Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreş alyp barjakdygyny gaýtalap, ýurduň baş prokurory Amanmyrat Hallyýewi hem-de ona golaý prokurory wezipesinden boşatdy, içeri işler ministrine käýinç berdi.
Türkmen mediasynyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň penşenbe güni geçirilen mejlisi barada beren habarynda aýdylmagyna görä, prezident“içeri işler edaralarynyň wezipeli işgärleriniň arasynda... para alyp, kanun bozulmalara ýol beren işgärleriň ýüze çykarylandygyny” aýdyp, Türkmenistanyň içeri işler ministri Isgender Mulikowa berk käýinç yglan etdi.
Şeýle-de prezident baş prokuror Amnmyrat Hallyýewi wezipesinden boşatmaga razylyk almak üçin parlamente ýüzlenmäge mejburdygyny aýtdy we türkmen mejlisiniň bu möhüm eýýäm bitirendigi, ýagny Hallyýewiň wezipeden boşadylmagyna razylyk berendigi habar berilýär.
Prezident Berdimuhamedowyň hukuk goraýjy edaralardaky korrupsiýa hadysalaryna garşy göreşi Azatlyk radiosynyň türkmen hökümetindäki ynamdar çeşmesiniň hukuk goraýjylaryň edaralaryň wezipeli işgärleriniň ondan gowragynyň tussag astyna alnandygy, olaryň käbiriniň öýi dökülende 15 million dollar möçberinde nagt puluň we beýleki gymmatbaha zatlaryň tapylandygy barada beren maglumatynyň yz ýanyna gabat geldi.
Emma muňa garamazdan, howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde Azatlygyňçeşmesiniň beren “pullymaglumatlary” barada anyk zat aýdylmady. Muňa derek, türkmen lideri “şeýle ýaramaz hereketleriň öňüni aljakdygy, döwlet işgärleriniň, ilkinji nobatda hem hukuk goraýjy edaralaryň işgärleriniň öz wezipe borçlaryny ak ýürekden we halal ýerine ýetirmeklerini talap etjekdigi” barada ozal hem ençeme gezek aýdan sözlerini gaýtalady.
Ikinji tarapdan, prezidentiň bu gezek adatça “işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin” diýen aňlatmany aýdyňlaşdyryp,prokuraturanyň we içeri işler edaralarynyň işgärleriniň bir toparyny “korrupsiýa we parahorluga baş goşandyklary üçin eýeleýän wezipelerinden boşadýandygyny” açyk aýdandygyny bellemek gerek. Aýdylmagyna görä, prezident Ýokary kazyýetiň başlygyna “olaryň işlerine düýpli seretmegi tabşyrypdyr” we geljekde bu derňewiň netijeleriniň aýan edilmegi-de mümkin.
Resmi habardan görnüşine görä, ozalky baş prokuroryň günäsi “garamagyndaky para alýan korrumpirlenen işgärlere çäre görüp bilmezlik” bolup durýar. Şol bir wagtda, baş prokuroryň wezipesi wagtlaýynça ozal Hallyýewiň orunbasary bolup işlän, ýagny gulluk borjy boýunça garamagyndakyişgärlere Hallyýew bilen tas deň derejede jogapkär bolan ikinji emeldara - Baýramnazar Gulowa ynanyldy. Netijede, ozalky kadr çalyşmalarynda bolşy ýaly, täze bellenen baş prokuror hem özüne ynanylan wezipäniň abraý bilen hötdesinden gelmek ugrunda ählitagallany etmegi wada berdi.
Hallyýew bilen bir günde Balkan welaýatynyň prokurory E.Garamanow hem wezipesinden boşadyldy. Elbetde, olam öz “gulluk borçlaryny talaba laýyk ýerine ýetirmändir”. Onuň ýerine Tagtabazar etrabynyň prokurory bolup işlän O.Rozyýew bellenildi.
Şeýle-de, “prokuroryň ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmek bilen bir ýere sygyşmaýan etmiş edendikleri sebäpli” ýurduň etraplarynda we şäherlerinde prokuratura edaralarynyň ýolbaşçy işgärleriniň birnäçesiniň eýeleýän wezipelerinden boşadylandygy” aýdylýar, emma näme üçindir anyk näçe prokuroryň parahorlukda aýyplanýandygy aýdyňlaşdyrylmaýar.
Şonuň bilen bir wagtda, Ýokary kazyýetiň başlygy B.Çaryýew şu ýylyň dört aýyndakazyýet ulgamynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksady bilen görlen çäreler barada” hasabat beripdir, emmabu çäreleriň jikme-jikligi aýdylmaýar.
Ýöne prezident bu hasabaty diňläp, korrupsiýa we parahorluga garşy berk göreşiljekdigini we “eýeleýän wezipelerine garamazdan, bu nogsanlyklara baş goşanlaryň ählisine berk çäre görjekdigini” nygtady.
Azatlyk radiosynyň hökümet içindäki ynamdar çeşmesiniň pikirine görä,korrupsiýa we parahorluga garşy görülýän häzirki çäreler Aşgabatda sentýabr aýynda geçiriljek Aziada üçin goşmaça serişdeleriň gözlenilýän wagtyna gabat geldi.