Owganystanda gyz çagalaryň hem mekdeplerde bilim almagyna aýratyn üns berlip başlandy. Owgan türkmenleriniň arasynda-da gyz çagalar bilim alar ýaly ýörite mekdepler açyldy.
Şeripe Demirgazyk Owganystanyň Jöwüzjan welaýatynyň Mürdiýan atly etrabynyň Jeňňelaryk obasynda ýaşaýar. Ol bu obada gyzlar üçin gurlan mekdebiň 9-njy klasynda okaýar hem-de başlangyç synpdaky gyz okuwçylara bilim berýär.
Mekdepde okuwçylara günde iki tapgyr bilim berilýär. Ertirki salkynda ýaş gyz çagalar bilim alýar, günortadan soňra ýaşy uly gyz okuwçylara bilim berilýär.
– Salam! Meniň adym Şeripe. Jeňňelarykdaky mekdepde mugallymçylyk işleýän. Iki wagtly mekdebimiz bar, ertir şägirtleri okadýan, peýşin özüm bilim alýan – diýip, Şeripe aýdýar.
Türkmenleriň arasynda öň gyz çagalar mekdebe az iberilýärdi. Indi diňe bir obadan 700 töweregi gyz okuwçynyň mekdebe gatnaýandygyny Şeripe aýdýar.
– Gyz mekdepde 700-den köpdür. Hemmejigi türkmen – Jeňňelarykdan. Dört sany gyz bar – olar peştu. Türkmenler gyzlary kiçi wagtlarynda iberýärler, soň ulalyp, 9-nja baranlaryndan soň ibermäni goýýarlar. Gyzlaryny kem-kem alyp galyp otyrlar. Türkmen-dä, näme, alyp galýarlar. Ýokary klasdan ýeke men galdym.
Şoňa garamazdan, gyzlaryňam mekdepde bilim almagynyň möhümdigi barada halka düşündiriş berilýändigini Şeripe belledi. Wagyz çäreleriniň mugallymlar tarapyndan geçirilýändigini Şeripe sözüne goşdy.
– Hersi gyzyny mekdebe getirende, onuň enesine-atasyna aýdylýar; “Gyzlaryňyzy mekdepden alyp galmaň” diýip düşündirýäs. Aşakky synpa degişli şägirtleriň ählisi doly, ýokara bardygyça, gyzlar ulaldygyça azalyp-azalyp gidýär.
Owgan türkmenleriniň arasynda türkmen aýal-gyzlaryndan ýokary bilim alanlar örän az. Şeripäniň aýtmagyna görä 700 töweregi türkmen gyz çagalarynyň bilim alýan mekdebinde alty aýal mugallym bar.
– Alty aýal mugallym. Ol aýallaryňam hemmesi türkmen däl, bir men türkmen. Beýlekileri parslar. Akjadan gelýärler, öz Jeňňelarygymyzdan iki mugallyma bar, olaram pars. Türkmenleriň köpüsi sowatsyz bolansoň, olar ylym-bilimiň gadyr-gymmatyny kän bilmeýärler. Olar okuwsyz. “Okuwsyzam bolsak, bizem ynsan bolup gezip ýörüs. Biziňem hiç ýerimizde kem ýok” diýýärler. Okuwdan alyp galýarlar gyzlaryny. Türkmenistan arzuwymyza ýetirer diýip umydymyz bar. Ol ata Watanymyz-da. Biz hemişe ýatlaýas ony. Türkmenistana gitsek diýip arzuwymyz bar. Ylym-bilimi şo ýerde alsak diýip umydymyz bar.