Türkmenistanyň prezidenti 4-nji maýda, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde baş prokuror Amanmyrat Hallyýewi, garamagyndaky işgärleriň korrupsiýa ýüz urandygyny aýdyp, wezipesinden boşatdy.
Baş prokuror wezipeden boşadylanyndan soň, prezident Balkan welaýatynyň prokurory Ezizmuhammet Garamanowy hem wezipesinden boşatdy, ol wezipe-borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmezlikde aýyplandy.
Şeýle-de prezident Berdimuhamedow prokuroryň wezipesi bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş etmekde aýyplanan 9 prokurory wezipeden boşatmak baradaky karara gol çekdi.
Şeýle-de prezident wezipeden boşadylan prokurorlaryň işleriniň derňelmegi tabşyrdy.
Azatlyk radiosy Türkmenistanyň hukuk we kanun goraýjy edaralaryndaky korrupsiýa bilen gyzyklanyp, Praga gelen ýerli habarçysy, žurnalist Soltan Açylowa bilen söhbetdeş boldy.