Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmenistanda raýatlaryň daşary ýurda çykmagy ‘kynlaşýar’


Illýustrasiýa
Illýustrasiýa

Türkmenistan bilen Fransiýa migrasiýa ulgamy babatynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşan mahaly, ýurtda raýatlaryň daşary ýurda çykmagynyň çäklendirilýändigi barada habar berilýär.

16-njy maýda Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynda geçirilen bu duşuşygyň çäginde, “türkmen-fransuz hyzmatdaşlygyny ösdürmäge we iki ýurduň arasynda migrasiýa ulgamy boýunça has ýakyn gatnaşyklary dikeltmäge uly ähmiýet berilýändigi” bellenildi.

Şeýle-de, Döwlet migrasiýa gullugynyň habarynda, Türkmenistanyň sebitde ilkinji bolup, her bir raýatyna halkara Konwensiýalarynyň talaplaryna laýyk gelýän biometriki maglumatly pasportlaryň resmileşdirip başlanandygy ýatladylyp, munuň netijesinde raýatlaryň ýurduň çäginde we onuň daşynda döwletiň goragynda we penakärliginde bolmagyny kepillendirýändigi nygtalýar.

Türkmenistan bilen Fransiýanyň arasynda geçirilen gepleşiklerde, gürrüňi edilen meseleleriň jikme-jikleri aýdyňlaşdyrylmaýar. Şeýle-de, iki ýurduň arasynda migrasiýa boýunça başga nähili umumy meseleleriň bardygy barada hem maglumat berilmeýär. Emma Türkmenistan adam hukuklaryny gorap çykyş edýän halkara guramalarynyň ençemesi tarapyndan öz raýatlarynyň hereket, syýahat etmek azatlyklaryny çäklendirmekde ýygy-ýygydan tankyt edilýär.

Hatda türkmen häkimiýetleriniň bu çäklendirmeleri has-da güýçlendirjekdigini, olaryň şu ýylyň sentýabr aýynda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlary tamamlanýança öz raýatlarynyň daşary ýurtlara sapar etmegini has-da kynlaşdyrmagy meýilleşdirýändigini, Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmeleri habar berýärler.

“Post sowet [ýurtlary] işsiz raýatlara işlemeýänligi barada sprawkany başardygyndan bermeýärler. Iş ýok. Daşary ýurtlarda işlemäge gitjekleri-de olimpiýada geçýänçä goýbermejek bolýarlar. Sebäbi biz oba oglanlary bolup apreliň başynda zagran pasporty Dubaýa gitmek üçin tabşyrdyk. Oglanlar basym bolar diýýärdiler, ýöne netije ýok. Indi oglanlaryň arasynda ‘aý, şol Dubaý meselesi Aziýadadan soňa galaýmasa’ diýýärler. Ýene dört aý işsiz garaşmak kyn-a” diýip, Azatlygyň söhbetdeşi aýdýar.

Azatlyk Radiosy bu mesele boýunça Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň Aşgabatdaky edarasy bilen habarlaşanda, olara bu maglumaty tassyklatmak ýa-da inkär etdirmek başartmady.

Ýerli synçylaryň we ýaşaýjylaryň käbirleri bu çäklendirme durmuşa geçirilse, onda munuň türkmenistanlylaryň daşary ýurda sapar etmegi üçin, ýeke-täk ýoluň Aşgabatdaky halkara aeroporty bolmagy bilen baglanyşykly bolup biljekdigini aýdýarlar.

Mälim bolşy ýaly, türkmen häkimiýetleriniň Aziýa oýunlary başlanýança paýtagtda ýazga durmadyk welaýatlylary hem-de içerki migrantlary öz ýaşaýan ýerine ugratmaga synanyşýandygy we bu ugurda ýörite çäre alyp barýandygy barada maglumatlar bar.

Olaryň arasynda paýtagtda sähel sölpi, ýagny tagaşyksyz görünýän raýatlary saklap, Aşgabatda ýazga durmadyk adamlara jerime töledip, ýaşaýan sebitlerine ugratmak we welaýat belgili ulaglary paýtagta goýbermezlik ýaly çäreler bar.

Garaşsyz aklawçylaryň ençemesi Türkmenistanyň Konstitusiýasynda raýatlaryň işlemek, ýaşamak, erkin hereket etmek hukuklaryna kepil geçilýändigini aýdyp, alnyp barylýan bu çäreleriň ýurduň Baş Kanunyna çapraz gelýändigini belleýärler.

XS
SM
MD
LG