Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň paýtagty Balkanabat şäherinde, döwlet býujetinden aýlyk alýan işgärlerden öz öýlerinde suw ölçeýji gurallary oturtmak we onuň oturdylandygy baradaky güwänamany tabşyrmak talap edilýär.
“Türkmennebit” we “Türkmengaz” döwlet konserniniň käbir işgärleriniň Azatlyk Radiosynyň ýurt içindäki çeşmelerine aýtmagyna görä, indi üç gün bäri şäheriň döwlete degişli edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylarynyň tas ählisi diýen ýaly işgärler bilen ýygnaklary geçirip, olara öz öýlerinde suw ölçeýji gurallary gyssagly oturtmalydyklaryny duýdurýarlar.
Bu talap Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurduň nebit-gaz senagaty boýunça wise-premýerine önümçilige hem-de sosial pudaga häzirki zaman energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak bilen meşgullanmagy tabşyrmagyndan bäş gün soňa gabat geldi.
Aýdylmagyna görä, häzirki wagt ýurduň günbatar welaýatynyň öňki Nebitdag, häzirki Balkanabat şäherindäki döwlete degişli edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary suw ölçeýjileri oturtmak işlerini çaltlaşdyrmak üçin, gerek bolan ýagdaýynda, işgärleriň işden iki-üç sagat ir çykmaklaryna hem rugsat beriljekdigini aýdýarlar.
“Biz bahasy ortaça 105-110 manada barabar bolan şýotçikleri, ýagny suw ölçeýji gurallary satyn alýarys. Soňra-da öý dolandyryş edarasyndan, öz ýaşaýan jaýymyz hakyndaky güwänamany almaly. Şol güwänamany we suw ölçeýji guraly alyp, oňa şäheriň döwlet standartlary edarasynda plomba, ýagny gurşun möhür goýdurmaly. Mundanam başga, suw ölçeýji guralyň abatdygy hakynda şol edaradan kepilnama almaly. Güwänamany, kepilnamany we suw ölçeýjini alyp, şäheriň suw üpjünçiligi edarasyna barmaly we şol ýerde suw ölçeýjini hasaba aldyrmaly. Şondan soň 30 manat pul töläp, ýaşaýan jaýyňda suw ölçeýjini goýdurmaly” diýip, howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli adynyň efirde agzalmazlygyny soran “Türkmennebit” döwlet konserniniň bir işgäri aýdýar.
Onuň sözlerine görä, bu talap munuň bilen hem tamamlanmaýar. Işgärler öýlerinde suw ölçeýji gurallary oturdansoň, öz mobil telefonlary bilen ony surata düşürip, şol suraty we ýokarda agzalan güwänamalary, kepilnamalary alyp, edara ýolbaşçylaryna görkezmeli.
“Ine, şondan soň işgäri suw ölçeýji gurallary oturtmak barada her gün geçirilýän ýygnaklara çagyrmasyny goýýarlar. Ýöne suw ölçeýji gurallary oturtmak bilen suw öz-özünden gelenok. Balkanabat şäheri diňe günbatar Türkmenistanda däl, tutuş ýurt boýunça suw üpjünçiligi babatynda juda köp kösençlige, problemalara duçar bolýan şäher. Suw ölçeýjileri ýerleşdirmek üçin sarp edilýän wagty, ilatyň suw üpjünçiligini doly ýola goýmaga sar etseler has gowy bolardy” diýip, işgär aýdýar.
Ýatladyp geçsek, 28-nji aprelde geçirilen hökümet maslahatynda G. Berdimuhamedow wise-premýer Maksat Babaýewe önümçilige hem-de sosial pudaga häzirki zaman energiýa tygşytlaýyş tehnologiýalaryny ornaşdyrmak, şeýle-de “mawy ýangyjyň” ulanylyşyny hasaba almak sistemasy bilen meşgullanmagy tabşyrdy.
Türkmenistanyň prezidenti öz çykyşlarynda, ýurtda ilata gazyň, suwuň we elektrik togunyň mugt berilýändigini wagtal-wagtal buýsanç bilen belläp geçýär.
Emma Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolýan ýerli synçylaryň we türkmenistanlylaryň ençemesi ilatyň mugt diýilýän hyzmatlardan ýeterlik derejede peýdalanyp bilmeýändigini, ýagny oba ýerleriniň köpüsine suw, gaz turbalarynyň çekilmändigini, derýalardan we kanallardan maşynly getirilýän suwuň bolsa adamlara asla arzan düşmeýändigini aýdýarlar.
Türkmenistanyň prezidentiniň 2015-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda gol çekip, şol ýylyň 1-nji fewralyndan güýje giren 1481-nji kararyna laýyklykda, jaýda ýazga duran her bir adama bir gije-gündizde 250 litr suw mugtuna berilýär, ondan artyk ulanylan suw üçin töleg talap edilýär.
Şeýle-de, jaýda ýazga duran her bir adama her aýda 35 kilowat elektrik energiýasy mugt berilýär. Jaýa ýazga duran adamlaryň sany ikiden geçmeýän bolsa, onda olaryň her biri üçin her aýda 45 kilowat elektrik togy mugt berlip, ondan artyk ulanylan tok üçin töleg talap edilýär.
Mundanam başga, soňky ýyllarda Türkmenistanda hökümet tarapyndan gurnalýan syýasy çärelerde ilata mugt ýa ýeňillikli bahadan berilýändigi aýdylýan gazyň, suwuň, elektrik togunyň pully bolmalydygy hem teklip edilýär.
Geçen ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistanyň Ýaşulular maslahatyna gatnaşyjylar ýurtda tebigy gazyň, elektrik energiýasynyň we suwuň mundan beýläk tölegli, ýagny pully bolmagyny teklip etdiler.
Ýeňillikleri ýatyrmagy teklip edenler öz talaplaryny ilatyň durmuş-ýaşaýyş derejesiniň mazaly ýokarlanandygy, ikinji tarapdan, mugtçulyk syýasatynyň bazar ykdysadyýetine geçmäge päsgelçilik döredýändigi bilen düşündiripdiler.