Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Daşoguzlylar elektrigiň zol-zol kesilmeginden ejir çekýärler


Daşoguz welaýatynda kerpiçden salnan we gaza çatylyp işledilýän peçlere köp duş gelse bolýar.
Daşoguz welaýatynda kerpiçden salnan we gaza çatylyp işledilýän peçlere köp duş gelse bolýar.

Şu günler aýazly howa şertlerinde Daşoguz welaýatynyň tas ähli etraplarynda diýen ýaly elektrik togy yzygiderli kesilýär.

Azatlyk Radiosyna bu welaýatdaky çeşmeleriniň habar bermegine görä, Saparmyrat Nyýazow etrabynda, Köneürgenç etrabynyň Täzeýap geňeşliginde, Pagtaçy geňeşliginde we Maslahat daýhan birleşiginde hem-de Saparmyrat Türkmenbaşy etrabynda sähel güýçli şemal ýa-da ýagyn ýagsa, dessine tok kesilýär.

“Ýagyş, gar ýagsa, şem ýa-da kerosin çyrany taýýarlabermeli. Sebäbi sähel ýel tursa, ýa-da ýagyş, gar ýagsa, onuň yz ýany tok öçýär. Adamlar kä wagtda azyndan dört sagat toksuz otursa, käte günüň dowamynda tok gelmeýär” diýip, Azatlyk Radiosynyň Daşoguzdaky çeşmesi gürrüň berdi.

Türkmenistanyň iň demirgazygynda ýerleşýän Daşoguz welaýatynda howanyň temperaturasy gündizlerine -5, gijelerine -12 gradusa çenli ýetýän şu günlerde ýaşaýjylar elektrik togunyň kesilmegi netijesinde dürli kynçylyklary başdan geçirýärler.

Ýaşaýyş jaýlarynda ýyladyş sistemasynyň ýoklugy ýa-da olaryň talabalaýyk derejede işlemeýändigi sebäpli, gyşyň güni adamlar tok peçleri oturtmaly bolýarlar. Emma tok kesilse, adamlar onam işledip bilmeýärler diýip, Köneürgenç etrabynyň ýaşaýjysy Durdymyrat (Howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli ady üýtgedildi) aýdýar.

Ýagan garlar henizem eremedi

“Gaz pesligi üçin elektrik peçlerini ýakýarys. Ýöne togam günde diýen ýaly kesilýär. Tok öçse, öýüň içem buz ýaly bolýar. Içerini, çagalarymyzy, özümizi nädip ýylatjagymyzy bilmeýäris. Daşarda ýagan garlar henizem eremedi. Obada ýaşaýan garyndaşlarymyzyň käbirleri öýlerinde peç ýakyp gün görýärler. Ýöne bizde öýde odun ýakar ýaly mümkinçiligem ýok. Onsoň howanyň aýazly günlerinde näme etjegimizi bilmeýäris” diýip, iki çaganyň kakasy 38 ýaşly Durdymyrat sözüniň üstüne goşdy.

Elektrigiň günde-günaşa kesilmeginden diňe ýaşaýjylar däl, eýse mekdepleriň, edaralaryň we önümçilik kärhanalarynyň hem ençemesi ejir çekýär. Okuwçylar sowuk klaslarda sapak okamaly bolýar, işi wagtlaýyn duran önümçilik kärhanalary uly zyýan çekýär diýip, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Daşoguz welaýatynda elektrik togunyň yzygiderli kesilmeginiň sebäpleri ýa-da bu meseläni çözmek ugrunda alnyp barylýan işler we tagallalar barada türkmen resmileri tarapyndan ilat köpçüligine düşündiriş ýa-da maglumat berilmeýär.

Emma ýerli ýaşaýjylar bu kynçylygyň sebäplerini welaýatyň obadyr etraplaryndaky transformatorlaryň hatardan çykanlygy, olaryň geçen asyryň 70-nji ýyllaryna degişlidigi bilen düşündirýärler.

“Adamlar transformatoryň gapdalyndan geçmäge gorkýarlar”

“Resmiler ähli zat gül ýaly diýip, ýokardakylara kagyz ýüzünde ýalan sanlary görkezýärler. Hakykatda bolsa, şäherlerdäki, etrapdyr obalardaky transformatorlar gaty köne, olar 1970-nji ýyllarda zawoddan çykypdyr. Obalardaky transformatorlary göreniňde, onuň işleýänine adam ynanmaýar. Şol derejede köne. Adamlar üstüme ýykylaýmasyn diýip, onuň gapdalyndan geçmäge gorkýarlar” diýip, Durdymyrat aýdýar.

Türkmenistanyň regionlarynda, şol sanda Aşgabatda elektrik togunyň ýygy-ýygydan kesilýändigi we umuman güýjüniň pesdigi sebäpli jaýlary ýylatmakda kynçylyk çekýändikleri barada, Azatlyk Radiosyna ýygy-ýygydan maglumatlar gelip gowuşýar.

Emma şol bir wagtda, ýurtda geçirilýän hökümet maslahatlarynda regional ýolbaşçylar “ýyladyş sistemalarynyň sazlaşykly işledilýändigi” barada hasabat berýärler.

Şeýle-de, geçen aýyň 21-ne prezident Gurbanguly Berdimuhamedow ýurtda ýaşaýyş jaýlaryň, mekdepleriň we çagalar baglarynyň ýyladyş sistemasynyň kadaly işlemegini, olaryň elektrik togy we gaz bilen üpjün edilmegini tabşyrypdy.

XS
SM
MD
LG