Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen sürüjilerine parom hyzmatlary dollarda tölemeli edildi


1-nji fewraldan başlap girizilen täze düzgüne görä, Türkmenistanda Hazar deňzinden gämä ýüklenjek awtoulaglaryň tölegleri amerikan dollarynda amala aşyrylýar. Bu täze düzgüniň ýük çekýän türkmen sürüjilerine agyr täsir ýetirýändigi aýdylýar.

Bu ýagdaý bilen baglanşykly gämi gatnawy tarapyndan resmi ýagdaýda asylan bir bildirişde şeýle duýduryş berilýär: "Bagtyýar" we "Berkarar" gämisine ýüklenjek awtoulaglaryň dykgatyna! Awtoulaglaryň tölegleri parom menzilinde ABŞ dollarynda amala aşyrylýar!!! (01.02.17 ý) seneden”.

Türkmenistandan Hazar deňziniň üsti bilen ýük çekýän türkmen sürüjileri bu düzgüniň Türkmenistandaky dollar gadagançylygy sebäpli özlerine gaty uly kynçylyk döredýändigini aýdýarlar. Ýatlap geçsek, Türkmenistanda dollaryň resmi satuwy geçen ýyl doly ýatyryldy we “gara bazarda” dollaryň bahasy hem döwlet nyrhyndan iki esse gymmatlady.

Täze ýola goýlan düzgün barasynda Azatlyk Radiosyna maglumat beren, adynyň agzalmagyny islemeýän bir türkmen sürüji şeýle diýýär:

"Biz şu wagt Azerbaýjandan Gürjüstana we şeýle-de ondan soň Türkiýä ýük çekýäris. Biz türkmen gämisine tölegi manat görnüşinde berýärdik. Indi bolsa tölegi bizden amerikan dollary görnüşinde talap edýärler. Olaryň eden-etdiliklerinden bizar boldyk. Indi biz dollar tölemeli bolarys” diýdi.

Ol sözüni dowam etdirip şeýle diýdi: “Ýurtda dollar erkin satylmaýar ahyryn. Biz nämäniň hasabyna şeýle düzgün girizýärler, muňa düşünmeýäris. Mundan owal ýüke gatnaýan sürüjiler üçin Eýran ýoluny ýapdylar. Indi hem bu ýolda kynçylyk döredýärler".

Azatlyk Radiosy bilen gürrüňdeş bolan başga bir türkmen sürüji täze düzgüniň wagtlaýynçamy ýa-da hemişelik boljakdygy we şeýle-de tölegiň näme üçin dollar bilen edilmelidigi barasynda telefon üsti bilen parom edarasyndan maglumat almaga synanyşandygyny aýtdy. Ýöne oňa munyň bilen baglanyşykly hiç hili düşündiriş berilmändir. Oňa telefonda bir işgäriň; "Bize berlen buýruk şeýle. Dollar tölemeli diýilse dollar tölemeli bolarsyňyz-da. Manat bolanok. Näçe wagtlyk boljagynam bilemizok" diýip, jogap berendigini aýdýar.

Gämi hyzmatyny edýän edara bilen ilteşigi bolan bir ýerli türkmen raýat Azatlyk Radiosyna beren gürrüňinde, täze düzgüniň ýük gatnawyny çäklendirmegi netijesinde paromyň girdejisiniň azalmagyna hem sebäp bolup biljekdigini nygtaýar.

Galyberse-de, bu girizilen täze düzgün, onuň maksatlary barada resmi metbugatda ilat köpçüligine hiç hili maglumat berilmeýär.

XS
SM
MD
LG