Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belarus ‘Garlygyň’ gurluşygyny üç aýda tamamlamagy wada berýär


Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan “Garlyk” kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy.
Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan “Garlyk” kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumy.

Belarus tarapy Türkmenistandaky “Garlyk” dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty 2017-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ulanyşa bermegi planlaşdyrýar diýip, Belarusyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

28-nji dekabrda ministrligiň websaýtynda çap edilen maglumata görä, bu barada Belarusyň Aşgabatdaky ilçisi Oleg Tabanýuhowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow bilen geçiren duşuşygynyň dowamynda maslahat edildi.

“Duşuşygyň dowamynda Belarusyň ilçisi Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty 2017-nji ýylyň 31-nji martyna çenli ulanyşa bermek üçin, belarus tarapynyň ähli çäreleri görýändigini belledi” diýlip, ministrligiň beýanatynda aýdylýar.

Ýeri gelende bellesek, bu waka türkmen hökümetiniň “Garlyk” dag-magdan baýlaşdyryjy kombinaty gurýan “Belgorhimprom” kompaniýasynyň işine nägilelik bildirmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Türkmen tarapynyň nägileligi

Türkmen mediasynyň 23-nji dekabrda beren maglumatyna görä, prezident G. Berdimuhamedowyň geçiren hökümet maslahatynda, Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Batyr Ereşow Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynda gurulýan “Garlyk” kaliý dökünlerini öndürýän dag-magdan toplumyna 16-18-nji dekabr aralygynda eden iş sapary barada hasabat berdi.

Türkmen telewideniýesiniň anna güni beren maglumatynda Ereşowyň Lebaba eden saparynyň dowamynda, desganyň gurluşyk meýdançalarynda işleriň meýilnamada bellenilen möhletinden yza galmagynyň sebäpleriniň jikme-jik öwrenilendigi hem-de seljerilendigi habar berildi.

“Hususan-da, potratçy kärhanalarynyň zerur gurluşyk serişdeleri bilen ýeterlik üpjün edilmeýändigi, desgalaryň anyk taslama maglumatlaryny almak boýunça kynçylyklaryň bardygy anyklanyldy hem-de bu barada baş potratça nägilelik bildirildi. Hormatly prezidentimiz hasabaty diňläp, Türkmenistan üçin täze ägirt uly taslama bolan kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça dag-magdan baýlaşdyryjy toplumyň gurluşyk işleriniň bellenilen möhletlerde tamamlanmagynyň möhümdigini belledi” diýip, türkmen mediasynyň maglumatynda aýdyldy.

Ýatladyp geçsek, bu toplumyň gurluşygy “Türkmenhimiýa” döwlet konserni bilen Belarus respublikasynyň “Belgorhimprom” paýdarlar jemgyýetiniň arasynda 2010-njy ýylda baglaşylan ylalaşyga laýyklykda alnyp barylýar.

Dawaly ýagdaýlar

Soňky ýyllaryň dowamynda Garlykdaky dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynyň gurluşygynyň wagt möhletine we hasaplaşygyna degişli dawaly ýagdaýlaryň birnäçesi ýüze çykdy.

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň 30-njy sentýabrda ýaýradan beýannamasynda, türkmen tarapynyň Belarusyň premýer-ministriniň orunbasary Anatoliý Kalininiň ýolbaşçylygyndaky delegasiýanyň öňünde kombinatyň türkmen işçilerine tölenmeli aýlyklaryň gijikdirilmegi we beýleki problemalar barada anyk faktlary keserdip goýandygy habar berildi.

Şol bir wagtda, 27-nji noýabrda YouTube saýtynda peýda bolan wideo ýazgyda, Garlykda gurulýan dag-magdan baýlaşdyryş kombinatynda önümçilik desgalarynda ýangynyň bolandygy görkezildi.

Azatlyk Radiosyna Türkmenistandaky çeşmelerden mälim bolşuna görä, ýangyn kombinatyň uly bolmadyk bunker bölüminde döräpdir, ýangyn söndürilip, onuň netijeleri aradan aýrylypdyr we işgärler iş ýerlerine goýberilipdir.

Türkmenistan Garlykdaky kombinatda ýylda 1,4 million tonna kaliý dökünlerini öndürmegi planlaşdyrýar. Bu önümçilik üçin 7 million tonna dag magdan çig malynyň talap edilýändigi aýdylýar. Türkmenistanyň we Belarusyň arasyndaky şertnama görä, umumy bahasy 1 milliard dollarlyk kombinat 2015-njy ýylda gurlup gutarylmalydy.

XS
SM
MD
LG