomsuň jokrama yssysynda, özem ýurtda howanyň gyzgynlygynyň kölegede 40-45 gradusa ýetýän mahaly, beýle çäre nämä gerekkä? Eger hökümetiň özi şony dabara edesi gelýän bolsa, onda ýurtda sport ugrundan çörek iýýänler, sport ugrundan ýörite ýokary okuw jaýy bar. Ine, şularyň gatnaşmagynda bolmaýarmyka? Näme üçin biziň çagalarymyz bu ot yssyda çärelere gatnaşdyrylmaly edilýär?’ diýip, ene-atalaryň tas ählisi diýen ýaly aýdýar” diýip, Bugaýew ene-atalara salgylanyp aýtdy.
Ol türkmen mediasynda “Aziýa oýunlary halkara sport hereketini has-da ösdürmäge, dünýä giňişliginde milli sportuň abraýyny artdyrmaga goşant goşar” diýilse-de, bu çäräniň sporty ösdürmek däl-de, döwlet syýasatyny mahabatlandyrmak üçin amal edilýändigini aýdýar.
“Eger-de ýurta sportuň şeýle söýgüli zada öwrülmegi üçin şertler döredilýän bolsa, onda sanaw düzüp, adamlary ýokardan berlen görkezme esasynda çärelere gatnaşdyrylmaly edilibem ýörülmezdi. Ýöne bizde, meselem, bir aý ‘Sagdynlyk aýy’ diýilýär. Olam syýasy çärä meňzeş bolup geçýär. Ýurtda sportuň köpçülikleýin häsiýete eýe bolmagyna şert ýok. Iň esasy zadam, salynýan sport desgalarynyň gapysy hem ýokardan görkezme berilýänçä, ýapyk durýar. Bu milletiň sagdynlygynyň kemala gelmegine hem oňaýsyz täsir ýetirýär” diýip, Bugaýew aýdýar.
Türkmenistan ýurtda soňky 25 ýylyň dowamynda geçiriljek iň uly sport çäresine görülýän taýýarlyklara ençeme ýyl öňünden başlapdy. Bu taýýarlyklaryň çäginde, paýtagt Aşgabatda 157 gektar territoriýany tutýan ýörite olimpiýa şäherçesi we dünýäniň iň gymmat halkara aeroportlarynyň biri guruldy. Olaryň gurluşyklary üçin 7 milliard amerikan dollaryndan gowrak maliýe serişdesi harçlandy.