Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow çarşenbe güni Aşgabatda Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Takehiko Nakao bilen duşuşyp, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdy.
TDH-nyň maglumatyna görä, Nakao duşuşyk mahalynda bankyň energiýa howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilen proektleri maliýeleşdirmek işine mundan beýläk hem goldaw bermäge taýýardygyny aýdypdyr. Ýöne bu goldawyň möçberi barada anyk zat aýdylmaýar.
Muňa derek, Türkmenistanyň döwlet baştutany Aziýa Ösüş bankynyň Türkmenistan-Owganystan-Pakistan-Hindistan transmilli gaz geçirijisi proýektiniň transaksiýa geňeşçisi hökmünde çykyş etmegini kanagatlanma bilen belledi diýip, habarda aýdylýar.
Ýöne TDH-nyň maglumatyna görä, prezident Berdimuhamedow çarşenbe güni TOPH proýektiniň Türkmenistanyň çäklerindäki böleginiň gurluşygyny maliýeleşdirmek üçin Yslam Ösüş banky bilen ylalaşyk baglaşmak hakyndaky karara gol çekdi.
Şol bir wagtda, Aziýanyň Ösüş bankynyň prezidenti Nakao hem türkmen lideri bilen geçiren gepleşiklerinden hoşal we ol türkmen telewideniýesi bilen söhbetdeşlikde:
«Biz Türkmenistany, Owganystany, Pakistany, Hindistany birleşdirýän gaz geçiriji bolan TOPH proýektini goşmak bilen, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy berkitmäge degişli örän oňat gepleşikleri geçirdik» diýýär.
Ýöne ol TOPH-y maliýeleşdirmek barada anyk zat aýtmaýar.
Şeýle-de myhman duşuşyk mahalynda Türkmenistan-Owganystan-Täjigistan demirýol geçelgesiniň gurluşygy, Türkmenistandan goňşy ýurtlara elektrik energiýasynyň iberilişi barada gürrüň edip, «munuň özi hakykatdanam strategik taslamadyr, ol beýleki ugurlar boýunça hem taslamalary özüne çekip biler» diýipdir. Ýöne Nakao bu diýilýän taslamalar barada hem anyk zat aýtmaýar.
Azatlyk radiosyTürkmenistanyň TOPH geçirijisini gurmak planlary we onuň maliýe meselesi bilen bagly pikirini sorap, «Nature Gas World» neşiriniň redaktory Jon Roberts bilen söhbetdeş boldy.
«Türkmenler TOH geçirijisini gurmagy hakykatdanam çyny bilen isleýär. Olar bu proekti soňky on ýyl bäri örän yhlas bilen öňe itekleýärler. Hususan-da Aziýa ösüş bankynyň utgaşdyryjylyk kömegi bilen. Emma türkmen häkimiýetleri bilen Aziýa ösüş banky bu işe ony amala aşyrmaga ukyply iri daşary ýurt kompaniýasyny çekmegi başarmady» diýip, Roberts aýtdy.
Owganystandaky syýasy-ykdysady ýagdaý
Ekspertiň pikirine görä, häzirki pursatda, Owganystandaky syýasy we howpsuzlyk ýagdaýlary sebäpli, TOPH geçirijisiniň ýakyn geljekde gurulmagynyň öňünde entek örän uly sorag belgisi dur.
Roberts owgan hökümetiniň bu geçirijiniň gurluşygyny we soňra işledilmegini howpsuzlyk güýçlerini ýerleşdirmek bilen üpjün etmek pikirine hem ynamsyz garaýar.
Ekspertiň pikirine görä, gaz geçirijisiniň parahatçylykda gurulmagy we kadaly işledilmegi üçin bu ýurtda pitneçilikde bolan«Talybanyň» hem bu proýektden nähilidir bir paý almagy, ýagny peýda görmegi zerur.
«Owganystan raýat urşy ýagdaýynda galýan mahaly bu hili ylalaşygy göz öňüne getirmek juda kyn» diýip, «Nature Gas World» neşiriniň redaktory Jon Roberts Azatlyk radiosyna aýtdy.
TOPH gaz geçirijisi proýekti geçen ýylyň 13-nji dekabrynda gurlup başlandy we jemi 1814 kilometr aralyga uzamaly. Bu geçirijiniň ýyllyk kuwwatynyň 33 milliard kubmetr gaz boljakdygy we onuň plan boýunça 2019-njy ýylyň dekabrynda ulanmaga berilmelidigi aýdylýar.