Ýurduň Baş drama teatrynda Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda prezident G.Berdimuhamedowyň «Döwlet guşy» romany esasynda döredilen adybir oýnuň ilkinji görkezilişi boldy.
Prezident Berdimuhamedowyň öz kakasy, çagalygy gazaply uruş ýyllaryna gabat gelen Mälikguly Berdimuhamedow baradaky romany laýyk bir ozal, Daşoguzda geçen Ýaşulular maslahaty mahalynda jemgyýetçilige hödürlenipdi.
TDH şondan bäri geçen döwürde onuň diňe ýurt içindäki okyjylar tarapyndan däl, eýsem daşary ýurtlarda hem gowy garşylanandygyny ýazýar.
Aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň artistleri bu sahna eserini ýurt garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlap döredipdirler.
Emma Türkmen döwlet habarlar gullugynyň bu oýun barada çap eden giňişleýin makalasynda ne ony sahna çykaran režissýoryň, ne oňa saz ýazan kompozitoryň, ne sahna bezegini ýerine ýetiren hudožnigiň, ne-de rollarda oýnan artistleriň atlary agzalýar.
Eýsem prezidentiň öz kakasyna bagyşlap döreden eserini sahna çykarmaga zähmet siňdiren döredijilik wekilleriniň atlary näme üçin aýdylmaýar?
Azatlyk radiosy bu barada aşgabatly ýazyjy, dramaturg Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.