Soňky bir hepdäniň dowamynda, Parahat-7 kiçi etrapçasynyň çäginde eýesiz gezip ýören itleriň häkimiýetler tarapyndan zäherlenip öldürilýändigi barada habarlar ýaýraýar.
Jaýlary ýumrulyp, şäheriň dürli künjeklerinden bu ýere göçüp gelýän ýaşaýjylar ozaldan öz howlularynda saklaýan itlerini beýik jaýlardan berilýän kwartiralaryna alyp gaýdýarlar. Emma berlen jaýlaryň özlerine hem darlyk ediýänligi sebäpli, itler eýesiz, daşarda galmaly bolýarlar.
“Şeýle eýesiz itleriň şäher häkimiýetleri tarapyndan öldürilip, ýok edilýändigi barada maglumatlar bar. Indi bolsa öz etrapçamyzda hem olaryň kastyna çykylýandygyny görse bolýar” diýip, Parahat-7 kiçi etrapçasynyň ýaşaýjysy Bekdurdy aga aýdýar.
Bekdurdy aganyň sözüne görä, itlere nähilidir bir zäherlenen iýmitiň berilýändigi ähtimal, sebäbi olary köpçülikleýin tutup alyp gidilýändigi göze ilmeýär. Ýöne etrapçanyň çäginde eýesiz gezip ýören itleriň sanynyň azalýandygy görünýär.
“Iň bir göze ilýän zat bolsa, olaryň mäslyklarynyň onda-munda çaşyp ýatmagy” diýip, Bekdurdy aga şeýle maslyklaryň ýaşaýyş jaý müdirlikleri tarapyndan wagty bilen ýygnalyp aýrylmaýandygyna hem ünsi çekýär.
“Ynha gezip ýören itler birden bir näsazlyk tapyp, jaýlaryň düýplerinde özlerine ykyş ýerleri gözläp başlaýarlar. Halyz eňki gidenden soňra bolsa, çem gelen ýerde süýnüp jan berýärler.
Uly adamlaram, çagalaram maslygyň deňinden geçip durandyr, emma jaň edip habar berseňem ýaşaýyş jaý müdirliginiň ýolbaşçylary maslygy aýyrmaga howlukmaýarlar.
3-4 güni geçirip, bir itiň maslygyny aýyrsalar, etrapçanyň çäginde ýene-de başga bir itiň maslygy peýda bolýar. Itleriň soňky günlerde yzly-yzyna maslyga öwrülip durmagy bolsa sorag baryny döredýär” diýip, Bekdurdy aga aýdýar.
“Entek häkimlikleriň gazabyna duşmadyk itleriň hem etrapçanyň çäginde onda-munda ýatyp-turyp, çagalaryň oklaýan galan-gaçan iýmitleri bilen oňňut edip ýörenleri hem az däl.
Şeýle eýesiz itler bolsa biri-biri bilen urşup, ýaralanyp birnäçe wagtlap ýaraly halda girelgelere sümlüp, indiki ýaralanmakdan goranýanlary hem göze ilýär” diýip, ýaşaýjylar aýdýarlar.
“Olaryň häkimlikler tarapyndan zäherlenip, öldürilip ýok edilmegi gowumy, ýa olaryň horluk çekip, çem gelen ýerde ýatyp-turup ýörenleri gowumy, muňa hem jogap tapmak gaty kyn mesele” diýip, her niçik bolanda-da adamlar bilen deň hatarda itlerem-pişiklerem jaý ýykylyşygynyň pidasy bolýandygyny ilat köpçüliginden eşitse bolýar.